Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşyda ilatdan baýramçylykda özlerine we çagalaryna göz-gulak bolmak barada dil haty alynýar


Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, oturyşlyk guramazlyk, üýşmeleňlere hem özleriniň, hem-de çagalarynyň gatnaşmazlygy hakynda dil hatyna gol çekip, jogapkärçilige çekilmäge razylyk bildirýär.
Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, oturyşlyk guramazlyk, üýşmeleňlere hem özleriniň, hem-de çagalarynyň gatnaşmazlygy hakynda dil hatyna gol çekip, jogapkärçilige çekilmäge razylyk bildirýär.

Türkmenistanda baýramçylyklaryň golaýlamagy bilen häkimiýetler howpsuzlyga gözegçiligini artdyrýar. Türkmenbaşyda komendant sagady girizildi, polisiýa agşamlaryna köçelerdäki adamlary saklaýar, häkimiýetleriň "ygtybarly" hasaplamadyk adamlary wagtlaýyn tussag astyna alynýar. Ene-atalardan öz çagalaryna göz-gulak bolmak barada dil haty alynýar.

Türkmenbaşynyň ýaşaýjylary Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynda ýangyn howpsuzlygyny berjaý etjekdiklerini, oturyşlyk guramajakdygyny we üýşmeleňlere hem özleriniň, hem-de çagalarynyň gatnaşmajakdygyny ýazmaça görnüşde kepil geçmäge mejbur bolýarlar. Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylara ýörite kagyza gol çekdirýär.

"Ýangyn howpsuzlygy gullugy öýlere aýlanyp, raýatlardan ýangyn howpuny düşündirýär we hata gol çekdirip alýarlar. Elektrik enjamlary hem barlaýarlar" diýip habarçy 7-nji dekabrda Balkan welaýatyndan habar berdi.

Şeýle resminama gol çeken raýat talaby bozan halatynda jogapkärçilige çekilmäge razylyk bildirýär.

Ilata baýramçylykda oturyşlyk guramazlyk we ene-atalaryň düzgün bozan çagalary üçin jogapkärçilige çekiljegi barada şuňa meňzeş duýduryşlar öňem berlipdi. Geçen ýyl dekabr aýynda mugallymlar, okuwçylar we olaryň ene-atalary petardalaryň ulanylmazlygy barada duýdurylyp, talaby bozanlara garşy türme tussaglygy ýaly çäreleriň ulanyljagy aýdylypdy. Ondan ozalky ýyllarda elde ýasalan petardalardan heläkçilikli ýagdaýlar ýüze çykypdy.

Bu aralykda Türkmenbaşyda polisiýanyň patrul ulaglary aýlanýar we agşam 21-den soň köçede ýören adamlary saklaýar we polisiýa bölümlerine äkidýär. Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen polisiýa işgärleri "köçede maksatsyz gezýänleriň" saklanýandygyny aýdýarlar. Saklanan raýatlar wagtlaýyn tussaghana salynýar.

Köçede saklanan adamlar köplenç gijesini polisiýa bölüminde geçirmeli bolýarlar.

"Saklanan adamlar agşamdan ertesi sagat 10-a çenli [tussaghanada] galmaga mejbur bolýarlar, haçan-da polisiýanyň başlygy gelip gol çekýänçä" diýip, ýagdaýdan habarly türkmenbaşyly çeşme aýdýar.

Şäher ýaşaýjylary komendant sagadynyň girizilmeginden bihabar galýarlar. Agşamlaryna köçä çykmaga çäklendirme girizilendigi barada ilata resmi taýdan habar berilmändir.

Şeýle-de Türkmenbaşynyň häkimiýetleri ozalky ýyllaryň tejribelerine eýerip, "ygtybarly hasaplamadyk" raýatlary wagtlaýyn tussag astyna almak çäresini geçirýärler.

"Narkologiýa hasabynda duran arakhorlary Akdaş türmesiniň ýanyndaky izolýatorda 3-nji ýanwara çenli saklamak hakda ýokardan karar edildi diýip, polisiýa töwerekdäki ähli arakhorlary alyp gitdi" diýip, türkmenbaşyly söhbetdeşleriň ýene biri gürrüň berdi.

Ýagdaýdan habarly çeşme 5-nji dekabrda başlanan bu işiň "şäherde baýramçylyk günlerinde asudalygy saklamak maksady" bilen edilýändigini belledi. Şeýle-de onuň sözlerine görä, şäherde dilegçi çagalar, dilegçilik edýän maýyp adamlar we öýsüzler hem wagtlaýyn tussaghana alnyp barylýar.

Ozallar bolşy ýaly ýurduň başga ýerlerinden gelip Türkmenbaşyda işleýän içerki migrantlar hem ýaşaýan ýerlerine kowulýar. "Olardan 10-njy ýanwardan öň Balkan welaýatyna gelmejekdikleri hakda dil haty alynýar" diýip çeşme aýdýar.

Mundan daşary alkogol içgileriniň we çilimiň söwdasyna gözegçilik güýçlendi. Söwda nokatlarynda alkogol içgileriniň we temmäki önümleriniň satylmazlygyna gözegçilik edilýär.

Ýeri häkimiýetler we polisiýa çäklendirmäniň sebäbini düşündirmeýärkä, bu ýagdaý ýurduň Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görýän wagtyna gabat geldi.

12-nji dekabrda bellenýän Bitaraplyk senesiniň öňýany ýurtda ýyllarboýy howpsuzlyk çäreleri girizilýär we ilat dürli çäklendirmelere sezewar bolýar. Ýurduň bir welaýatyndan paýtagta ýa-da başga iri şäherlere baryp, gazanç edýän içerki migrantlar ýazga duran ýerlerine ugradylýar, narkologiýa hasabynda duranlar wagtlaýyn tussag astyna alynýar, ilatyň hereket azatlygy çäklendirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG