Günbatar Balkan welaýatynda, hususan-da Eýran bilen serhet ýaka sebitlerde, raýat we harby desgalarda tötänleýin ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlara garşy hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy.
Azatlyk Radiosynyň goranyş pudagyndaky çeşmeleri sebitde güýçlendirilýän hüşgärlik ýagdaýynyň ýurduň günorta goňşusy Eýran bilen Ysraýylyň arasynda dartgynlaşmagy ahmal howpsuzlyk aladalary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Harby-deňiz güýçleriniň garamagyndaky harby gämilerde söweşjeň taýýarlyk ýokarlandyryldy, öňümizdäki 48 sagadyň dowamynda hüşgärlik ýagdaýy güýçlendirildi. Ýurduň çägini, iri desgalara ýalňyşlyk bilen, tötänden düşüp biljek raketalardan goramak maksady bilen, gämi radalaryna berk esewan edilýär diýip, deňiz-pyýada goşunlarynyň bir serkerdesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
Harbylar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda sebit ýaşaýjylarynyň howpsuz ewakuasiýa edilmegi, radiasiýa howpy ýüze çykan halatynda raýatlara gaz maskalarynyň (protiwogazlaryň) öz wagtynda paýlanyp berilmegi ýaly gyssagly çärelere taýýarlyk görýärler. Şeýle-de, Azatlygyň harby pudaklardaky çeşmeleri Türkmenbaşy şäherindäki iri desgalara howa hüjümlerini duýduryş enjamlarynyň ornaşdyrylýandygyny aýdýarlar.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat, Magtymguly we Bereket etraplarynyň günorta ýakalarynda, Eýran bilen serhet ýaka sebitlerde guryýer goşunlary operatiw nobatçylyga başladylar, bu sebitlerde ýerleşýän harby bölümlerdäki ok-däriler we ýaraglar 4-nji aprelde dyngysyz welaýatyň demirgazyk sebitlerine göçürildi diýip, harby çeşmeler aýdýar.
Şeýle-de, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda we Türkmenbaşy şäheriniň günorta künjeginde ýerleşýän nebit we nebit önümleri ammarynda ýangyn howpsuzlygy bilen bagly taýýarlyk çäreleri güýçlendirildi.
Harbylar hüşgärlik ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny Ýakyn gündogarda ýurduň günorta goňşusy Eýrany hem öz içine alýan harby konfliktiň ýüze çykmak ähtimallygy bilen ilteşdirýärler.
“Goňşy Eýranyň ýarag ammarlarynda partlama ýüze çykan halatynda, munuň goňşy ýurtlara, şol sanda Türkmenistana ýetirip biljek täsirleri barada maslahat edildi. Iri ýarag ammarlarynda bolup biljek partlamalar ýer yranmasyna çenli getirip biler diýen pikirler öňe sürülýär. Her niçik-de bolsa, adatdan daşary ýagdaýlara garşy taýýarlyk güýçlendirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýar.
Harbylaryň günbatar sebitde alyp barýan adatdan daşary işjeňligi raýatlaryň arasynda howsala döredýär.
“Üstesine, daşary ýurt telewizion kanallarynda jahan urşunyň wehimleri barada gürrüňler gozgalýar. Eýranyň ýadro ammarlarynda bolup biljek partlamalar ýurduň iň ýakyn goňşularyna, şol sanda Türkmenistana radiasiýa wehimlerini abandyrýar. Bu ýagdaý ilat arasynda alada we howsala döredýär” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Bir öňki serhetçiniň sözlerinä görä, Eýranyň ýadro ýarag ammarlarynyň Aşgabatdan 500 kilometr töweregi günortada ýerleşýän bolmak ähtimallygy barada öňe sürülýän çaklamalar, bu desgalarda weýrançylyk ýüze çykan halatynda, onuň sebitde ýol açyp biljek seýsmiki we ekologiki howplarynyň gerimine yşarat edýär.
“Harby çaknyşyklaryň ýol açyp biljek seýsmiki we ekologiki wehimleri edil tumşugymyzyň astynda” diýip, öňki serhetçi aýdýar.
Eýran mediasy Ysraýylyň 1-nji aprelde Eýranyň Siriýadaky konsullygyna amala aşyran howa zarbasynda Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň ýedi agzasynyň, şol sanda iki generalyň heläk bolandygyny habar berdi. Şeýle-de, howa zarbasynda bäş harby maslahatçynyň öldürilendigi habar berilýär.
Munuň yz ýany, Eýran bu hüjümiň arynyň alynjakdygyny aýtdy. Ysraýylyň goşuny Eýranyň ar alyş haýbatlarynyň arasynda, hem-de dartgynlylygyň ýokarlanmak ähtimallygy bilen bagly aladalaryň fonunda, 4-nji aprelden başlap ähli söweşjeň birikmelerde harbylaryň dynç alyş rugsadyny wagtlaýyn togtatdy. Şeýle-de, ysraýyl harbylary 3-nji aprelde, goranyşy güýçlendirmek maksady bilen, ätiýaçdaky harbylary gulluga çagyrandygyny mälim etdi.
Eýranyň günorta goňşusy Türkmenistanda harbylar sebitde ýüze çykmagy ahmal çaknyşygyň ýol açyp biljek täsirlerine garşy tagallalary güýçlendirýär.
Türkmenistan – Eýran serhediniň uzynlygy 1148 kiometr bolup, Eýranyň demirgazyk sebitlerinde etniki türkmenler kowçum bolup ýaşaýarlar. Balkanly ýaşaýjylar Eýranda harby çaknyşyk ýüze çykan halatynda munuň Eýranyň asuda halkyna, şol sanda öz kowumdaşlaryna ýetirjek täsirlerine alada bildirýärler.
Türkmenistan dünýädäki we sebitdäki harby çaknyşyklar boýunça bitarap pozisiýany eýeleýär, ýöne şol bir wagtda, döwlet ýolbaşçylary parahatçylygyň tarapynda çykyş edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum