Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow eýýäm üç hepde töweregi wagt bäri jemgyýetçilik gözünden ýitirim boldy. Döwlet mediasynda ýurduň syýasy durmuşynda henizem kesgitleýji roly oýnaýan uly Berdimuhamedowyň geçirýän maslahatlary, daşary ýurt resmileri bilen gepleşikleri, galyberse-de gurnaýan gezelençleri barada habarlar asla ýok. Ýogsa, ozallar döwlet telewideniýesinde onuň şahsyýet kultuny dabaralandyrýan reportažlar günde-günaşa efire berilýärdi. Galyberse-de, geçen aýyň aýagyndan bäri möhüm baýramçylyk seneleri, şol sanda Ýeňiş güni mynasybetli hem onuň adyndan gutlag hatlary çap edilmeýär.

65 ýaşly Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde soňky gezek 29-njy aprelde görkezildi. “Watan” habarlar gepleşiniň iň soňunda berlen gysgaça reportažda onuň prezident-oglunyň tabşyrygy boýunça öňünden yglan edilmedik sapar bilen Germaniýada bolandygy, ol ýerde hem atçylyk toplumyndaky idelýän atlaryň ‘özboluşly aýratynlyklary’ bilen tanyşandygy mälim edildi.

Emma onuň haçan we näçe gün möhlet bilen Ýewropanyň döwletinde bolandygy, şeýle-de german hökümetiniň resmileri bilen duşuşyklary geçirip-geçirmändigi takyklaşdyrylmady.

Germaniýanyň atçylyk toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Raşid Meredow (sagda) gezelenç edýär
Germaniýanyň atçylyk toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Raşid Meredow (sagda) gezelenç edýär

Şol bir wagtda, reportažyň bir ýerinde Germaniýadaky atçylyk toplumynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem gezip ýören pursatlaryny synlasa bolýar. Ýogsa, onuň hem Berdimuhamedow bilen Germaniýada saparda bolandygy barada asla maglumat berilmändi.

Bellemeli ýene bir ýagdaý, Berdimuhamedowyň uçarynyň Germaniýa, bu baradaky habardan bir hepde töweregi öň gonandygy anyklandy. Uçarlaryň gatnawyna gözegçilik edýän Flightradar24 saýtynyň maglumatlaryna görä, uly Berdimuhamedowyň ulanýan Boeing 777-200 (LR) kysymly uçary Germaniýanyň Frankfurt şäherine 22-nji aprelde gonupdyr we yzyna – Aşgabada 28-nji aprelde ugrapdyr.

Berdimuhamedow bu saparyndan öň, soňky gezek döwlet telewideniýesinde 20-nji aprelde geçirilen Halk maslahatynyň mejlisinde görkezildi. Şondan bäri şu günki güne çenli geçen üç hepdeden hem aşa wagt içinde, resmi derejede “Milli lider” atlandyrylýan uly Berdimuhamedowyň diňe Germaniýada atlar bilen gezelenç edendigi baradaky habar peýda boldy.

Bolmasa, bu wagt aralygynda ýurda Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti ýaly ýokary derejeli resmiler sapar etdi, Ýeňiş güni bellenildi... Emma, bu ähmiýetli çäreleriň hiç biri bilen baglylykda resmi habarlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady agzalmady.

Berdimuhamedowlaryň dolandyryşy döwründe dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň häkimiýetlerinden Halk Maslahatynyň başlygynyň adaty bolmadyk ýagdaýda gözden ýitmeginiň mümkin sebäplerini tassyklatmak mümkin däl.

Emma mundan ozallar hem ýurduň hökmürowan dolandyryjysynyň, mümkin saglyk ýagdaýlary sebäpli, Germaniýa gizlin ýagdaýda syýahat eden bolmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Has anygy, Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda birden bir aý töweregi il gözünden ýitirim boldy we bu onuň agyr hassadygy, hatda ölendigi baradaky gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

Ol soňy bilen gaýtadan peýda bolsa-da, şol döwür Azatlygyň Germaniýadaky çeşmeleri prezidentiň uçarynyň, bu barada resmi ýagdaýda habar berilmese-de, Frankfurtyň aeroportunda görnendigini we onuň berk goralandygyny gürrüň beripdiler.

Daşary işler ministri Raşid Meredow
Daşary işler ministri Raşid Meredow

Şol bir wagtda, Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmesi uly Berdimuhamedowyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen henizem Germaniýadadygyny aýdýar. Bellesek, bu maglumaty häzirlikçe diňe bir çeşme berýär. Şol sebäpli ýokary derejeli iki türkmen resmisiniň Germaniýadaky çaklanylýan gepleşikleriniň mümkin mazmunyny häzirlikçe çap etmekden saklanýarys.

Bu maglumaty resmi ýagdaýda tassyklatmak mümkin bolmasa-da, daşary işler ministri Raşid Meredowyň “garaşylmadyk ýagdaýda” 1-nji maýda nobatdaky zähmet rugsadyna çykmagyny nygtap geçmelidiris. Bellesek, ýurduň ýolbaşçy düzümi we hökümet agzalary, adatça, her ýylky esasy zähmet rugsadyna tomus aýlarynda, iýul-awgust aýlarynda çykýarlar. Emma türkmen baş diplomaty, sebäbi düşündirilmezden, tomus aýlaryna çenli garaşmady. Onuň zähmet rugsadynyň möhleti hem aýdyňlaşdyrylmady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Meredowyň häzir Berdimuhamedow bilen Germaniýada ýa däldigi boýunça kommentariýa bermedi.

Bu aralykda, habarçylarymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gözden ýitmegi boýunça ilat arasynda gyzyklanmanyň azdygyny ýa muňa asla-da üns berilmeýändigini aýdýarlar.

“Adamlaryň häzir öz gün-güzerany görgi. Gurbanguly barmy, ýokmy – hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Onuň adyny tutýanam ýok” diýip, ýurduň içindäki habarçylarymyzyň biri adamlaryň arasyndaky garaýyşlary mälim etdi.

Azatlygyň ýurduň içindäki çeşmeleri we synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut saglyk ýagdaýlary sebäpli, häkimiýeti ogly Serdara howlukmaç geçirendigini aýdýarlar. Uly Berdimuhamedowyň mundan dört ýyl ozal ençeme hepdeläp gözden ýitip, gaýtadan peýda bolanyndan soňra, ogly Serdaryň hem syýasy karýerasy birdenkä götergilenip başlapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG