Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mekdep we bakja garawullary alkogol barlagyna çekilýär


Çagalar bagy. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)
Çagalar bagy. Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda polisiýa işgärleri tarapyndan yzygiderli barlaglar geçirilýär. Azatlygyň Marydaky çeşmeleriniň 23-nji dekabrda beren maglumatlaryna görä, polisiýa garawullary barlaýar we olaryň alkogol içgilerini içip-içmeýändigini anyklamaga synanyşýar.

Marynyň polisiýasynyň mekdeplerde we çagalar baglarynda geçiren barlaglarynyň netijesinde nobatçylyk çekýän garawullaryň birnäçesi saklanypdyr.

"Geçen gije bir orta mekdebiň garawuly howanyň sowap, temperaturanyň minus -3° gradusa düşmegi sebäpli, ýylynmak maksady bilen 50 gram içipdir. Ony medekspertizadan geçirip, alkogol içgisini içendigi tassyklandy" diýip, polisiýadaky çeşme gürrüň berdi.

Maryly çeşmeleriň sözlerine görä, polisiýanyň soňky günlerde geçirýän barlaglarynyň netijesinde saklanan we alkogol içendigi tassyklanan adamlar işden çykarylýar.

Çeşmeler garawullaryň içgi içmegine garşy gözegçilige ýaňy-ýakynda ýüze çykan pajygaly wakanyň sebäp bolandygyny belleýärler.

"Ýaňy-ýakynda orta mekdepleriň birinde garawul ýanyna ýoldaşlaryny getirip, arak içipdir. Olaryň aralarynda goh-dawa başlanyp, uruş turdy. Ol uruşda çüýse döwülip, biri ýaralanyp, öldi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy agzalan bu waka we onuň jikme-jikleri barada Marynyň Içeri işler bölüminden resmi maglumat alyp bilmedi.

Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen polisiýa işgäri mekdeplerde we çagalar baglarynda garawullaryň işine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyrygynyň pajygaly wakadan soň berlendigini tassyklady.

"Alkogolly dawada bir garawul ýogalansoň bize özümize degişli bolan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edaralaryň, banklaryň garawullaryny her gün gije barlap durmak we irden 'gije asuda geçdi' diýip hasabat bermek tabşyryldy. Biz öňler biri jaň edip, çagyraýmasa gije dynç alardyk. Häzir ýagdaý düýbünden üýtgedi, biz her gün aýlanyp barlamaly we her garawuly barlanymdan soň gol goýduryp, tassyklamaly. Eger-de bir hadysa ýüze çykan halatynda bizi işden çykararlar" diýip, maryly polisiýa işgäri gürrüň berdi.

Azatlygyň Marydaky çeşmeleri soňky döwürde polisiýa işgärleriniň mekdeplere we çagalar baglaryna ýygy-ýygydan aýlanýandygyny belleýärler. Emma çeşmeler mekdepleriň we çagalar baglarynyň howpsuzlygyna gözegçilik edýän garawullaryň alkogol içgileri içmegine garşy göreşiň zerur bolmagyna garamazdan, tutulan adamlaryň etmişine para bilen göz ýumulýan ýagdaýlarynyň bardygyna ünsi çekýärler.

"Barlaga baran polisiýa işgärleri eger-de 200 manat para berilse garawulyň içgili halyna göz ýumup gitjekdigini aýdýarlar. Emma käbirlerde bu puly bermäge-de mümkinçiligi ýok. Garawullar ujypsyz aýlygyna çagalaryny zordan ekleýärler" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, garawullaryň işi aňsat däl. Garawulçylyk edýän adamlar köplenç gijelerini ýatman daşarda aýak üstinde geçirýärler. Polisiýanyň barlagynyň netijesinde garawul içgili diýlip, karara gelnen halatynda onuň işden çykarylmagy tutuş maşgalasynyň eklençsiz galmagyna getirýär. Bu ýagdaýda garawullar mümkin boldugyndan soralan parany bermäge synanyşýarlar.

"Çagalar bagynyň bir garawuly polisiýa işgärlerine 200 manat para berip, gutuldy" diýip, ýene bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG