Şu günler Lebapda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) awtoulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi güýçlendirdi. Sürüjiler PÝGG-niň diňe düzgün bozanlara däl, eýse köçe-ýol hereketiniň talaplaryny berjaý edýän raýatlara hem, dürli bahanalar esasynda, jerime ýazýandygyny ýa-da olary para bermäge mejbur edýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 19-njy ýanwarda sebitden maglumat berdiler.
“Çärjew etrabynyň ýollarynda irden sagat 8-den agşam sagat 9-a çenli aralykda 15-den gowrak nokatda ýol polisiýasyny görse bolýar. Olar esasan ‘Ýassydepe’ we ‘Lebap’ daýhan birleşiklerinden Türkmenabat şäherine barýan gara ýoluň ugrunda durýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Bu ýoluň tas ähli böleginde ulagyň tizliginiň sagatda 40 kilometrden ýokary bolmaly däldigi barada ýol belgileri bar. Elleri radarly polisiýa işgärleri ulagyny sähel ýokary tizlikde süren sürüjileri hem saklap, olara 50-70 manat aralygynda jerime ýazýarlar.
“Ýol polisiýasynda töleg terminaly bar. Sürüji terminal arkaly jerimäni nagt däl görnüşde töläp bilse, onda onuň sürüjilik şahadatnamasy elinden alynmaýar. Bank kartynda puly bolmadyk sürüjiler 10 günden soň PÝGG-niň edarasyna baryp, jerimäni töläp, sürüjilik şahadatnamasyny yzyna alyp bilýärler” diýip, lebaply sürüji anonim şertde gürrüň berdi.
Ýöne polisiýa işgärleri 50 manat para beren sürüjilere hiç hili jerime salynmajakdygyny hem aýdýarlar. Sürüjileriň tassyklamagyna görä, köp adam jerimäni tölemek üçin ýol polisiýasyna gidip, ençeme sagatlap wagt sarp etmegiň deregine para bermegi saýlap alýar.
PÝGG diňe köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozanlary däl, eýse ýoldan geçip barýan ähli ulaglary saklaýar, we dürli bahanalar esasynda, sürüjileri jerime tölemäge ýa-da para bermäge mejbur edýär.
“Olar ähli ulaglary ýekeme-ýeke saklap, sürüjileriň alkogol içip-içmändigini anyklamak üçin, olaryň agzyny barlaýarlar. Eger sürüji spirtli içgi içmedik we onuň ähli resminalary düzüw bolsa, onda onuň apteçkasyny, kemerini barlaýarlar ýa-da ulagyň daşy hapa diýip, jerime ýazýarlar. Köp sürüji ulagynyň hapa däldigini düşündirmäge çalyşýar, ýöne ýol polisiýasy ‘ulagyň hapa bolmasa-da, onuň reňki solupdyr’ diýip, jerime ýazýar ýa-da para talap edýär” diýip, lebaply sürüji belledi.
Iri şahly mallary ýa-da beýleki ýükleri daşaýan uly ýük ulaglaryň sürüjileri şu günlerde özleriniň Çärjew-Türkmenabat aralygynda bermeli bolýan gündelik parasynyň möçberiniň 200 manada ýetýändigini aýdýarlar.
“Her nokatdaky ýol polisiýasyna 10-20 manat aralygynda para berip, barmaly ýeriňe ýetýärsiň” diýip, lebaply ýük ulag sürüjisi aýtdy.
Sürüjiler “dürli bahanalar bilen özlerinden para alynmagyna" nägilelik bildirýärler, ýöne arzlaryny diňlejek resminiň ýokdugyny hem belleýärler.
Habarçymyz bilen anonim şertde söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň birnäçesi bolsa, özleriniň “ýokardan berlen tabşyrygy ýerine ýetirýändigini” aýdýar.
“Her bir ýol polisiýasy günde 30-40 sürüjä jerime ýazmaga ýa-da olardan şol möçberdäki parany almaga borçly edildi. Bu günedlik plany dolmadyklara işden çykarylmak howpy abanýar” diýip, ýol polsiýasy anonim şertde belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada sebitiň ýol polisiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda PÝGG-niň işgärlerinden gündelik planyň talap edilýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi. Häkimiýetler bu talaby wagtal-wagtal güýje girizýärler. Adatça, şol döwürde PÝGG-niň awtoulag sürüjileriniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edişine gözegçiligi güýçlenýär.
Ýol polisiýasy diňe düzgün bozanlara däl, eýse köçe-ýol hereketiniň talaplaryny berjaý edýän raýatlara hem, dürli bahanalar esasynda, jerime ýazýar ýa-da olary para bermäge mejbur edýär. Raýatlar bu çäreleri “häkimiýetleriň halky talamak, ilatyň hasabyna býujeti ýa-da öz jübülerini dolmak tagallalary” häsiýetlendirýärler.
Şuňa meňzeş çäreler barada şu hepdäniň başynda Marydaky habarçylarymyz hem maglumat berdiler. Şonda ýol polisiýasy sebite ýagan ýagşyň yzysüre köçelere çykyp, awtoulaglarynyň daş ýüzi hapa sürüjileri saklap başlady we sürüjilere jerime salmak ýa-da olardan para almak çärelerini güýçlendirdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ulag sürüjileriniň ýüzbe-ýüz bolýan bu ýagdaýlary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum