Şu günler Lebabyň Türkmenabat şäherinde we onuň eteginde hatardan çykan köçeleriň köpelendigini synlasa bolýar. Sürüjiler soňky ýyllarda köçelerde abatlaýyş işleriniň tas geçirilmeýändigini belläp, ýollaryň häzirki ýagdaýynyň hem özleri, hem-de pyýadalar üçin howp döredýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Öňler Lebabyň gara ýol gurluşyk edarasy az-kem bolsa-da hatardan çykan ýollary bejerip durýardy. Ýöne soňky iki ýyl töweregi wagt bäri gara ýol edarasy tas hiç bir köçä asfalt düşemeýär. Şäheriň köçeleri doly sandan çykyp, uly çukurlar emele geldi. Häli etraplardaky ýollary aýdyp hem oturmaýyn” diýip, lebaply ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, şäheriň esasy köçelerinden bagşa ýerlerde ýollary ikä bölýän ak çyzyklar hem görünmeýär. Köp köçede pyýadalar üçin niýetlenen “zebra” çyzyklaryň ak reňki hem soýlup gidipdir.
Ulag eýeleri çyzyklaryň görünmeýändigi sebäpli sürüjileriň we pyýadalaryň ýalňyşyp, köçe-ýol hereketini bozýan halatynyň köp bolýandygyny aýdýarlar. Olar munuň hem sürüjiler, hem-de pyýadalar üçin howpludygyny belleýärler.
“Biz döwlete ýol salgydyny töleýäris. Ýeňil ulaglaryň iki ýyllyk ýol salgydy 500 manatdan, ýük ulaglaryňky 1000 manatdan gowrak bolýar. Şol pullar nirä gidýär?!" diýip, türkmenabatly bir sürüji anonim şertde aýtdy.
Sürüjiler köçeleriň häzirki ýagdaýynyň awtoulaglary zaýalap, hatardan çykarýandygyny hem belleýärler. Käbir sürüjiler ýagdaýa özbaşdak çäre görmäge çalyşýarlar.
Habarçymyz soňky aýlarda asfalt ýollarda emele gelen çukurlara agajyň uly baldaklaryny ýa-da könelen awtomobil tigirlerini goýýan raýatlara köp duş gelse bolýandygyny aýdýar.
Lebabyň gara ýol gurluşyk edarasynyň birnäçe işgäriniň anonim şertde habarçymyza beren maglumatyna görä, soňky ýyllarda şäheriň köçeleriniň ünsden düşürilmeginiň sebäbi Türkmenabat-Mary awtobanynyň gurluşygy bilen baglanyşykly.
“Ýerli iki asfalt zawodynda asfalt öndürilmeýär. Sebäbi asfalt öndürer ýaly çagyl ýok. Lebaba Magdanlydan üsti çagyldan doly otly wagonlary günaşadan gelýär. Ýüzlerçe tonna çagyl Türkmenabadyň günbataryndaky Zergär gurluşyk önümleri nokadyna düşürilýär. Ýöne bu çagyllaryň 1 tonnasy hem ýerli asfalt zawodlaryna ýetmän, diňe awtobanyň gurluşygy üçin asfalt öndürýän zawoda daşalýar. Bu zawod Çärjew etrabynyň günorta böleginde ýerleşýär” diýip, Lebabyň gara ýol gurluşyk edarasynyň işgäri aýtdy.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Lebabyň häkimiýetlerinden, şol sanda agzalýan edaradan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Bellesek, gürrüňi edilýän awtoban Mary welaýatynyň üstünden geçýän Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň bir bölegidir. Bu ýoluň we degişli infrastruktura desgalarynyň gurluşygy üçin 2019-njy ýylda 2,3 milliard amerikan dollary bölünip berildi. Türkmen döwlet habar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, proýektiň Mary-Türkmenabat böleginiň 2023-nji ýylyň dekabrynda taýýar bolmagyna garaşylýardy.
Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Ýaşaýyş jaýlaryndan, durmuş we senagat desgalardan başga-da, tarp ýerden täze şäherdir obalar guruldy.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ilat köçeleriň abatlanmazlygyndan, sowet ýyllarynda gurlan ýollara 30-40 ýyl bäri gaýtadan asfalt düşelmezliginden we bularyň döredýän oňaýsyzlyklaryndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýär.
Ýurduň döwlet mediasy paýtagtda we welaýatlarda garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan köçeleri, ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, bulary wasp edýär.
Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi media ilatyň bejerilmeýän köçeler sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum