Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri ilata gözellik hyzmatlaryny hödürleýän hünärmenleri ýene gysyp başlady. Şu günler kanun goraýjy edaralaryň wekilleri gözellik salonlarynyň hünärmenlerinden diplomlaryny görkezmegi talap edýärler. Hünärmenler bu çäräni özlerinden “para almagyň nobatdaky usuly” atlandyrýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 18-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
“Hukuk goraýjylar gözellik salonlaryna aýlanyp, hünärmenlerden özüniň kosmetologdygy barada ýokary okuw diplomlaryny görkezmegi talap edýärler. Diplomy bolmadyklaryň işine gadagançylyk girizilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly gözellik hünärmeni anonim şertde gürrüň berdi.
Diplom talaby emeli kirpik, dyrnak oturtmak, saçyň tebigy reňkini doly aýryp, açyk reňklere boýamak, ýüzi arassalamak, botoks, ýüzdäki ýygyrtlary aýyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýän hünärmenleriň ählisine degişlidir.
Habarçymyz nobatday çärelerde gözellik hünärmenleriniň onlarçasynyň işlemegine gadagançylyk girizilendigini, şeýle-de ençeme gözellik salonunyň işiniň doly togtadylandygyny aýdýar.
“Ýokary okuw diplomy bolan kosmetologlaryň sany bir eliň bäş barmagyna hem ýetmeýär. Şäherde iki sany diplomly kosmetolog bar diýsek ýalňyşmarys. Gözellik salonlarynda hyzmat edýän ýüzläp hünärmen halypa şägirtligi dowam edýän ýa-da kurslardan geçen kosmetologlardyr” diýip, gözellik hünärmeni belledi.
Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bu çäreleriň sebäbini ilatyň saglygyny goramak tagallalary bilen düşündirýärler.
Olar “ýokary bilimli lukman, kosmetolog bolmasa, öz hünärini doly bilmeýän hünärmenleriň dürli keselleriň ýaýramagyna sebäp bolup biljekdigini” belleýärler.
Ýöne gözellik hünärmenleriniň ençemesi bu hünärleriň köpüsini, şol sanda emeli kirpik, dyrnak oturtmak, saçyň tebigy reňkini doly aýryp, açyk reňklere boýamak, ýüzi arassalamak ýaly hyzmatlary amal etmek üçin diploma zerurlygyň ýokdugyny aýdýar.
“Bu hünärleri ýörite kurslardan geçip, ýa-da kosmetologlardan öwrenip hem amal edip bolýar. Bu, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem şu görnüşde amal edilýär” diýip, hünärmenler belleýärler.
Galyberse-de, olar gadagançylygyň diňe döwlete zyýan ýetirýändigini, ýagny gözellik salonlary ýapylyp, özleriniň işi resmi derejede togtadylan bolsa-da, öz hyzmatlaryny gizlin hödürlemegi dowam etdirýändiklerini aýdýarlar. Olar muny kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem näresmi tassyklaýandygyny belleýärler.
“Gözellik salonlarynyň ýapylmagy bilen, döwletimiz biziň salgydymyzdan mahrum bolýar. Ýöne kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bu salgydy para hökmünde öz jübülerine urýarlar. Sebäbi olar bizden parany alyp, ‘bu hyzmatlary gözellik salonlarynda etmeseňiz bolany, öýleriňizde gizlin ediberiň’ diýýärler. Bizem tölemeli paramyzy berip, işimizi gizlin dowam etdirýäris” diýip, gözellik hünärmeni aýtdy.
Habarçymyz şäherde ýapylan gözellik salonlaryna derek azyk dükanlarynyň açylyp başlanandygyny hem aýdýar.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň kanunçylygynda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçilýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistan 2022-nji ýylyň aprelinden başlap aýal-gyzlaryň erkinligini çäklendirýän giň gerimli eşik we kosmetika gadagançylyklarynyň ençemesini güýje girizdi. Bu waka, prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda häkimiýet başyna geçmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Häkimiýetler tarapyndan resmi derejede yglan edilmedik bu çäklendirmeleriň çäginde kosmetika hyzmatlaryny hödürleýän gözellik salonlarynyň onlarçasy ýapyldy.
Ýöne Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň depelenýändigi barada Azatlykda, halkara metbugatynda we jemgyýetinde yzygiderli maglumatlar çap edilensoň, ýurtda bu hyzmatlaryň aglabasynyň aýal-gyzlara gaýtadan hödürlenmegine belli bir derejede rugsat berildi. Häkimiýetleriň bu babatda aýal-gyzlara gözegçiligi hem gowşapdy.
Balkandaky habarçymyz ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda işleýän zenanlara emeli kirpik, dyrnak oturtmak, saçyň tebigy reňkini doly aýryp, açyk reňklere boýamak ýaly gözellik hyzmatlaryndan peýdalanmagyň heniz hem gadagan bolmagynda galýandygyny aýdýar.
“Diňe işlemeýän ýa-da hususy firmalarda işleýän aýal-gyzlaryň bu hyzmatlardan peýdalanmagyna gadagançylyk ýok” diýip, ol 18-nji arepdel beren maglumatynda belledi.
Türkmenistanyň hökümeti we mediasy ýurtda aýal-gyzlar babatynda çäklendirmelere we kemsitmelere ýol berilmegi we olaryň sebäpleri barada mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum