Häkimiýetler Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda, şol sanda etrap merkezinde ýerleşýän orta mekdeplerde ýokary klaslardaky gyz okuwçylaryň arasynda barha köp hasaba alynýan göwrelilik hadysalarynyň arasynda, mekdeplerde ahlak gözegçiligini güýçlendirýär, ene-atalar bilen ýygnaklary guraýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
Çarşenbe güni Baýramalynyň bir orta mekdebinde häkimiýet wekilleri lukmanlar bilen bilelikde ýokary klas okuwçylary bilen gürrüňdeşlik, ene-atalar bilen ýygnak geçirdi.
Hukuk goraýjy edaralaryň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde, mekdeplerdäki barlaglary soňky wagtlarda jynsy gatnaşyk edip tutulýan ýokary klas gyz okuwçylaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrdy.
“Ak halatly bir erkek adam ýokary klas oglanlaryň at-familiýalaryny bellik etdi. Iki sany lukman zenan ýokary klaslardaky gyzlary barlady” diýip, mekdeplerdäki barlaglardan habarly bir ýaşaýjy aýdýar.
Okuwçylar bilen geçirilen duşuşyklaryň yz ýany, häkimiýet wekilleri we lukmanlar ene-atalar bilen ýygnak geçirdi.
Ýygnaklarda ata-enelere çagalaryň edep-terbiýesine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
“Çagalaryňyza berk gözegçilik ediň! Kim bilen gürleşýär, kim bilen hat alyşýar, kim bilen halaşýar, gözegçilik ediň! Internetden daşda saklaň, ellerine mobil telefon bermäň” diýip, ýygnakda çykyş eden lukman ata-enelere ýüzlenýär.
Türkmenistanda häkimiýetler, polisiýa işgärleri häli-şindi mekdeplerde okuwçylar bilen ýygnak geçirip, tertip-düzgüni wagyz edýär. Düşündiriş işlerinde köplenç, edep-terbiýäni öňe sürmek bilen bir hatarda, akylly telefonlardan we Internetden erkin peýdalanylmagy ýazgarylýar.
Baýramalynyň orta mekdeplerindäki çykyşlarda soňky wagtlarda ýokary klas okuwçy gyzlaryň arasynda göwrelilik hadysalarynyň köpelýändigi, abort üçin lukmanlara ýüz tutýan gyzlaryň sanynyň artýandygy bellenildi.
Şeýle-de, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri soňky wagtlarda göwreli bolup, özüniň göwreli bolandygyny ata-enesine aýtmaga gorkýan we öýüni terk edýän okuwçy gyzlaryň hasaba alynýandygyny aýdýarlar.
“Mekdeplerdäki barlaglar şeýle hadysalary ýüze çykaryp, bu barada okuwçylaryň hossarlaryna hem-de hukuk goraýjy edaralara habar bermegi göz öňünde tutýar” diýip, ýygnakda çykyş eden bir resmi aýdýar.
Ýöne ýygnaga gatnaşan ene-atalar şeýle barlaglaryň we terbiýeçilik wagyzlarynyň netijeliligini sorag astyna alýarlar.
Olar barlaglaryň yz ýany, garşysyna göreşilýän hadysalaryň azalýandygy ýa-da artýandygy barada hasabat berilmeýändigini aýdýarlar.
Ýygnaga gatnaşan bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ykdysady ýagdaýy pes hojalyklaryň ýa-da hossarlary türme tussaglygyna höküm edilen çagalaryň şeýle sosial meseleleriň garşysynda gowşak we gowuşgynsyz galýandygyny aýdýar.
Beýleki bir gatnaşyjy ykdysady ýagdaýy pes maşgalalarda hem ýetginjek gyzlaryň arasynda ten satmaga meýil edýän ýaş gyzlara duş gelinýändigini aýdýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri şeýle meseleleri aç-açan ara alyp maslahatlaşmaýar.
Şol bir wagtda, synçylar Türkmenistanda zenanlaryň arasynda islenilmeýän göwreliligiň öňüni almak boýunça sowatlylyk we habarlylyk kampaniýalarynyň gowşak alnyp barylýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti gowşak gatlagy goramaga gönükdirilen meýilnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdýar, ýöne ykdysady kynçylyklaryň ýol açýan sosial meseleleri barada gürrüň gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum