Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň “ygtybarsyz raýatlary” anyklamak işleriniň çäginde raýatlaryň öýleri dökülýär


Türkmen howpsuzlyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)
Türkmen howpsuzlyk işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Türkmen häkimiýetleri özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary anyklamak işlerini güýçlendirdi. Şu günler howpsuzlyk gulluklarynyň we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri daşary ýurtlarda zähmet çekip gelen raýatlaryň käbiriniň öýlerine duýdansyz gelip, olaryň öýlerini dökýärler.

Bu çärelere, maşgala agzalary daşary ýurtlarda zähmet çekýän raýatlaryň käbirleri hem sezewar edilýärler. Bu barada bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýakyn garyndaşlary anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň igärleriniň ellerinde öýleri dökmek barada resmi hat bolmasa-da, olar öýlere kürsäp girýärler. Olar daşary ýurtlarda işläp, watanyna dolanan raýatlaryň elektronika enjamlaryny alyp, özlerini bolsa, etrap polisiýa bölümine alyp gidýärler. Bu ýerde olar yzygiderli soraga çekilip, olara basyş görkezilýär” diýip, bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmenistanlylaryň biriniň ýakyn garyndaşy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, şübheli hasaplanýan raýatlar birnäçe günläp demir gözenegiň aňyrsynda saklanýar. Olara ýeterlik azyk we suw hem berilmän, agyr synaglara sezewar edilýärler.

“Bu raýatlar birnäçe gün soňra öýlerine goýberilse-de, olaryň elektronika enjamlary berilmeýär. Kanun goraýjy we howpsuzlyk işgärleri olaryň bir aý soň beriljekdigini aýdýarlar” diýip, türkmenistanly raýat aýtdy.

Bu çäreleriň geçirilýändigini Azatlygyň ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi hem tassyklady.

Ol bularyň häkimiýetleriň özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary anyklamak tagallalary bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Raýatlaryň saklanan elektronika enjamlary MHM-niň IT hünärmenleri tarapyndan seljerilýär. Noutbuklaryň, mobil telefonlaryň beýin toplumy öwrenilip, olaryň içine zyýanly programma oturdylýar. Bu programma enjamyň elýeterlilik nokadyny hemişe açyk görnüşde saklap, olaryň IP salgysyna girmäge mümkinçilik döredýär. Şeýlelik-de, ygtybarsyz raýat bolmakda güman edilýän adamlaryň elektronika enjamlary 7/24 gözegçilikde saklanyp, kimler we nireler bilen gürleşýändigi, nähili VPN-lerden we maglumatlardan peýdalanýandygy anyklanýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, olar beýleki çäreler bilen bir hatarda, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary gözleýärler.

Habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, bu kategoriýa esasan garaşsyz neşirler bilen hyzmatdaşlyk edýän, Azatlyga maglumat syzdyrýan, Internetde ýurt barada tankydy maglumatlary çap edýän raýatlar girýär.

Geçen aý Aşgabatdaky habarçylarymyz häkimiýetleriň bu işlere döwlet we hususy eýeçilikdäki taksileriň sürüjilerini çekip başlandygyny habar berdiler.

Öz raýatlarynyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýän Türkmenistanyň hökümeti ýurtda garaşsyz websaýtlary we sosial ulgamlaryň tas ählisini berk petik astynda saklaýar. Petikli saýtlara diňe VPN ulgamlarynyň üsti bilen girilýär. Bu hyzmatlardan peýdalanýan, özge pikirli raýatlar yzarlanýar.

Häkimiýetleriň, özleri tarapyndan “ygtybarsyz raýat” hasaplanýan adamlary anyklamak çäreleriniň güýçlenmegi, soňky aýlarda türkmen halkynyň Internetde we özara duşuşyklarda açyk pikir alyşmalarynyň has işjeňleşýändigi baradaky maglumatlaryň ýygjamlaşan wagtyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG