Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Täjigistanly migrantlar Russiýada özlerine garşy duşmançylygyň artýandygyny aýdýarlar


Moskwada migrantlara garşy geçirilýän nobatdaky reýd. 3-nji aprel, 2024 ý.
Moskwada migrantlara garşy geçirilýän nobatdaky reýd. 3-nji aprel, 2024 ý.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara gurama Human Rights Watch (HRW) Russiýada bolup geçen terrorçylykly hüjümden soňky hepdede, migrantlara garşy olara migrasiýa kanunçylygyny bozmakda aýyplanyp açylan derňew işleriniň sanynyň 70% artandygyny mälim etdi.

HRW Orsýetiň Merkezi Aziýadan bolan migrantlar bilen bagly ýagdaýyny "howply" diýip atlandyrýar, sebäbi “Krokus siti” zalynda bolan pajygaly wakadan bäri bu sebitiň raýatlaryna garşy edilýän zorluk we kanundan çykma hereketler artýar. Berlinde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy guramanyň beýanatynda aýdylyşyna görä, 22-nji martda bolan wakalardan soň, "Orsýetde Merkezi Aziýadan bolan migrantlar we beýleki slawýan däl milletler etniki esasda kemsitmeleriň we hüjümleriň barha artmagyna duçar bolýarlar".

Bu gurama köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, aýry-aýry adamlar we wezipeli emeldarlar tarapyndan geçirilýän etniki profilaktika, ýagny ksenofobiýa – kesekä çydamsyzlyk esasynda yzarlama we zorluk bilen bagly ýagdaýlaryň sanynyň artandygyny habar berýär. Şol sanda köpçülikleýin tussag etmeler we olary uzak wagtlap barlamak dowam edýär. Hüjüm bilen baglylykda, birnäçe täjigistanly tussag astyna alyndy.

"Bu ýagdaý polisiýa işgärleriniň şol hüjüm sebäpli azyndan iki sany şübheli adamy, olaryň ikisi-de Täjigistanyň graždanlary, gynanyndan soň has güýçlendi we rus hökümet edaralary tarapyndan migrantlara garşy äheňler ýokarlandy” diýip, beýanatda aýdylýar.

«Russiýanyň resmileriniň Merkezi Aziýadan bolanlara garşy kemsitmek we agressiýa babatynda edilýän çärelerde, pes çydamlylyk syýasatyny yglan etmegi gerek – diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Tanýa Lokşina aýdýar. – Häkimiýetler Merkezi Aziýadan gelen migrantlara garşy etniki profil barlag çärelerini we olaryň hiç bir esassyz tussag edilip, uzak wagtlap saklanmagyny bes etmelidir. Muňa derek migrantlaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidirler. Ksenofobiýa yzarlanmalary babatda, ähli ýagdaýlar boýunça düýpli barlag geçirilmeli we muňa günäkärler jogapkärçilige çekilmeli».

Orsýetdäki terrorçylykly hüjümden soňky iki hepdede, Merkezi Aziýadan gelen migrantlara hyzmat ediş ulgamlarynda, olaryň haýyşlaryndan ýüz öwürmek meýilleriniň, olaryň işden boşadylýandygynyň, gara güýç ulanylyp haýbat atmalaryň, kemsitmeleriň, ksenofobiýa esasyndaky migrantlara garşy şygarlaryň aýdylýandygy görünýär diýip, HRW habar berýär.

Şeýle-de, köpçülikleýin habar serişdeleri migrantlara degişli emlägiň ýok edilýändigi, toparlanyşyp urup-ýençmeleriň, pyçakly we gaz pürküji hüjümiň bolýandygy barada maglumat berýär. «Täjigistandan gelen Russiýadaky migrantlar özlerine garşy duşmançylygyň artýandygy barada, metbugat işgärlerine gürrüň berýärler, olar yzarlanmakdan gorkup, milletini gizlejek bolup çalyşýarlar – diýip, HRW ýazýar. – Moskwada ýaşaýan täjigistanly migrantyň Human Rights Watch toparyna aýtmagyna görä, gorkup daşaryk çykyp bilmeýärler we hatda "Russiýadan gümüňi çek" diýen agressiw çagyryşlar we "gyýa garaýyşlar" bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar».

«Сова» merkeziniň habar bermegine görä, Russiýada sagçy milletçiler tarapyndan slawýan däl we migrant hasaplaýan adamlara garşy zorluk-sütem artdy. Aşa sagçy Telegram kanallarynda, olaryň urluşyna degişli, emläkleriniň ýok edilmegi, beýleki gödek çäreler ýazylan wideolary "Krokus Siti Hol üçin ar" diýen belligiň aşagynda ýerleşdirýärler. 30-njy martda ýaýradylan wideoda, iki ýaş ýigidiň ýaşaýyş jaýynyň golaýyndan parahat barýan bir adamyň yzyndan ýetip, ony urup başlaýandygy görkezilýär.

Wideonyň düşündirişinde aýdylyşyna görä, öz ýoluna barýan adam "täjik" bolandygy üçin, hüjüm edenler onuň ýeňsesine çekiç bilen urupdyrlar. Ksenofobik yzarlanmalar esasynda ýüze çykýan zorluk bilen bagly işleri barlamagyň we ýazgarmagyň ýerine, Orsýetiň häkimiýetleri Merkezi Aziýadan gelenlere, aýratyn-da Täjigistandan bolan migrantlara garşy barlag hüjümlerini geçirýärler.

Human Rights Watch elýeterli bolan kazyýet statistikasynyň derňewine esaslanyp, terrorçylykly hüjümden soňky hepdede migrantlara garşy migrasiýa kanunlaryny bozmakda aýyplanyp tussag edilenleriň işleriniň sany 2024-nji ýyl üçin, ortaça hasap bilen deňeşdirilende, 70% artandygyny anyklady. 2-nji aprelde Russiýanyň Içeri işler ministrliginde geçirilen duşuşykda, prezident Wladimir Putin “Krokus Siti Holda” gurnalan terrorçylykly hüjümiň ksenofobik yzarlanmalaryň aklanmagy üçin ulanylmaly däldigini mälim etdi, emma şol wagtyň özünde-de, Orsýetdäki "bikanun migrasiýa" "ekstremist hereketler üçin, amatly şert döredýär” diýdi.

Hökümetleriň halkara hukugy boýunça öz territoriýasyndaky her bir adamyň ýaşaýyş we howpsuzlyk hukugyny goramagy we kemsidilmezligi boýunça borçlarynyň bardygyny HRW ýatladýar. «Orsýetiň häkimiýetleri Merkezi Aziýadan gelenlere garşy ksenofobik zorluk baradaky ähli maglumatlara eserdeň bolup, çalt jogap bermeli, ksenofobiýanyň ýokarlanmagynyň giň meselesini çözmeli we Täjigistandan hem-de beýleki ýurtlardan gelen zähmet migrantlaryny ýerlikli iş şertleri bilen üpjün etmeli» diýip, Tanýa Lokşina aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG