Türkmen resmileri ýurtda soňky bäş ýylda zenanlara garşy diskriminasiýany aradan aýyrmak boýunça edilen işler barada BMG-de hasabat berdiler. 2-nji fewralda Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça komitetiň Ženewada geçirilen maslahatynda Türkmenistanyň adyndan döwürleýin hasabat bilen çykyş eden resmi toparyň esasan aýallardan düzülen agzalary käbir resmi sanlary, şeýle-de zenanlaryň milli geýim mejburlygy, abort we ulag sürmek haky ýaly problemalar boýunça orta atylan soraglara jogap berdiler.
Türkmenistanyň resmileri ýurduň aýallara garşy diskriminasiýany aradan aýyrmak boýunça öz üstüne alan halkara borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirýändigini öňe sürdi. Emma olaryň çykyşlarynda BMG-niň resmileri we hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň gozgan sowallaryna anyk jogap berilmedi.
Türkmenistanyň adyna edilen tankytlaryň arasynda ýurduň gender indeksi boýunça dünýä derejesinde örän yzda galýandygy, zenanlara garşy zorluga degişli ýörite kanunyň kabul edilmändigi, uly statistikada boşlugynyň göze ilýändigi bellendi. 2022-nji ýyldan bäri ýagdaýyň yzygiderli ýaramazlaşmagyna, dres kod, ahlak meselesinde zenanlardan goşmaça borçlary talap etmek, awtoulag sürmegini çäklendirmek ýaly meselelere, zenanlaryň kanuny haklarynyň bozulmagyna üns berildi.
Soňky iki ýylda Türkmenistanda milli geýim geýmedik zenanlara basyş edildi, olardan başyny örtmek, gözellik amallaryndan saklanmak talap edildi.
Türkmen delegasiýasynyň agzalary milli geýim mejburlygynyň ýokdugyny biragyzdan öňe sürdüler.
Türkmenistanyň BMG-däki wekili Wepa Hajyýew maslahata gatnaşýan türkmen delegasiýasyndaky zenanlaryň türkmen geýimlerine geýnendigine buýsanjyny mälim eden bolsa, zenan resmileri aýallara mejburlygyň ýokdugyny aýtdylar.
"Biz olary mejbur edemizok. Biziň aýallarymyz milli geýimleri halaýar. Biz olary mejbur etmeýäris, bu şahsy isleg. Soňky wagtda biziň milli geýimlerimize gyzyklanmanyň artýandygyny bellemekçi. Biziň ýurdumyzda dres kod ýaly zat ýok, diýip türkmen delegasiýasyndan özüni tanyşdyrman çykyş eden zenan resmi aýtdy.
Türkmen delegasiýaynyň ýene bir agzasy Daşary işler ministrliginiň wekili zenanlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmezligi baradaky meseläni ret etdi. Resminiň çykyşynda delil hökmünde sürüjilik dokumentleriniň sanly ulgamy arkaly berilýändigi aýdylyp, 2017-2023 ýyllarda tutuş ýurt boýunça 9 müň sürüjilik şahadatnamasynyň berlendigi agzaldy, emma şolardan näçesiniň zenanlara berlendigini anyklaşdyrylmady.
Türkmen delegasiýasynyň çykyşlary "Saglyk fondunyň" Twitter hasabynda hem sitirlendi. Habarda türkmen delegasiýasynyň başlygy daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň "Bu ýerde hemmämiz otyrys we aýal-gyzlaryň hukuklary hakda gygyrýarys. Türkmen aýal-gyzyň ýerine ýetirmeli borçlary nirede?" diýip aýdanlaryna üns berilýär.
Türkmen zenan resmilerinden ýene biriniň çykyşyndan alnan sitatada: "5 hepdede çaganyň ýüregi urmaýar we bu kararda milli aýratynlyklarymyz, mentalitetimiz göz öňünde tutulmaly" diýilýär.
Türkmen hökümeti göwreliligiň bäşinji hepdesinden soň, eger bu enäniň ýa-da çaganyň saglygyna çynlakaý howp abandyrmaýan bolsa, abort etdirilmegini gadagan edýän kanuny güýje girizdi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasynyň beren resmi hasabatynda soňky bäş ýyllyk döwürde ýurduň gender deňligini üpjün etmekde üstünlik gazanandygy öňe sürüldi.
Türkmen resmileri ýurduň gender syýasatyny döwlet prioriteti diýip häsiýetlendirdiler. Olaryň çykyşlarynda aýallaryň ileri tutulýandygy, syýasy, sosial, medeni durmuşa gatnaşýandygy we bu ugurdan kanunlaryň üstünde işlenilýändigi bellendi.
Berlen resmi sanlarda, hususan-da, parlamentde agzalaryň 26% prosent çemesiniň aýallardygy, parlament başlygynyň hem zenandygy nygtaldy, daşary gatnaşyklar we diplomatik ugrunda işleýänleriň 9%-den gowragynyň aýallardygy, şeýle-de, 22, 4 % telekeçileriň aýallardygy, zenanlaryň 44%-niň işleýändigi aýdyldy.
Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda aýal-gyzlara degişli problemalar babatynda käbir seýrek sanlary hem agzadylar. Hususan-da, resmiler ýetginjek gyzlaryň arasynda göwrelilik derejesiniň peselendigini aýdyp, muňa pozitiw tendensiýa diýlip baha berdiler. Agzalan resmi sanlara görä, 2022 ýylda 15-19 ýetginjek gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalary her 1000-den 22.9 adam diýlip kesgitlendi. Ýene bir san ýurtda çaga üstünde ýogalýan zenanlaryň sanyna degişli bolup, onuň 2015-nji ýylda her 1000 adama 3% bolan bolsa, 2022-nji ýylda 1.7% bolandygy aýdyldy.
Türkmen delegasiýasynyň çykyşynda aýallar üçin saglygy saklaýyş we bilim elýeterliliginiň üpjün edilýändigi we zenanlara garşy zorlugyň öňüni almak üçin çäre görülýändigi bellendi. Aýallara degişli milli planyň, çaga we ene saglygyny goramak üçin programmanyň üstünde işlenilýändigi aýyldy.
Şeýle-de, türkmen resmileri ýurtda geçirlen we soňky 15 ýylda ilkinji gezek netijesi yglan edilen ilat ýazuwy hem üstünlik hökmünde öňe sürülip, ilat ýazuwynda aýallaryň uly rol oýnandygyny we tas ilatyň tas 50%-niň aýallar bolup çykandygyny bellendi.
BMG-niň Aýallara garşy diskriminasiýany ýok etmek boýunça komitetiniň maslahatynda ýurtlar her bäş ýyldan bir gezek hasabat berýär. Mundan öň Türkmenistanyň aýallar baradaky hasabaty 2018-nji ýylda diňlenipdi. Häzirki hasabat altynjysy.
Türkmenistanda aýallaryň hak hukuklaryny berjaý edilişi barada BMG-niň 87-nji sessiýasynda hasabat bilen çykyş eden resmi topary tas tutuş zenanlardan düzülip, oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk etdi, Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Wepa Hajyýew, Türkmenistanyň Zenanlar bileleşiginiň başlygy, döwlet statistika komitetiniň, adam hukuklary, saglyk we halkara gatnaşyklary ugurlaryndaky birnäçe döwlet edarasynyň wekilleri gatnaşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum