Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ençeme obasynda zir-zibil dökülýän çelekler ýok


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň oba ýaşaýjylary gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibilleri nirä dökjeklerini bilmän kösenýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän maryly habarçylarynyň biri türkmen häkimiýetleri tarapyndan welaýatyň Baýramaly, Wekilbazar we Mary etraplarynyň obalarynda, hususan-da, Zarpçy daýhan birleşiginde zir-zibil dökmegiň gadagandygy barada bildirişler asylandygyny, ýöne ilatyň hapa-hupasyny dökmegi üçin ýörite şertleriň döredilmändigini aýdýar.

“Käbir adamlaryň zir-zibilleri işiginde, ýol gyralarynda üýşüp gidipdir. Käbiri-de, öz gapysynda çukur gazyp, zir-zibillerini şoňa zyňyp otlaýarlar. Adamlar alaçsyz, näme etjeklerini bilmeýärler. Bu hapa-hupalaryň üsti siňekden doly” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 2-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, oba ýaşaýjylarynyň öň zir-zibilleri dökýän ýerine, obalaryň çetindäki ýerlere indi ‘Hapa dökmek gadagan. Kim hapa dökse, 500 manat jerime salnar’ diýlip, hökümet tarapyndan ýazgy dikilipdir. Emma oba ýerlerinde hapa-hupalary dökmäne niýetlenen ýerler, şertler döredilmändir, zir-zibil dökülýän çelekler-de ýerleşdirilmändir.

Agzalýan etraplardaky obalaryň ençemesine baryp gören habarçynyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler oba ýaşaýjylarynyň zir-zibilleri köçä ýa-da obanyň çetine döküp duranyny görse, dessine jerime ýazýar. Emma ilatyň hapa-hupalary nirä dökmelidigini ne arçynlar, ne-de etrap häkimleri düşündirýärler.

“Zir-zibil nirä dökülmeli? diýen soraga hiç kim jogap bermeýär. Hatda arçynlar, oba geňeşiniň işgärleri bu problema ‘bir çäre taparys-da’ diýmeýärler. ‘Bilmedim’ diýip oturýarlar. Etrap häkimliginiň işgärleri bolsa, muňa çäre görüljekdigini aýdýarlar, ýöne olaram hiç zat etmeýärler” diýip, oba ýaşaýjylarynyň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Oba ýaşaýjylarynyň ençemesi özleriniň haçana çenli zir-zibilleri çukur gazyp, otlamagy dowam edip boljagyny bilmeýändiklerini aýdýarlar. Sebäbi olar hapa-hupalar otlanandan soňra, daş-töwerege ýakymsyz ysyň ýaýraýandygyny we bu ysyň gün-günden güýçlenýändigini belleýärler. Şeýle-de, olar zir-zibilleriň oba ýaşaýjylarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerinde otlanmagynyň adam saglygyna-da zyýanlydygyny nygtaýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Baýramaly, Wekilbazar we Mary etrap häkimliklerinden, şeýle-de Zarpçy daýhan birleşiginden we Mary welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki regionlarynda zir-zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmaýandygy barada mundan ozal ençeme gezek habar beripdi. Ýöne Marynyň ençeme obasynda zir-zibil dökmegiň gadagan edilip, ýörite hapa-hupa dökülýän çelekleriň ýerleşdirilmezligi barada Azatlyk Radiosy ilkinji gezek habar berýär.

Geçen ýylyň iýul aýynda Aşgabat şäheriniň protokol köçelerinde arassaçylyk işleri birkemsiz ýerine ýetirilýän wagtynda, paýtagtyň etrapçalarynyň aralary gözgyny ýagdaýda, ýagny hapaçylyk bolmagynda galýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň beripdi.

“Tomus aýlary şäherde gawun-garpyz paçaklarynyň, öý bikeleriniň gyş üçin konserwirleýän önümleriniň atylyp bolýan zaýaçylygynyň zir-zibil gutularyna oklanmagy bilen, onuň töwereginde şireli, porsy-hapa suwlaryň akyp ýatandygyny görmek bolýar. Gutulardan gelýän porsy ysdan ýaňa onuň golaýyndan geçer ýaly däl. Şireli hapa suwlar 100-200-metr ýaly aralyga akyp ýatyr. Ony öten geçenler, esasan bolsa köçede oýnap ýören çagalar, ötegçi awtoulaglar basyp geçýärler” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly ýaşaýjy gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG