Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlar ‘köpelýär’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda şu ýylyň iýun we iýul aýlarynda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň köpelendigini synlasa bolýar. Bu raýatlar maşgalasyndan, şol sanda çagalaryndan we watanyndan aýra düşmegine ýurtda giň ýaýran işsizligiň we ýaşaýyş şertleriniň günsaýyn gymmatlamagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 1-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.

“Soňky iki aýyň dowamynda müňlerçe adam daşary ýurda işlemäge gitdi diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi Çärjew, Dänew we Saýat ýaly etraplaryň her bir obasyndan onlarça adamyň gidendigini bilýärin. Etrapdyr obalarda adamlaryň göz-görtele azalandygyny synlasa bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Raýatlaryň aglabasy esasan Türkiýäniň Stambul we Russiýanyň Kazan şäherlerine gidýär. Munuň sebäbi bu ýurtlara wiza almagyň, beýleki döwletler bilen deňeşdirlende, birneme aňsat bolmagy bilen baglanyşykly.

Lebaplylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýurtda işsizligiň gerimi şeýle bir derejä ýetdi welin, hatda ýokary bilimli ýaşlara hem iş tapdyrmaýar.

“Biziň aramyzda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda arhitektor, tehnologiýa aragatnaşyklar, awiasiýa, ykdysadyýet ugurlary boýunça okuwy tamamlap gelen ýaşlar bar. Ýöne tas hiç kim iş tapyp, işläp bilmeýär” diýip, lebaply bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçymyz işsizligiň esasanam welaýatlarda ýiti duýulýandygyny, munuň sebäbiniň ýurduň köp pudagy üçin işgärleriň paýtagt Aşgabatdan saýlanyp alynmagy bilen baglanyşykly.

“Mysal üçin, otly prowodnigi bolup işe alynjak raýatlar diňe Aşgabatda ýazgyda duran bolmaly. Welaýat ýaşaýjylaryny bu işe almaýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Gazanç gözleginde iýulyň başynda Stambula gelen saýatly bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, ýurtda tanyş-biliş bolmasa, orta bilimlilere kadaly aýlykly iş tapmak asla başartmaýar.

Türkmen raýatlarynyň biriniň iş gözleýändigi barada IMO messenjerinde paýlaşan bildirişi
Türkmen raýatlarynyň biriniň iş gözleýändigi barada IMO messenjerinde paýlaşan bildirişi

“Olar ujypsyz aýlyga gündelik işlerde işlemäge razy bolmaly bolýarlar. Bu aýlykdan pul üýşürip, ogul-gyzyňy okatmak, maşyn ýa jaý satyn almak beýlede dursun, bu aýlyk güzeranyňy ýarym aý eklemäge-de ýetmeýär. Köp adam bergä batyp, aýdan aýa karz alyp ýaşaýar” diýip, saýatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz soňky aýlarda IMO messenjerinde özi we iş ukyplary barada maglumatlary paýlaşyp, iş gözleýän raýatlaryň hem köpelendigini aýdýar.

Şeýle bildirişleriň birinde özüni 26 ýaşynda diýip tanadýan raýat Russiýanyň ÝOJ-larynyň birinde senagat elektronikasy boýunça ýokary bilim alandygyny, ýaramaz endiginiň ýokdugyny, harby gullugy tamamlandygyny, kompýuterden başynyň çykýandygyny aýdyp, iş gözleýändigini beýan edýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda migrasiýa wekillerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Lebapda daşary ýurtlara işlemäge gidýänleriň köpelmegi, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar, işsizlik, çörek, un nobatlary we ilatyň durmuş ýagdaýynyň peselýändigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlara işlemäge giden raýatlarynyň sany baradaky statistikany ilat köpçüligine aç-açan elýeterli etmeýärler. Ýöne olar raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegini çäklendirmek ugrundaky çärelerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Soňky aýlarda raýatlaryň biometriki pasport almakdaky kynçylyklary ýitileşip, pasport üçin resminama tabşyrmagyň nobaty dekabr aýyna çenli uzady.

Bellesek, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin Türkiýä we Russiýa köpçülikleýin gitmegi, geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmen raýatlary üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyran türk häkimiýetleriniň ýurtdaky bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendiren mahalyna gabat gelýär.

Şeýle-de, geçen ýyl Ukraina garşy esassyz urşa başlan Russiýada merkezi aziýaly zähmet migrantlary bilen bagly dürli habarlaryň peýda bolmagy dowam edýär. Geçen hepde Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby Donetsk sebitiniň basylyp alnan Gorlowka şäherinde ýerleşýän rus goşunlarynyň arasynda Özbegistanyň raýatlarynyň bardygyny, olaryň Mariupola gurluşyk işlerinde işlemek üçin gelendigini, soňra pasportlary ellerinden alnyp, meýletinçiler hökmünde, basyp alyjy goşunlaryň hataryna alnandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG