Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly isleg bildirilýärkä, Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky döwürde iňlis dilini öwrenmäge islegleriň artýandygyny habar berýärler. Bu aralykda ýurtdaky rus diplomaty Türkmenistanda rus diline uly üns berilýändigini belledi.
Habarçylar Russiýa imigrasiýanyň we işçi güýjüniň akymy artýarka rus diliniň meşhur bolmagyna galýandygyny, emma soňky döwürde iňlis diliniň has-da meşhur bolandygyny aýdýarlar. Türk dili-de henizem meşhur bolup, muňa esasan Türkiýä zähmet migrasiýasynyň we Türkmenistanda türk telewideniýesiniň meşhurlygy sebäp bolýar. Birnäçe ýyl ozal türk dilindäki mekdepleriň köpçülikleýin ýapylmagyndan soň, türk dilini öwrenmek mümkinçiligi ep-esli azaldy.
Şu günki gün rus we iňlis dilleri türkmen mekdeplerinde daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär.
Habarçylar berilýän bilimiň derejesiniň ene-atalaryň isleglerine laýyk gelmeýändigini belleýärler. Çagalaryna kadaly bilim bermek isleýän ene-atalaryň köpüsi olary ýöriteleşdirilen synplara ýerleşdirmäge ýa-da pula mugallym tutmaga çalyşýarlar.
"Daşary ýurt dili sapaklary türkmen dilinde geçirilýär. Öwredilýän dilde tas düýpden gürlemeýärler. Çagalar mugallymlaryň terjime edip, tagtada ýazýan tekstlerini ýat tutýarlar. Şonuň üçin köp okuwçy hatda salamlaşmagy we iňlis dilinde özüni tanyşdyrmagy hem bilenok" - diýip, Mary şäherindäki mekdepleriň birinde okaýan çagalaryň ejesi gürrüň berýär.
Maryda daşary ýurt dillerini öwredýän "Altyn Göreç" we "Miras" ýaly dil merkezleri üç aýlyk sapaklary 1200 manada (Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň hümmeti 342,6 dollar-red.) hödürleýär.
Ýurtda rus dilini öwrenmek üçin mümkinçilik has köp. Marydaky mekdepleriň köpüsinde, şol sanda 4, 5, 25, 14, 39-njy mekdeplerde rus dilinde sapak berýän birnäçe klas bar.
Türkmenistanda rus diline üns berilýändigini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin belläp geçdi. Rus diplomaty 12-nji iýunda ilçihananyň web sahypasynda çap edilen makalasynda Türkmenistanda rus diline uly üns berilýändigini, ýurtda rus dilinde sapak berýän 71 mekdebiň bardygyny we filmleriň paýtagtyň iň uly söwda we güýmenje merkezlerinde görkezilýändigini we Aşgabatda Rus kinosynyň we animasiýa hepdeliginiň geçirilendigini aýtdy.
Şeýle hem ilçi gün tertibinde rus-türkmen bilelikdäki uniwersitetiniň taslamasy, A.S.Puşkiniň adyndaky Rus-Türkmen Bilelikdäki orta mekdebiniň başlangyç synplary üçin täze binanyň we Döwlet Rus drama teatrynyň täze binasynyň açylmagy ýaly planlaryň bardygyny mälim etdi.
Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleriniň rus diline bolan garaýşy geçen ýyl düýpgöter üýtgedi.
Russiýanyň Ukrainanyň çäginde alyp barýan ýaragly hüjüminiň fonunda 2022-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary güýçlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa resmi sapar edipdi. Ol 2-nji noýabrda Federasiýa Geňeşinde çykyş edip, Türkmenistanda rus diline, edebiýatyna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna "gaty hormat goýulýandygyny" aýdypdy. Türkmenistanyň öňki prezidenti ähli ýokary okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde rus diliniň öwredilýändigini aýtdy we türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny mälim etdi.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistandaky orta mekdeplerde rus dilindäki sapaklar köpçülikleýin ýapylypdy. Şonda Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolup geçýän wakalara reaksiýa bildirip, bu barada türkmen tarapdan düşündiriş sorapdy.
2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde çagalar baglarynda körpelere daşary ýurt multfilmlerine, şol sanda rus dilindäki multfilmlere tomaşa etmek gadagan edilipdi. Şeýle-de, şonda býujet işgärlerinden türkmen diliniň arassalygyny saklamak talap edilipdi we muňa gözegçilik güýçlendirilipdi.
Bu aralykda, döwlet habar gullugynyň maglumatlary köplenç başda rus dilinde, soňra türkmen dilinde çap edilýär. Hökümetçi onlaýn neşirler-de habarlarynyň köpüsini rus dilinde çap edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum