Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň birnäçe etrapçasynyň ýaşaýjylary zir-zibil çelekleriniň dolup-daşyp, daş-töwerege ýiti ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyndan şikaýat edýärler.
Olar muňa çelekleriň wagtynda arassalanmazlygy bilen bir hatarda, olaryň eýýäm düýpli täzelenmäge mätäçliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
“Tomus aýlarynda bu ýagdaý betbagtçylyga öwrülýär. Howadan dem alar ýaly däl. Zibil çeleklerinden gelýän ýiti ýakymsyz ys tutuş etrapça diýen ýaly ýaýraýar. Çelekleriň ýanyndan geçer ýaly däl” diýip, şäheriň 3-nji kwartalynyň ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.
Bellesek, howa maglumatlaryny çap edýän “Accuweather” neşirine görä, 5-nji iýulda Türmenabatda howanyň temperaturasy gündizine kölegede 40 gradusa ýetýär.
Habarçymyz zibil çelekleri bilen bagly bökdençliklere şäheriň 374-nji we 3-nji kwartallarynda, hususan-da, 26-njy, 27-nji, 28-nji, 32-nji, 33-nji we 39-njy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän sebitinde duş gelse bolýandygyny aýdýar.
“Zibil çelekleriniň golaýyndaky jaýlaryň ýaşaýjylary has-da ejir çekýärler. Sebäbi bu jaýlaryň ýaşaýjylary penjirelerini açsalar, onuň ysy öýüň içine ýaýraýar” diýip, 3-nji kwartalyň başga bir ýaşaýjysy anonim şertde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, bu ýagdaýlara çelekleriň wagtynda arassalanmazlygy bilen bir hatarda, olaryň eýýäm düýpli täzelenmäge mätäçligi sebäp bolýar.
“Zibil çelekleri tiz-tizden arassalanmaýandygy zerarly, hapalar olaryň töweregine ýaýrap dur. Üstesine-de, köpden bäri poslan we deşilen çelekler hem täzelenmeýändigi sebäpli olardan zibil suwlary akýar. Zibil çelekleriniň töwereginde dürli it-pişik, guş ýaly haýwanlar, mör-möjekler üýşýärler. Bu ýerden dürli ýokanç keseller ýaýrap biler” diýip, ýaşaýjy belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, ýaşaýjylar meseläni çözüp bermegi sorap, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň we Jemagat hojalygy müdirliginiň ýerli edaralaryna ençeme gezek ýüzlendiler.
“Köp sanly arz-şikaýatlara we kömek haýyşlaryna garamazdan, onýyllyklaryň dowamynda saklanyp galýan we tomus aýlarynda ýitileşýän bu mesele çözülmän gelýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda zibil çelekleriniň kadaly arassalanmazlygy wagtal-wagtal ýiti problema öwrülýär. Ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda zibilleriň wagtynda arassalanmaýandygy, şeýle-de çelekleriň ýetmezçilik edýändigi we munuň ýaşaýjylara döredýän oňaýsyzlyklary barada Azatlyk soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady.
Türkmen häkimiýetleriniň geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň arassaçylyk we abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselesi ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýle-de, bularda ilat arasynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda habarlylygyň ösdürilýändigine hem üns çekilýär. Türkmen hökümeti köplenç bu aýdanlaryny ýylda iki gezek geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi bilen delillendirýär.
Ýöne ýurt häkimiýetleri we media serişdeleri zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýyllarboýy dowam edip gelýän ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.
Bu aralykda, Türkmenabadyň 374-nji kwartalynyň ýaşaýjylary 15-nji mekdebiň gapdalyndan akýan arygyň golaýyndaky lagym turbalaryndan çykýan ýakymsyz ysdan hem ejir çekýändiklerini aýdýarlar.
“Bu ys sebäpli bu ýerden ýöremek ýa-da ulag sürmek mümkin däl. Yzygiderli edýän arzalarymyza garamazdan, ýerli häkimiýetler soňky birnäçe aý bäri ýitileşen bu problemany çözmäge howlukmaýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum