Türkmenistanyň mekdeplerinde ýokary klas okuwçylarynyň, hususanda gyzlaryň arasynda “ahlak terbiýäni ýokarlandyrmaga” gönükdirilýändigi aýdylýan sapaklar ýene-de gün tertibine getirildi. Bu işlere çekilen terbiýeçileriň käbiri ýaşlar üçin zerur hasaplanýan jynsy terbiýäni öwretmegiň, munuň bilen bagly ýüze çykyp biljek meseleler barada habarly etmegiň deregine, häkimiýetleriň diňe dini wagyz-ündewler, şeýle-de sosial ulgamlara garşy çykyşlar bilen çäklenýändiklerini belleýär.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, resmiler sebitdäki mekdeplerde ýaşlaryň ahlak häsiýetine ünsi artdyrmagynyň sebäbini orta mekdeplerde okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy ýa-da ten söwdasyna baş goşmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
“Maryda soňky günler ýokary klas mekdep okuwçylarynyň ahlak terbiýesi barada ýygnaklar geçirilýär. Emma bu umumy wagyz-ündewler bilen çäklenip, ýaşlaryň jynsy gatnaşyklary barada asla gürrüň edilmeýär. Mugallymlar we bu ýygnaklara gatnaşdyrylýan beýleki ýerli resmiler hiç bir delil ýa subutnama getirmän, mobil telefonlaryň, sosial ulgamlaryň ýaşlaryň ahlagyny bozýandygyny öňe sürýärler” diýip, ýaşlaryň jynsy terbiýesini bu görnüşde öwredilmegi bilen närazydygyny aýdan ýerli mugallymlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň üýtgedilip Jahan diýlip tutulmagyny soran 30 ýaşlaryndaky mugallyma ýaşlaryň bu görnüşdäki ündewlere “gulak gabartmaýandygyny” hem belledi.
“Ýaşlara hakyky durmuşy sapaklar berilmeli. Goragsyz jynsy gatnaşyklaryň mümkin howplary, olaryň öňüni almagyň usullary, şeýle-de garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda özüni alyp barmagyň ýollary barada maglumat berilmeli. Munuň deregine, resmiler ýaşlar bilen hüjüm edýän äheňde gürleşip, olary utandyrjak, sussuny basjak bolýarlar. Ikiçäk gürrüňdeşlikde okuwçylaryň bu görnüşde ýetirilýän maglumaty asla kabul etmeýändigini aňsa bolýar” diýip, maryly mugallyma 24-nji martda gürrüň berdi.
Jahan häkimiýetleriň ýaşlaryň jynsy terbiýesi barada açyk gürrüň etmekden gaçmagynyň netijesinde, dürli oňaýsyz, kähalatlarda bolsa, pajygaly ýagdaýlaryň hem ýüze çykýandygyny nygtady.
“Ýokary klas okuwçylarynyň jynsy durmuşy eýýäm mekdep partasynda başlanýar. Muny görmezlige salyp, inkär etmek samsyklykdyr. Ýaşlar jynsy meselelerini ene-atalary bilen hem gürleşip, açyk maslahat edip bilmeýärler. Sebäbi türkmen maşgalalarynyň köpüsinde bu mesele henizem gadagan, tabu hasaplanýar. Netijede, dürli howplar barada habarsyz ýaşlaryň arasynda islenmeýän göwrelilik ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Gyzlaryň köpüsi bu ýagdaýyň köpçülige aýan bolmagyndan howatyr edip, çagasyny düşürdýär. Bu sebäpli öz janyna kast eden gyzlary hem bilýärin” diýip, sekiz ýyllap mugallymçylyk bilen meşgullanýan Jahan belledi.
Ol häkimiýetleriň bu ýagdaýlardan çykalgany okuwçylaryň mobil telefonlary ulanmagyny gadagan etmek we sosial medialary yzarlamagyny çäklendirmek çärelerinde görýändiklerini hem sözüne goşdy.
“Beýdip meseläni asla-da çözüp bolmaz. Ýokary klas gyzlaryň käbiri soňky gadjetleri, täze lybaslary edinmek, esasan hem ýurtdaky açlygyň arasynda doka-garyn iýmitlenmek üçin tenini satýarlar. Ýaşlaryň ahlagy barada çykyş edýän ýerli emeldarlaryň ençemesiniň ýetginjek ýaşy dolmadyk gyzlar bilen puluna jynsy gatnaşyga girýändigini anyk bilýärin” diýip, Jahan sözüni ýetirdi.
Azatlyk Radiosy ýokarky ýagdaýlar boýunça Mary welaýatynyň bilim edaralarynyň wekillerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.
Türkmenistanda orta mekdep okuwçylarynyň ahlak häsiýetine bagyşlanan ýygnaklar tutuş ýurt boýunça yzygiderli geçirilýär. Duşuşygy gurnaýjylar mugallymlary we mekdep okuwçylaryny "ahlakly" bolmaga berk duýduryş berýärler.
Türkmenistanyň döwlet habar beriş serişdeleri okuwçylaryň ahlagyna degişli talaplar we häkimiýetleriň bu mesele boýunça alyp barýan işleri barada maglumat bermeýär.
Bu aralykda, TikTok we Instagram ýaly sosial ulgamlaryň meşhurlygy, türkmen ýaşlarynyň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda artýarka, ýurduň häkimiýetleri köpçüligiň internete girmegine berk gözegçilik etmegini we VPN-i petiklemek synanyşyklaryny hem dowam etdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.