Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlar möwsümleýin oba hojalyk işlerinde üpjünçiligiň kemter gaýdýandygyny aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty. Iki daýhan. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Iki daýhan. Türkmenistan.

Şu günler Türkmenistanyň sebitlerinde ekerançylyk meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we sogan ekmek, şeýle-de, ýazlyk bag ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň sebitlerdäki habarçylary oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşynda kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada habar berýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji fewralda welaýat häkimleri we oba hojalyk orunbasary bilen maslahat geçirip, möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garady.

Döwlet metbugatyna görä, ekerançylyk meýdanlaryna ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň talaplary berjaý edilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli kärendeçiler ekerançylyk meýdanlaryna ideg işlerinde mineral dökünleri we tehnika üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň dowam edýändigini aýdýarlar.

Gyş paslynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň ekerançylyk ýerlerinde beýleki oba hojalyk işleri bilen bir hatarda bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, galyberse-de, gowaça ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Maryly kärendeçiler oba hojalyk ekinlerine ideg işlerinde mineral dökünleriň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

“Fosfor we azot ýaly mineral dökünleri ýetmezçilik edýär” diýip, maryly bir daýhan aýdýar. Şeýle-de, ýerli kärendeçiler bar bolan mineral dökünlerini daýhan birleşikleriň ýolbaşçylaryndan kabul edip almak üçin hem, 10-15 manat möçberinde goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Daýhanlara görä, oba hojalyk tehnikalary hem kemterlik edýär. Kärendeçiler daýhan birleşikleriň ammarlaryndan kabul eden mineral dökünlerini ekerançylyk meýdanlaryna daşamakda kösençliklere sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Mineral dökünlerini awtoulag tutup, kärende ýeriňe äkitmeli. Köp adam awtoulag tapmansoň, haltalary eşek arabada daşamaly bolýar. Döküni kärende ýerine eltensoňam, tehnika ýok. Döküni eliň bilen kärende ýeriňe sepip çykmaly” diýip, ýerli daýhanlar aýdýarlar.

Kärendeçiler wezipeli adamlara ýakynlygy bilen tanalýan daýhan hojalyklaryň üpjünçilik meseleleriniň ileri tutulýandygyny aýdýarlar.

Bulardan başga-da, şu günler sebitlerde ýazlyk bag ekişine taýýarlyk işleri dowam edýär. Prezidentiň duşenbe güni geçiren iş maslahatynda ýazlyk bag nahallaryny oturtmak işlerine görülýän taýýarlyklar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýat häkimleri şu günler sebitlerde bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy sebitde bag ekmek işlerine býujet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylýandygyny, ekiş kampaniýalaryna gatnaşmaga isleg bildirmeýän işgärlerden bolsa, 20-30 manat aralygynda pul toplanýandygyny habar berýärler.

Ýokary derejeli resmileriň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýazlyk ýeralma we sogan ekmek işleri hem maslahat edildi.

Şu günler Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda edara-kärhanalaryň işgärleri, şol sanda gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleri ýa ýeralma ekişine gatnaşmaly, ýa-da ekişe gatnaşmazlyk üçin 30-50 manat aralygynda häkimiýetlere dilden görkezme esasynda töleg tölemeli bolýarlar.

“Býujet işgärleri ýeralmanyň ekiş işlerine goşant goşmak üçin adam başyna 30 manat töleg tölemeli, Galkynyş gaz edarasynyň işgärleri adam başyna 50 manat töleg tölemeli” diýip, ýolötenli býujet işgärleri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylary sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşygyň pesdigini habar berýärler.

Balkanly daýhanlar gowaça meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak işlerine gatnaşygyň pesdigini aýdýarlar. Hususan-da, Bereket we Gyzylarbat etraplarynda ýaşaýan kärendeçiler “elleriniň daýhançylykdan sowandygyny” aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG