Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diliniň täze maglumat tehnologiýalary (IT) sözlügi we türkmenleriň sözlükçilik däpleri


Türkmen diliniň sözlükleri
Türkmen diliniň sözlükleri

Türkmenistanda täze informasiýa tehnologiýalary sözlüginiň ykjam goşundysy ulanyşa girizildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

“IT sözlük” atly täze ykjam goşundysynyň Android we iOS wersiýalary Google Play we App Store goşundy bazarlary arkaly köpçülige ýetirildi.

Döwlet metbugaty elektroniki sözlügiň halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet akademiýasy we ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) bilen bilelikde taýýarlanandygyny habar berýär.

Sözlükde maglumat-tehnologiýalarynyň esasy adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemeleri hödürlenýär. Döwlet mediasy täze onlaýn sözlügiň geljekde täze adalgalar bilen üstüniň ýetiriljekdigini, oňa ykdysady we tebigaty goramak boýunça sözlükleriň giriziljekdigini habar berýär.

Globallaşan täze dünýäniň hödürleýän tehnologiýa mümkinçilikleri ýerli dillerden aýakdaşlygy talap edýär.

Täze sözlüge maglumat tehnologiýalaryna degişli ençeme adalgalar, şol sanda Internet tory bilen bagly täze terminler girizilipdir.

Meselem, blog, blogger, blogosfera, autentifikasiýa, kompýuterleşdirmek, konferensiýa, kiberskwotting, dekodirleme ýaly sözler bolşy ýaly türkmen diline alnypdyr. Bulardan başga-da, demokratiýa, raýat jemgyýeti, korrupsiýa, medeni gurşaw ýaly adalgalar hem maglumat tehnologiýalary sözlügine girizilipdir.

Sözlükde tilsimat adalgalaryna üç dilde, rus, iňlis we türkmen dillerinde düşündiriş berilýär.

Birleşen Ştatlaryň halkara ösüş boýunça Agentligi (USAID) bilen bilelikde taýýarlanan türkmen diliniň täze IT sözlügi elektroniki giňişlikde köpçülige hödürlenýän ilkinji tehnologiýa sözlügi bolup durýar.

Türkmenistanda mundan ozal Garaşsyzlygyň ilkinji giň göwrümli sözlügi, Türkmen diliniň iki jiltlik düşündirişli sözlügi Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2016-njy ýylda çap edildi.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen diliniň täze maglumat-tehnologiýalary sözlüginden we türkmenleriň sözlükçilik däplerinden söhbet adýar. Biz bu tema boýunça Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, dilçi we edebiýatçy Hudaýberdi Hallydan interwýu haýyş etdik.

Türkmen diliniň täze maglumat tehnologiýalary (IT) sözlügi we türkmenleriň sözlükçilik däpleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG