Žurnalist we syýasy aktiwist Kianoş Sanjari özüniň we beýleki syýasy aktiwistleriň köpüsiniň tussag edilmegine we soraga çekilmegine protest bildirip, öz janyna kast etdi.
Sanjariniň garyndaşy bu habary 13-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna beren interwýusynda tassyk etdi.
Sanjariniň dostlarynyň X-daky ýazgylary hem onuň ölendigini tassyklaýar. 2015-nji ýylda yzda galan garry ejesine seretmek üçin Tährana gaýdyp gelen Sanjari Yslam respublikasynyň howpsuzlyk we aňtaw gulluklary tarapyndan gaýta-gaýta soraga çagyryldy we tussag edildi.