Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň Merkezi bazarynda satuwa çykarylýan dükanlar göz-görtele köpeldi


Türkmenabadyň Merkezi bazarynyň düýpli abatlaýyş işleri geçirilmezden öňki durky.
Türkmenabadyň Merkezi bazarynyň düýpli abatlaýyş işleri geçirilmezden öňki durky.

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki täze Merkezi bazarda satuwa çykarylýan söwda dükanlary göz-görtele köpeldi. Telekeçiler munuň sebäbini bazarda söwdanyň pes bolmagy we dükanlary kireýine alýan söwdagärleriň söwda nokatlaryny yzyna tabşyrýandygy bilen düşündirýärler.

"Geçen ýylyň ahyrynda gaýtadan açylan bazarda dükan satyn alan raýatlaryň onlarçasy söwda nokatlaryny kireýine berip bilmän kösenýärler. Sebäbi kireýine alan söwdagärler-de dükanlary yzyna tabşyrýarlar. Dükanlaryň boş durýandygy we ondan hiç hili girdeji ýokdugy sebäpli şu günler dükanlaryny satlyga çykarýan raýatlar köpeldi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 19-njy aprelde aýtdy.

Häzir bazardaky dükanlaryň deň ýarysy boş dur. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, "dükanlar boş durmasyn" diýlip, olaryň içinde dürli görnüşdäki içimlik suwlar goýulýar.

"Bu talaplar resmileriň tabşyrygy boýunça berjaý edilýär" diýip, habarçy belledi.

Dükanlary kireýine alan söwdagärleriň söwda nokatlaryny yzyna tabşyrmagyna bazarda söwdanyň pes bolmagy sebäp bolýar. Söwdagärleriň ençemesi bazarda alyjynyň juda azdygyny aýdýar.

"Her sagatda iki alyjy girip çykýar. Söwdagärler peýda görüp, kireýlerini hem töläp bilmeýärler we dükanlary yzyna tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Sebäbi her bir dükanyň kireýi 12 müň manada barabar. Söwdagärler bu kireýi çykaryp, özlerine hem peýda galdyrjak bolsa, harytlary birneme gymmatdan satmaly bolýarlar. Dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ilat nirede arzan haryt bolsa, şol ýerden söwda edýär" diýip, lebaply telekeçi anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.

Ilat arasynda “Gök bazar” diýlip hem bilinýän Merkezi bazar düýpli abatlaýyş işleri geçirilenden soň, geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ulanylmaga berildi.

Hökümetçi neşirler tutýan meýdany 3 gektara golaý bolan bazaryň çäginde azyk we senagat harytlaryny satýan 283 dükanyň ýerleşýändigini habar berdiler. Dükanlaryň 157-sinde azyk harytlary, 126-synda senagat harytlary satylýar.

Habarçy abatlaýyş işlerinden soňra satuwa çykarylan söwda dükanlarynyň aglabasynyň "täsirli adamlar", şol sanda ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan raýatlar tarapyndan satyn alnandygyny aýdyp, söwda nokatlarynyň öňki hem-de häzirki nyrhlary barada hem maglumat berdi.

"Bazar gaýtadan açylanda tutýan meýdany 20 inedördül metre barabar dükanlaryň her biri takmynan 200 müň manada satyldy. Häzir telekeçiler bu dükanlary 300 müň manatdan satýarlar" diýip, habarçy belledi.

Merkezi daýhan bazaryny abatlamak işleri 2020-nji ýylda batlandy. Şol pursat, bazarda köp sanly dükan ýykyldy. Söwdagärlere bazaryň abatlanmagynyň yzýany, ýykylan dükanlarynyň öwezine mugt bolmasa-da, ýeňillikli bahadan söwda nokatlarynyň beriljekdigi wada berildi. Ýöne bu wadalar soňy bilen unudyldy.

Häkimiýetler, bazary gaýtadan açmaga taýýarlanýarka, onuň daş-töweregindäki köçe satyjylaryny kowmak we golaý-goltumdaky näresmi söwda nokatlaryny dargatmak çärelerini hem güýçlendirdiler.

Fewral aýynda bolsa, bazaryň ýakynyndaky bir awtomobil köprüsiniň aşagynda ýerleşen köne öý goşlary satylýan emeli bazar hem dargadylypdy. Häkimiýetleriň bu çäreleri martyň ortalarynda has-da güýçlendi.

Şonda kiçi söwdagärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdypdylar.

Türkmen häkimiýetleri soňky onýyllykda ýurduň dürli sebitlerinde ençeme bazary ýykyp, täze bazarlary bina etdiler ýa-da köne bazarlaryň durkuny täzelediler. Munuň yz ýanynda, şol bazarlardaky söwda tekjeleriniň we dükanlarynyň satyn alyş we kireý nyrhlary birnäçe esse gymmatlady.

Döwlet metbugaty we ýurt resmileri täze bazarlarda "alyjylara ýokary derejede hyzmat etmek üçin gowy şertleriň döredilendigini" tekrarlasalar-da, söwda nokatlaryndan mahrum bolan telekeçiler, şeýle-de täze söwda merkezlerindäki kireý nyrhlarynyň telekeçilere ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG