Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow gözden ýiteninden soň, ýene-de döwlet mediasynyň üns merkezinde


Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw suraty)
Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw suraty)

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 25 gün töweregi jemgyýetçiligiň gözünden ýitirim bolmagyndan soň, döwlet mediasynda yzly-yzyna onuň bilen bagly habarlar çykyp başlady. Mundan öň, onuň mümkin saglyk ýagdaýlary sebäpli Germaniýada gizlin bejergi alan bolmagynyň ähtimaldygy barada, resmi ýagdaýda tassyklanmadyk, maglumatlar gowşupdy.

15-nji maýda Berdimuhamedowlaryň ulusy wise-premýerleriň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Resmi media onuň dowamynda dürli maksatnamalaryň berjaý edilişi barada gürrüň edilendigini habar berdi.

Belläp geçsek, “Watan” habarlar gepleşiginiň reportažynda Berdimuhamedowyň stoluň başyndaky beýleki ýokary derejeli resmiler bilen umumy kadry görkezilmedi. Ýagny, Berdimuhamedow we hasabat bilen çykyş eden resmiler aýry-aýrylykda görkezildi. Galyberse-de, reportažda Berdimuhamedowyň aýdan sözleri eşitdirilmedi.

Mundan ozal, resmi derejede “Milli lider” atlandyrylýan we ýurduň syýasy durmuşynda henizem kesgitleýji roly oýnaýan Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde soňky gezek 29-njy aprelde görkezilipdi.

“Watan” habarlar gepleşiniň iň soňunda berlen gysgaça reportažda onuň prezident-oglunyň tabşyrygy boýunça öňünden yglan edilmedik sapar bilen Germaniýada bolandygy, ol ýerde hem atçylyk toplumyndaky idelýän atlaryň ‘özboluşly aýratynlyklary’ bilen tanyşandygy mälim edildi.

Emma onuň haçan we näçe gün möhlet bilen Ýewropanyň döwletinde bolandygy, şeýle-de german hökümetiniň resmileri bilen duşuşyklary geçirip-geçirmändigi takyklaşdyrylmady.

Germaniýanyň atçylyk toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Raşid Meredow (sagda) gezelenç edýär
Germaniýanyň atçylyk toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Raşid Meredow (sagda) gezelenç edýär

Reportažda Berdimuhamedowyň diňe atlar we atçylyk toplumynyň işgärleri bilen gezelenji görkezildi, şol bir wagtda onuň aýdan sözleri diňe habar gepleşiniň diktory tarapyndan beýan edildi. Mundan başga-da, reportažyň bir ýerinde daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem gezip ýören pursatlaryny synlasa boldy. Ýogsa, onuň hem Berdimuhamedow bilen Germaniýada saparda bolandygy barada asla maglumat berilmedi.

65 ýaşly Berdimuhamedow bu gümürtik saparyndan öň, soňky gezek döwlet telewideniýesinde 20-nji aprelde geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde görkezildi.

Şondan bäri geçen üç hepdeden hem aşa wagt içinde, Germaniýanyň atçylyk toplumydaky gezelenji hasaba alynmasa, resmi syýasy habarlarda onuň ady ilkinji gezek geçen hepdäniň aýagynda agzalyp başlandy.

14-nji maýda Türkmen döwlet habarlar gullugy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistandaky jemgyýetiniň başlygynyň Berdimuhamedowa ýazan alkyş sözlerinden doly hatyny çap etdi.

Munuň ertesi güni resmi media Berdimuhamedowyň Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşendigi, taraplaryň sebitdäki ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandygy barada habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň tas günde-günaşa döwlet mediasynda görkezilmegi, onuň şahsyýet kultuny dabaralandyrýan reportažlaryň berilmegi – metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň arasynda agzalýan Türkmenistan üçin adaty bir ýagdaý.

Emma soňky üç hepdeden hem aşa wagt içinde, şol sanda onuň Germaniýada bolandygy baradaky resmi habardan hem soň, uly Berdimuhamedowyň geçirýän maslahatlary, daşary ýurt resmileri bilen gepleşikleri, galyberse-de gurnaýan gezelençleri barada habarlar asla çap edilmedi.

Şol bir wagtda, mundan ozallar hem ýurduň hökmürowan dolandyryjysy jemgyýetçilik gözünden uzak wagtlap ýitirim bolupdy. Has anygy, Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda birden bir aý töweregi il gözünden ýitdi we bu onuň agyr hassadygy, Germaniýada gizlin bejergi alýandygy, hatda ölendigi baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

Onuň soňky gezek jemgyýetçiligiň gözünden uçmagy hem Germaniýa bilen gönümel bagly bolmagy mümkin.

Sebäbi Berdimuhamedowyň uçarynyň Germaniýa, bu baradaky 29-njy apreldäki habardan bir hepde töweregi öň gonandygy anyklandy. Uçarlaryň gatnawyna gözegçilik edýän Flightradar24 saýtynyň maglumatlaryna görä, uly Berdimuhamedowyň ulanýan Boeing 777-200 (LR) kysymly uçary Germaniýanyň Frankfurt şäherine 22-nji aprelde gonupdyr we yzyna – Aşgabada 28-nji aprelde ugrapdyr.

Şol bir wagtda, Azatlygyň türkmen hökümetindäki bir çeşmesi uly Berdimuhamedowyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen birlikde bu baradaky habardan soň hem Germaniýada galandygyny aýtdy. Bu maglumaty ýeke bir çeşmäniň berendigi sebäpli, ýokary derejeli iki türkmen resmisiniň Germaniýadaky çaklanylýan gepleşikleriniň mümkin mazmunyny çap etmeýäris.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow hem, öz çeşmelerine salgylanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýlary sebäpli Germaniýada gizlin bejergi alandygyny aýdýar.

DWT lideri Myrat Gurbanow
DWT lideri Myrat Gurbanow

Myrat Gurbanow 16-njy maýda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Berdimuhamedowyň saglyk ýagaýynyň soňky iki ýylda hasam ýaramazlaşandygyny, muňa şol sanda geo-syýasy özgerişlikleriň, tebigy faktorlaryň, galyberse-de halkyň öz hak-hukuklaryny has aktiw talap edip başlamagynyň hem sebäp bolandygyny aýtdy.

Berdimuhamedowlaryň dolandyryşy döwründe dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň häkimiýetlerinden Halk Maslahatynyň başlygynyň adaty bolmadyk ýagdaýda gözden ýitmeginiň mümkin sebäplerini, şeýle-de onuň saglyk ýagdaýyny tassyklatmak mümkin däl.

Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmeleri we synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut saglyk ýagdaýlary sebäpli, häkimiýeti ogly Serdara howlukmaç geçirendigini aýdýarlar. Uly Berdimuhamedowyň mundan dört ýyl ozal ençeme hepdeläp gözden ýitip, gaýtadan peýda bolanyndan soňra, ogly Serdaryň hem syýasy karýerasy birdenkä götergilenip başlapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG