Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda täze açylan ýaşaýyş jaý toplumynyň lagym ulgamy işlemeýär


Türkmenabadyň täze ýaşaýyş jaýlary (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenabadyň täze ýaşaýyş jaýlary (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “ähli amatlyklary bolan” 40 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanylmagyna berlendigini habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri täze ýaşaýyş jaý toplumynyň lagym ulgamynyň heniz işlemeýändigini habar berýär.

Döwlet mediasy 10-njy dekabrda efire beren açylyş dabarasyny halkyň bagtyýar zamanasynyň “şanly wakalarynyň üstüni ýetirýän” çäre hökmünde suratlandyrdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze toplumyň açylyşynyň 3-nji dekabrda geçirilendigini habar berýär.

Ýatlasak, mundan ozal dekabryň birinji hepdesinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy döwlet telewideniýesine wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin Türkmenabatda bir ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna býujet işgärleriniň, studentleriň we ýaşulularyň mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berdi.

Täze ýaşaýyş jaý toplumy Türkmenabat şäheriniň Azatlyk posýologynda, Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýär.

“Ýaşaýyň jaý toplumy guruldy we dabaraly açyldy. Ýöne 500 öý entek doly taýýar däl” diýip, gurluşykdan habarly çeşme aýdýar.

Çeşmäniň sözlerine görä, ýaşaýyş jaý toplumynyň lagym ulgamy plastmas turbalar bilen Çärjew etrabynyň günbatarynda ýerleşýän lagym suw meýdanyna çekilipdir. “Bu turbalar ýoluň ugrunda görnüp dur, turbalaryň agzy açyk” diýip, çeşme aýdýar.

Döwlet telewindeniýesi öý eýelerine açarlaryň gowşurylyşyny görkezdi we täze jaýlary “prezidentiň sowgady” atlandyrdy.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary bu jaýlaryň gurluşygyna Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň, şol sanda Türkmenabadyň demirbeton kärhanasynyň hem-de Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawodynyň gatnaşandygyny habar berdi.

Şonda ýerli hünärmenleriň biri täze öýleriň bahalary barada hem maglumat berip, üç otagly kwartira üçin 500 müň manat, gara bazaryň nyrhy boýunça $25 müň, resmi kurs boýunça $143 müň, dört otagly kwartiralar üçin bolsa, 700 müň manat soralýandygyny gürrüň berdi.

1 müň 200 töweregi kwartiradan ybarat täze toplumyň çäginde ýerleşýän öýleriň 550 sanysynyň noýabra çenli satylandygy mälim bolupdy.

Gurluşykdan habarly çeşmeler häzirki wagtda toplumyň çägindäki 500 kwartiranyň heniz doly taýýar däldigini aýdýarlar.

Döwlet telewideniýesi desganyň açylyş dabarasyny 1 müň 280 hojalygyň “jaý toýy” hökmünde häsiýetlendirip, dabaranyň ýokary ruhubelentlige beslenendigini aýdýar.

Azatlygyň çeşmeleri täze toplumyň käbir kwartiralarynda hajathanalaryň işlemeýändigini aýdýarlar.

Mundan ozal, Türkmenabatda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda 100 kottežli ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy boldy.

Kottež jaýlaryň her biriniň bahasynyň gara bazar nyrhy bilen 65 müň dollara barabar bolandygy mälim boldy. Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary kottežler toplumynyň gurluşygynyň jaý satyn almaga isleg bildirýän raýatlaryň tölegleriniň hasabyna maliýeleşdirilendigini habar berdiler.

Ýerli hünärmenler Türkmenabadyň 'Arkadag' köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze köpgatly toplumyň taslamasynyň Sowet arhitekturasyna, 1970-nji ýyllaryň proýektlerine meňzeýändigini aýdýarlar.

Döwlet media serişdeleri täze jaýyň lagym ulgamlarynda bar bolan kemçilikler barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG