Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: Gar gatyşykly ýagyş oba ýollaryny palçyga bulady, şäher ýollarynda arassaçylyk güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Mary welaýatynda bir oba.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Mary welaýatynda bir oba.

25-nji ýanwarda Mary welaýatyna gar gatyşykly ýagyş ýagdy. Howanyň birden sowamagy bilen, Türkmengala etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginiň mekdeplerinde synp otaglary odun ýakyp ýyladylýar. Okuwçylar gyş eşiklerinde sapaklara gatnaşýar. Ýagynly howa oba ýollaryny palçyga bulady. Bu aralykda, sebit merkezinde arassaçylyk işleri ýene güýçlendirilýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Howa maglumatlaryna görä, Mary welaýatynda 22-nji ýanwarda 17 gradusa çenli maýlan howanyň temperaturasy 25-nji ýanwarda birden 1 gradusa çenli pese gaçdy.

“Synp otaglary sowuk bolansoň, çagalar gyş eşiklerinde sapaklara gatnaşdylar. Klaslar peçlerde odun ýakyp ýyladylýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gar gatyşykly ýagyşdan soňra, obanyň asfaltlanmadyk ýollary palçyga bulandy.

Asfalt ýollaryň gyralarynda hem ýan ýodalar bolmansoň, mekdebe gatnaýan okuwçylar palçyga bulaşmajak bolup, asfalt ýollardan ýöreýärler diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.

Awtomobil ýolunda ýöräp barýan mekdep okuwçylary. Arçman obasy, maý, 2022 ý.
Awtomobil ýolunda ýöräp barýan mekdep okuwçylary. Arçman obasy, maý, 2022 ý.

“Bu bolsa, ýol hadysalaryna sebäp bolup bilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy ene-atalary hüşgärlige çagyrýar.

Hususan-da, başlangyç mekdeplerdäki kiçi ýaşly mekdep okuwçylary palçykly ýollarda üstüni hapalaýarlar.

25-nji ýanwarda günuzyn kä ýagyş, kä gar gatyşykly ýagyş ýagdy. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi 26-njy ýanwarda hem Mary welaýatynda gar gatyşykly ýagyşyň ýagmagyna garaşylýandygyny, ýollarda sürçek we ümüriň bolmagynyň mümkindigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy palçyk ýollarda mekdebe gatnaýan çagalaryň ençemesinde gyş köwüşleriniň ýokdugyny, olaryň heniz hem ýaz köwüşlerinde mekdebe gatnaýandyklaryny habar berýär.

“Ene-atalarda täze köwüş almaga pul ýok” diýip, oba ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Bu aralykda, Mary welaýatynyň sebit merkezinde ýene-de arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri güýçlenýär.

Jemagat gullugynyň işgärleri ýagynly howada şäherde arassaçylyk işlerini dowam etdiler, ýagynly howada köçeler ýuwuldy.

“Munuň sebäbi ýakyn wagtda sebite Berdimuhamedowlaryň biriniň sapar etmegine garaşylmagy bilen düşündirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Jemagat gullugynyň işgärlerine salgylanýar.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-12-nji ýanwarda Mary welaýatyna sapar edip, gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda işleriň barşy bilen tanyşdy, şeýle-de bir çopan goşuna, Gurbanguly hajy metjidine hem-de bir howa bazasyna baryp gördi.

“Welaýatda diňe etrap merkezleriniň we şäher ýerleriniň köçeleri abatlanýar” diýip, oba ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Oba ýerlerinde ýollar ünsden düşürilýär, ýagynly howada köçeler palçyga bulaşýar. Bu bolsa gyş paslynda, palçykly ýolda, ýaz köwşünde mekdebe gatnaýan kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň şertlerini kynlaşdyrýar.

Türkmenistanda şäherleriň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri Jemagat gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilýär, ýöne döwlet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli hökümet resmileriniň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda şeýle çäreler has-da güýçlendirilýär. Köpçülikleýin ýowarlar geçirilip, býujet işgärleri hem arassaçylyk işlerine çekilýär.

“Haýsy baştutanyň geljegi belli däl, onuň haçan geljegi hem aýdylmaýar. Ýöne her bir edara-kärhanadan 10-15 çemesi adam ýowara ugradylýar. Olar ýollaryň gyralaryndaky otlary çapmaly, açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýän binalary arassalamaly” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen şenbe güni Arkadag şäherine, ondan öňki şenbe güni Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Bu aralykda, şu günler Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG