Türkmenistanda ilat arasynda daşary ýurtlara gitmäge isleg köpelip, pasport nobatlary öň görülmedik derejede uzan wagtynda pasport we iş wazasyny alyp bermegi wada berýän araçylar döreýär, hilegärlikler ýüze çykýar. Aldawa düşen raýatlar hem dokumentsiz, hem-de pulsuz galýarlar.
Migrasiýa edaralaryna ýüz tutmak arkaly pasport alyp bilmedik ýa-da iki ýyla uzan nobata garaşmak islemedik raýatlar dokument alyp bermegi wada berýän araçylara ýüzlenýärler we pul tölemäge razy bolýarlar. Bu ýagdaýda aldawa düşýän adamlaryň soňky wagtda esli köpelendigini Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.
"Şu günler pasport edinmek kynlaşýan wagty dürli hilegärler köpeldi. Araçylar adamlara köp pul öwezine zagran pasport alyp berjek diýip, pullaryny alyp yzyna bermeýärler. Şeýle hilegärler görlüp-eşidilmedik derejede köpelip gitdi" diýip, aldawa düşenler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.
Habarçynyň sözlerine görä, pasport alyp bermegi wada berýän araçylara 15 müň manada çenli pul berilýär: "Ýurtda ýaşamak kyn. Işi bar adamlar hem eklenç üçin aýlygyň azdygyndan şikaýat edip, çagalaryny taşlap ýurtdan gitmäge howlugýarlar".
Mundan başga-da araçylar daşary ýurtlaryň wizasyny alyp bermegi wada berýärler. Beýle hyzmaty hödürleýän araçylaryň hem arasynda hilegärler duş gelýär.
"Balkanabatda 3 müň dollar öwezine ýewropa ýurtlaryna iş wiza alyp berip, işe ugratmagy, gowuja aýlygy wada berýän özlerini 'türk firmalary' hökmünde tanadýan hilegärler köpeldi" - diýip, ýagdaýdan habarly ýerli çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Anonim gürleşen çeşmäniň sözlerine görä, Balkanyň welaýat prokuraturasyna aldanan raýatlardan 200-den gowrak arza tabşyrylypdyr. Gazagystanyň we Özbegistanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna aşyrmagy wada berýän araçylaryň aldawyna düşen adamlar birnäçe aýlap garaşanlaryndan soň häkimiýetlere ýüz tutýarlar. Bu aralykda olar hem pulundan, hem- dokumentinden mahrum bolýarlar.
"Raýatlarda pul berendigi hakynda notarius tarapyndan tassyklanan resminama bolmansoň, olara kömek edip bolmaýandygy düşündirilýär. Şeýle-de, resminamasyz berlen puly para hasaplanyp bilinýär, degişlilikde jenaýat kodeksine görä, parany beren we alan adam üçin agyr jeza göz öňünde tutulýar. Raýatlar bu barada habarly edilýär" diýip, çeşme aýdýar.
Bu aralykda hilegärleriň aldawyna düşen adamlar öz ýagdaýyny sosial media arkaly hem paýlaşýarlar. Ýurduň dürli welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň çap edýän maglumatlaryny IMO we TikTok ýaly sosial ulgamlarda görmek mümkin. Aldawa düşen raýatlar polisiýadan hem netije bolmandygyny aýdyp, post paýlaşýarlar.
Bu ýagdaý pasport nobatlarynyň tas iki ýyla uzaga çeken wagtyna gabat geldi.
Türkmen häkimiýetleriniň girizýän dürli çäklendirmelerine garamazdan, ýurdyň daşyna çykmak üçin mümkinçilik gözleýänleriň sany azalmaýar. Ýurtdaky işsizlik, korrupsiýa we adamlaryň öz hukuklaryny goramak üçin kanundan peýdalanyp bilmezligi adamlary başga ýurtlarda has gowy durmuş şertlerini gözlemäge iterýär.
Migrasiýanyň derejesini görkezýän sanlary çap etmeýän türkmen hökümeti raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrýan goşmaça düzgünleri yzygiderli girizýär.
Şeýle çäklendirmeleriň arasynda daşary ýurtlarda biometriki pasportynyň möhleti dolup, ýurda dolanan raýatlaryň pasportlarynyň möhletini uzatmak boýunça arzalary raýatyň ýurda dolanan gününden başlap, azyndan alty aýdan soňra kabul edilýär. Biometriki pasport alyp, soňky bäş ýylyň dowamynda daşary ýurtlara syýahat etmedik raýatlara täze biometriki pasportlar çykarylyp berilmeýär.
Mundan öň, 2023-nji ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan raýatlara daşary ýurt pasportynyň berilmezligine degişi ýagdaýlar köpeldi. Şeýle-de, üç nesilde garyndaşlarynyň arasynda jenaýata çekilenleriň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedik raýatlara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwrüldi, raýatlaryň SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalary esasynda pasport berilmegi hem inkär edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum