Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmeýär


Döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna duran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty
Döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna duran ýaşaýjylar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň gytçylygy saklanyp galýan mahaly, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda raýatlara ýanwar aýy üçin un paýy satylyp başlandy. Ýöne dükan işgärleriniň raýatlardan unuň ýanyndan bazar nyrhyndan iki manat gymmat satylýan günebakar ýagyny almagy talap etmegi, türkmengalalylaryň begenjine kölege salýar.

“Sebit bazarlarynda 22 manat bahalanýan bu ýag döwlet dükanlarynda 24 manatdan satylýar. Dükan satyjylary ýag almadyklara unuň berilmejekdigini aýtdylar” diýip, türkmengalaly bir ýaşaýjy 12-nji iýulda gürrüň berdi.

Üstesine-de, bu ýaglaryň aglabasynyň ýaramlylyk möhleti geçen. Muňa garamazdan, ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen köp maşgala unuň bazar bahasynyň has gymmatdygyny aýdyp, günebakar ýagyny satyn almaga razy bolýar.

"Bäş kilogram un 5 manada düşýär. Bazarda unuň bir kilogramynyň bahasy 10 manatdan başlanýar” diýip, türkmengalaly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmengalalylaryň ençemesiniň sözlerine görä, günebakar ýagyny satyn almak mejburylygy, döwlet dükanlaryndaky harytlaryň aglabasynyň nyrhlarynyň hususyýetçilerdäki bahalar bilen deňleşmegi bilen ilteşikli.

“Döwlet dükanlarynda subsidirlenen önümleriň görnüşleri köp mahaly, dükan işgärleri bu önümleri ilata doly paýlaman, belli bir bölegini hususyýetçilere satyp peýda görýärdiler. Indi bu günki günde özlerine gelýän ýag bazar nyrhy bilen deňleşensoň, dükan işgärleri halka bu önümleri gymmatdan satyp, peýda görýärler” diýip, başga bir türkmengalaly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu barada Türkmengalanyň söwda edarasy, şeýle-de ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Dükan işgärleriniň ilat üçin niýetlenen harytlary üçünji taraplara, şol sanda hususy söwdagärlere satyp, bikanun gazanç edýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmengalanyň döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk paýlarynyň sanawynda un, çörek we pagta çigidiniň ýagy saklanyp galýar.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk döwlet dükanlarynyň harytlaryna garaşly bolup galýar.

Türkmenistanda galla oragy dowam edýän mahaly, ýurduň, hususan-da Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek we un ýetmezçiligi güýçlendi. Uzyn nobatlarda garaşýan adamlar ýeterlik mukdarda çörek satyn alyp bilmeýärler, nobatlarda nägilelikler, basa-baslyklar we ýakalaşyklar döreýär.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler çörek nobatlaryna gözegçiligi güýçlendirip, gözegçilik kameralaryny barlaýarlar we nägile adamlary ýüze çykarmak üçin maglumat toplaýan ýörite adamlary dükanlara ugradýarlar.

Ýurtda bugdaý planynyň doly ýerine ýetirilendigini tas her ýyl gaýtalaýan türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynda ençeme ýyl bäri dowam edýän un we çörek gytçylygyny boýun alman gelýärler.

Şu ýyl ýurt boýunça 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG