Mary welaýatynyň merkezi şäherinde lagym ulgamlary kadaly işlemeýär. Munuň bilen bagly emele gelýän ýakymsyz ys daş-töwerege, käte ýaşaýjylaryň öýleriniň içine çenli ýaýraýar. Köp ýaşaýjy öýleriniň penjirelerini açyp bilmeýär.
"Şäheriň 'Baýramaly krug' diýlip tanalýan ýolunyň ugrunda lagym ulgamlarynyň ýiti ýakymsyz ysy bar. Bu ýerde diňe bir gapdaldan ýakymsyz ys urman, eýse dört gapdaldan şäheriň lagym ulgamlarynyň ýakymsyz ysy bar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.
Bu ýagdaý, habarçymyzyň sözlerine görä, lagym ulgamlarynyň talaba laýyk işlemezligi, könelişip, hatardan çykan lagym turbalarynyň wagtynda täzelenmezligi bilen baglanyşykly.
Sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi ýakymsyz ys sebäpli öýlerini şemalladyp bilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýyň özlerini çäklendirýändigini belleýär.
"Öňki Komunizm obasy şähere ýakyn obalaryň biri bolup, ol ýeriň ýaşaýjylary öýleriniň äpişgelerini soňky gezek haçan açandyklarynyň ýatlaryna düşmeýändigini aýdýarlar. Arassa howa düýbünden ýok. Kämahallar ýiti şemal turanda bu ýakymsyz ys öýleriň içine urýar" diýip, habarçy aýtdy.
Ýaşaýjylar lagym ulgamynyň emele getirýän ýakymsyz ysyna garşy çäre görülmegini haýyş edip, häkimliklere ýüz tutandyklaryny, ýöne häzire çenli oňaýly netije bolmandygyny hem aýtdylar.
"Häkimlik bu meselä seretmeýär" diýip, habarçy belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada kommentariýa almak üçin Mary şäher häkimligi bile habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 5-nji aprelde eden synanyşyklary oňaýly netije tapmady.
Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda lagym ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi, olaryň hatardan çykyp, hapa suwlaryň çogýandygy, bular bilen bagly lagym suwlarynyň demgysdyryjy, ýaramaz ysynyň daş-töwerege ýaýraýandygy barada Azatlyk ýyllarboýy habar berip gelýär. Käbir obalara, ýaşaýyş jaý toplumlaryna bolsa, lagym turbalarynyň asla çekilmändigi barada maglumatlar gelip gowşupdy.
Geçen ýylyň ahyrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki habarçylarymyz “ähli amatlyklary bolan” 40 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanylmagyna berlendigini, ýöne onuň lagym ulgamynyň heniz işlemeýändigini habar berdiler.
Galyberse-de, soňky ýyllarda ýerli lukmanlar kadaly ýaşaýyş üçin zerur bolan arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezliginiň, şol sanda lagym ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň çagalaryň arasynda sarygetirmäniň ýaýramagyna hem belli bir derejede sebäp bolýandygyny aýdypdylar.
Bu aralykda, ýurt raýatlary zir-zibil çelekleriniň wagtynda arassalanmazlygy bilen hem ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Geçen aýyň ahyrynda Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň ugrundaky iki sany 12 gatly ýaşaýyş jaýynyň ýerzeminlerine zyňylýan hapalaryň wagtynda arassalanmaýandygy sebäpli daşyna çogup durandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Habarçylarymyz munuň sanitariýa, arassaçylyk meseleleri bilen birlikde, ýaşaýjylaryň kadaly durmuşyna hem ýaramaz täsir edýändigini aýdypdylar.
Ministrler Kabinetiniň fewral aýynda geçirilen giňişleýin mejlisinde "ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişdeleriň goýberiljekdigi" aýdyldy. Ýöne onda jikme-jik maglumat we san berilmedi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ilatyň "bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny" öňe sürüp, bu ýagdaýlar barada hiç hili maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum