Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde bu ýyl ýaremezan aýdymlary musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagyna 10 gün galanda aýdylyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýyl çagalar bilen bir hatarda, uly ýaşly adamlaryň, serhoşlaryň we musulman bolmadyk milletleriň wekilleriniň hem ýaremezan aýdyp, sadaka soraýandygyny aýdýar.
“Bu dini däp-dessur, ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, öz gymmatyny ýitirýär we çäre dilegçiligiň bir görnüşine öwrülýär. Sebäbi diňe çagalar däl, hat-da uly ýaşly adamlar, şol sanda başga milletleriň wekilleri we serhoşlar hem öýlere, dükanlara aýlanyp, adamlardan pul ýa-da sadaka soraýarlar” diýip, habarçymyz belledi.
Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 11-nji martyň säheri bilen başlanýar we 9-njy aprel gijesine çenli dowam edýär. 10-njy apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.
Adatça Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar we eýjejik körpeler her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar. Olar bu usul bilen, Remezan aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar gapylaryny kakan ýaremezançy çagalara göwünlerinden çykaran zady, şol sanda süýji we köke ýa-da pul sowgat berýärler.
Habarçymyz häzir köp maşgalanyň ýaremezan aýdyp gelýän çagalara we adamlara hiç zat bermeýändigini aýdýar.
Bu maşgalalaryň bir bölegi munuň sebäbini heniz Remezan aýynyň başlanmagyna tas bir hepdäniň bardygy bilen düşündirýär. Beýleki bir bölegi bolsa, özleriniň öýünde hem süýji-kökäniň ýokdugyny aýdyp, gündelik iýjek çörekleriniň gaýgydygyny belleýär.
“Käbir adamlar bolsa, ‘oraza aýynyň başlanmagyna üç gün galanda geliň’ diýip, ýaremezançylary yzyna iberýärler. Olary kowup goýberýän ýaşaýjylar hem bar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.
Indi alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Bu ýagdaýlaryň esasan pes girdejili hojalyklara ýetirýän täsirleri ilat arasynda barha köp duýulýar. Ýurtda güzeran eklenji agyrlaşyp, garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelýändigini synlasa bolýar.
Soňky ýyllarda, hususan-da, tomusky we gyşky dynç alyşlarynda gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýan çagalar hem köpelýär.
Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, ilata ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar.
Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç raýatlaryň, maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.
Bu ýagdaýlar barada ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem hiç zat aýdylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum