Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda döwlet işgärleri türkmen diliniň "arassalygyny" berjaý etmeli


Türkmenistanda kabul edilen egin-eşik düzgüni iň kiçilerden başlap, iň ýaşululara çenli berjaý edilmeli.
Türkmenistanda kabul edilen egin-eşik düzgüni iň kiçilerden başlap, iň ýaşululara çenli berjaý edilmeli.

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işgärlerinden, özara aragatnaşykda, başga dillerden söz garman, arassa türkmen dilinde geplemek talap edilýär. Şeýle talap bilen Lebap welaýatynyň býudjet işgärleri-de ýüzbe-ýüz boldular, olar özara gepleşikde rus hem özbek sözlerini garyşdyryp ulanýandygy üçin duýduryş aldylar. Mundan başga-da, döwlet edaralarynyň işgärleriniň daşky sypaty – egin-eşikleri üçin talaplar has-da güýçlendirildi. Şu aýyň başynda, Azatlyk Radiosy çagalar baglarynda rus dilinde multfilm görkezmegiň gadagan edilendigini habar beripdi.

Farap etrabynyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymynyň aýtmagyna görä, býudjet guramalarynyň işgärlerine täze talaplar geçen hepde yglan edilipdir.

“Özara gatnaşykda dil bilen baglanyşykly täze talaplar ýene bir gezek girizildi, şoňa laýyklykda döwlet işgärleri iş wagtynda arassa türkmen dilinde gepleşmeli. Mysal üçin, bize rus, özbek ýa-da türk dillerinden sözleri garyp ulanýandygymyz üçin, agyr jerime salynjakdygyny duýdurdylar" diýip, adynyň nämälim galmagyny şert edip goýan mugallym Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Belläp geçsek, Lebabyň Farap we beýleki etraplarynda, şeýle hem Daşoguz welaýatynda köp sanly etniki özbekler ýaşaýarlar. Olar öz ene dilini giňden ulanýanlar, hatda ýerli türkmen şiwe dillerinde-de özbek sözlerini garyşdyrýarlar.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, türkmenler hem köplenç rus dilinden peýdalanýarlar. Azatlyk hem Türkmenistanyň ilatynyň arasynda türk diliniň meşhurlygynyň artýandygyny habar berdi.

Azatlygyň söhbetdeşi döwlet edaralarynda beýleki dilleriň ulanylmagyna garşy nobatdaky berkitme çäresiniň sebäbini düşündirip bilmedi.

Dynç güni sebäpli Azatlyk Lebap welaýat administrasiýasynyň işgärleri bilen habarlaşyp bilmedi.

Ýöne noýabr aýynyň ahyrynda, Lebap welaýatyndaky çagalar baglarynda rus dilinde multfilmleri görkezmegiň gadagan edilendigini Azatlyk aýdypdy.

Faraply mekdep mugallymynyň sözlerine görä, döwlet işgärlerine türkmen diliniň "arassalyk" talaplary bilen bir hatarda, milli geýim kody hakda hem duýduryş berlipdir.

“Erkekler hökmany suratda, ak köýnekli, gara kostýumly hem başy tahýaly bolmaly. Aýal-gyzlar milli köýnekde hem başy ýaglykly bolmaly, olara saçlaryny boýamak düýbünden gadagan edilýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berýär.

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem mekdepleriň we uniwersitetleriň okuwçylarynyň köpçülik ýerlerinde peýda bolmagy üçin, daşky egin-eşigiň kada laýyk bolmagy köp ýyl bäri talap edilýär. Bu talaplar yzygiderli berkidilýär hem-de diňe döwlet işgärleri bilen çäklenmeýär.

Soňky ýyllarda häkimiýetler ýönekeý raýatlaryň hem daşky görnüşine gözegçilik etmäge synanyşýar.

Sentýabr aýynda biziň habarçylarymyz döwlet edaralaryna işi düşüp gelýän ýönekeý raýatlardan hem “dogry geýinmegiň” talap edilýändigini habar berdiler.

Iýul aýynda biziň Lebap welaýatyndaky habarçymyz Farap hem Darganata etraplarynda polisiýanyň aýal-gyzlary jynsy ýa-da ýeňil hem gysga köýnek geýendikleri üçin saklandygyny habar berdi. Şeýle hem ýüzüňe reňk çalmak, saçyňy sary reňk boýamak gadagan edilipdir.

Türkmen häkimiýetleri graždanlaryň daşky geýniş düzgünleri hakda resmi düşündiriş bermän, adatça dilden buýruk esasynda görkezme berýärler. Resmiler mydama "türkmenleriň taryhyna we medeni däplerine hormat goýmagyň we milli kökleri ýatdan çykarmazlygyň" zerurlygyny umumy sözler bilen gaýtalap gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG