German ýolbaşçylarynyň Kiýewiň rus çozuşyna garşy durmagyna kömek üçin 3 milliard dollarlyk harby kömek bukjasyny yglan etmeginiň yz ýany, möhüm duşuşyklar üçin, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Berline geldi.
"Eýýäm Berlinde" diýip, Zelenski 14-nji maýda, berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda Italiýadan geleninden soň ýazan twitinde aýtdy.
Zelenskiniň german kansleri Olaf Şolz we prezident Frank-Walter Staýnmeýer bilen duşuşyp, abraýly Charlemagne baýragyny almak üçin Ahen şäherine barmagyna garaşylýar.
Germaniýa Zelenskiniň gelmeginiň öňüsyrasynda Ukraina 3 milliard dollardan gowrak täze harby kömek bukjasyny yglan etdi.
Bu bukja 20 sany "Marder” pyýada söweş ulagyny, 30 sany "Leopard 1” tankyny, 15 sany uçara garşy ulanylýan "Gepard” tank, 200 sany aňtaw dronyny, goşmaça artilleriýa ok-därilerini we 200-den gowrak sowutly söweş we logistika ulaglaryny öz içine alýar.