Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda ýaremezan däbi dilegçiligiň bir görnüşine 'öwrülýär'


Turkmenistan. Boys. Children. Lebap. September 2021
Turkmenistan. Boys. Children. Lebap. September 2021

Musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýaremezan aýdýan çagalar köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bu dini däp-dessuryň öz gymmatyny ýitirýändigini belläp, şu günler bu çäräniň dilegçiligiň bir görnüşine öwrülendigini aýdýar.

"Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl çagalar diňe agşamara öýlere aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýtmaýarlar. Indi olar gündiz wagty şäheriň 'Kenar' bazarynyň, söwda merkezleriniň, demirýol wokzalynyň we myhmanhanalarynyň golaýynda aýlanyp, ýaremezan aýdymlaryny aýdýarlar. Olaryň sany onlarça bolup, olar ýaremezan aýdymlaryny aýdyp, adamlardan pul soraýarlar we dilegçilik edýärler" diýip, habarçy 22-nji martda aýtdy.

Bu çagalary şäheriň gyzgalaňly ýollarynyň golaýynda hem görse bolýar. Olar ýolda hereket edip barýan awtolulaglar birnäçe sekunt säginse, derrew şol ulaglaryň ýanyna ylgap barýarlar we ýaremezan aýdymlaryny aýdyp başlaýarlar.

"Oraza geldi ilimden..."
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

"Bu bolsa, ýol hereketinde howply ýagdaýlary döredýär" diýip, habarçy şäheriň ýangyç guýýan beketleriniň-de ýaramezançy çagalardan dolandygyny belledi.

Adatça Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar we eýjejik körpeler her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar. Olar bu usul bilen, Remezan aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar gapylaryny kakan ýaremezançy çagalara göwünlerinden çykaran zady, şol sanda süýji we köke ýa-da pul sowgat berýärler.

Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere düşýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 23-nji martyň säheri bilen başlanýar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.

"Çagalar has köp gazanç etmek maksady bilen, Remezan aýynyň başlanmagyna bäş gün galanda, ýagny 18-nji martda ýaremezan aýdyp başladylar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda ýedi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän agyr ykdysady krizisiň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, habarçylarymyz ilatyň ýitileşýän durmuş kynçylyklary we gün-güzeran aladalary barada yzygiderli maglumat berýärler. Bu kynçylyklar köp adamy, şol sanda çagalary dilegçilik etmäge, käte zir-zibil dörmäge iterip, soňky döwürde olaryň sany göz-görtele köpelýär.

Häkimiýetler ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklaryny aç-açan boýun almaýan mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlara garşy wagtal-wagtal göreş yglan edýärler. Bu göreşiň çäginde olaryň wagtlaýyn tussag edilmegi ýaly wakalar hem bolýar.

Muňa garamazdan, ýurtda zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlaryň sany, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, köpelmese azalmaýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Balkandaky habarçylarymyz sebitdäki dilegçi çagalaryň sanynyň mugallymlaryň maddy serişdesiniň hasabyna azaldylmaga çalşylýandygy barada maglumat berdiler. Şonda häkimiýetler mugallymlaryň ençemesinden dilegçilik edýän çagalaryň eklenji üçin her aý belli bir möçberdäki maddy serişdäni bermegi talap edipdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG