Türkmenabadyň polisiýasy 11-nji fewralda Garaşsyz diýar köçesiniň (öňki Puşkin köçesi) ugrunda ýerleşýän bir awtomobil köprüsiniň aşagyndaky emeli bazarda reýd geçirdi. Polisiýa işgärleri köne öý goşlary satylýan emeli bazarda söwdanyň gadagan edilýändigini aýdýar. Bazar satyjylary polisiýa gadaganlygyna gykylyk edip, garşylyk bildirýär.
Köpriniň aşagynda ýerleşýän köne bazar ýaňy ýakynda durky täzelenip, ulanylmaga berlen Merkezi bazaryň golaýynda ýerleşýär. Emeli bazarda köne stol, stul, şkaf we diwan ýaly ulanylan mebeller satylýar.
“Polisiýa şenbe güni emeli bazarda reýd geçirdi, satyjylardan mebellerini aýyrmagy talap etdi, köpriniň aşagynda bazar söwdasynyň gadagan edilýändigini aýtdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda Türkmenabatdan habar berdi.
Köpriniň aşagynda ýerleşýän emeli bazar iki bölümden ybarat bolup, onuň günorta böleginde azyk önümleri, günbatar böleginde köne öý goşlary satylýardy. Häkimiýetler dekabrda köpriniň aşagynda azyk söwdasyny gadagan edipdi.
Köne mebelleriň söwdasy täze mebel satyn almaga gurby ýetmeýän hojalyklar üçin amatly hasaplanýardy. Galyberse-de, emeli bazar şäherde giň ýaýran işsizligiň arasynda köne harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan bazar satyjylary üçin eklenç mümkinçiliklerini hödürleýärdi.
“Bu bazardan köneräk ýöne abatlanan mebelleri arzan bahadan satyn alyp bolýardy” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýerli ýaşaýjylar köpriniň aşagynda guralýan köne mebel söwdasynyň ne pyýadalar üçin, ne-de köçeden geçýän awtomobil ulaglary üçin päsgelçilik döredýändigini aýdýarlar.
Türkmenabatda dekabryň ahyrlarynda Merkezi bazaryň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Polisiýanyň emeli bazarda geçirýän reýdleri täze bazaryň açylyp ulanylmaga berilmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.
Hökümetçi neşirler 28-nji dekabrda Türkmenabatda üç gektarlyk meýdany tutýan Merkezi bazarda düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilip, dabara bilen ulanylmaga berlendigini habar berdi. Ýarym resmi habarlara görä, bazarda 283 dükan, 880 orunlyk bazar tekjeleri we dört sany kafe ýerleşýär. Mundan ozal Azatlygyň habarçylary täze bazardan söwda tekjesini ýa-da söwda dükanyny almagyň hupbatlary barada habar berdiler.
Merkezi bazaryň golaýynda soňky bäş ýylda özakymlaýyn emele gelen emeli bazar mebel söwdasy babatynda hususan-da eli ýuka maşgalalar üçin amatly mümkinçilik hödürleýär.
Türkmenabatda ilat arasynda Gök bazar ady bilen hem tanalýan Merkezi daýhan bazaryny abatlamak işleri 2020-nji ýylda batlandy. Şol pursat, bazarda köp sanly dükan ýykyldy. Söwdagärlere bazaryň abatlanmagynyň yz ýany, täze söwda nokatlary wada berildi. Ýöne bu wadalar soňy bilen unudyldy.
11-nji fewralda emeli bazarda geçirilen reýdlere bäş polisiýa işgäri gatnaşdy.
Köpriniň aşagynda köne mebel söwdasy bilen meşgullanýan satyjylar gaýtadan güýçlenen polisiýa basyşyna gykylyk bilen garşylyk görkezdi.
“Söwdagärler polisiýa işgärleriniň üstüne gygyryp, özleriniň mebellerini emeli bazardan aýyrmajakdyklaryny aýtdylar. Gykylyk etdiler” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.
Mundan öň, Azatlygyň habarçysy 22-nji dekabrda Türkmenabatda köçe söwdagärleriniň täze bazaryň golaýyndan kowulýandyklaryny habar berdi. Şonda köpriniň aşagyndaky köne goş-golam söwdasyna häkimiýetleriň ilkibaşda rugsat berendigi mälim boldy.
Türkmen häkimiýetleri soňky onýyllykda ýurduň dürli sebitlerinde ençeme bazarlary ýykyp, täze bazarlary bina etdi, ýa-da köne bazarlaryň durkuny täzeledi. Ýöne döwlet metbugaty ýa-da hökümet resmileri bazarlaryň ýykym işleri barada, galyberse-de, ýykym sebäpli söwda nokatlaryndan mahrum bolan telekeçileriň aladalary barada habar bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum