Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkiýede maşgala gurup, süteme duçar boldum" – Türkmen zähmet migrantynyň kyssasy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Meniň maşgala durmuşym ýeriň ýüzündäki dowzahdy. Türk adamym günde-günaşa mertebämi depeledi, kemsitdi, ýençdi...” – şu sözler bilen 36 ýaşly türkmen raýaty Gülşat (ady üýtgedilen - red.) özüniň Türkiýedäki soňky 4 ýyldaky başdan geçirenlerini ýatlaýar.

Ol Türkmenistandaky kynçylyklaryň arasynda, beýleki müňlerçe ildeşleri ýaly, has gowy durmuş gözleginde Türkiýä gelipdi. Emma ol Türkmenistanyň döreden emeli kynçylyklary sebäpli bu ýurtda resmi ýagdaýda galmagyna mümkinçilik berjek degişli dokumentleri edinip bilmäni üçin, göwün bermedik ýerli erkekleriň birine durmuşa çykmak kararyna geldi. Ol mundan soň başdan geçirenleri barada Azatlyga gürrüň berdi. Bellesek, söhbetdeşimiziň howpsuzlygy jähtinden adam we ýer atlary, şeýle-de käbir jikme-jikler aýan edilmeýär.

“Türkmenistandaky işsizlik, ykdysady kynçylyklar we geljege bolan ynamyň ýoklugy sebäpli, 2015-nji ýylda iş gözleginde Türkiýä geldim. Elbetde, ilki-bada men beýleki ildeşlerimiz ýaly bikanun ýagdaýda işlemeli boldum. Bu sebäpli polisiýa ele düşmejek bolup, elmydama gorky astynda ýaşadym. Iş berijiler hem bikanun ýagdaýda işledeni üçin, ýa aýlygy kemeldip berýärdiler ýa asla-da bermeýärdiler” diýip, Lebabyň Türkmenabat şäherinden bolan Gülşat Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy Ahmet Rahmanowa gürrüň berdi.

Ol Türkiýede resmi ýagdaýda ýaşaýyş rugsadyny almak ugrunda tagalla etse-de – Türkmenistanyň daşary ýurtdaky wekilhanalarynyň raýatlarynyň pasportlaryny täzeläp bermeýändigi sebäpli – ähli tagallalarynyň puja çykandygyny belledi.

Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Gülşada ýerli erkekleriň biri göwün bildirip, gysga wagtyň içinde onuň bilen durmuş gurmagy teklip edipdir.

“Ol menden iki ýaş çemesi uludy. Ol günde-günaşa işleýän ýerime gelip, maňa söz aýdýardy. Mende oňa göwün bermäge islegim ýokdy. Ýöne maňa Türkiýede kanuny esasda galmaga zerurlyk bardy. Şol sebäpli, soňy bilen öwrenişerin diýip oňa durmuşa çykmaga razylyk berdim” diýip, Gülşat belledi.

Habarçymyz türk raýaty bilen resmi ýagdaýda durmuş guran daşary ýurtlularyň üç ýyldan soň raýatlygy alyp bilýändigini aýdýar.

“Ilki bilen türk we beýleki ýurduň raýatlary resmi taýdan nikadan geçmeli. Üç ýyl bile ýaşanlaryndan soň, olar raýatlyga ýüz tutup bilýärler. Arza maşgalanyň ikisi tarapyndan berilmeli. Mundan soň, resmiler islendik wagty maşgalanyň öýüne gelip, barlag geçirip bilýärler. Ýagny, olar bile ýaşaýarlarmy, dogurdanam maşgala gurupdyrlamy? Şu zatlar barlanýar. Mundan soň, birnäçe gezek hem bilelikde, hem-de ýekelikde söhbetdeşlik geçirilýär. Onuň dowamynda birek-biregi hakynda şahsy soraglar soralýar. Bile ýaşaýandyklary, birek-biregi gowy tanaýandyklary anyklanandan soň, türk raýatlygy berilýär” diýip, habarçymyz belledi.

Emma bilelikdäki maşgala durmuşy Gülşadyň çaklaýyşy ýaly bolmaýar. Aradan ençeme aý wagt geçenden soň Gülşadyň äri onuň her bir hereketine gözegçilik edip, hatda fiziki we jynsy zorluklary ulanyp başlaýar.

“Ol arakhor eken. Her gün diýen ýaly kemsidiji sözleri aýdyp, dürli bahana arap meni urýardy. Bu diýseň agyrdy, tenimde gögüň yzy aýrylmaýardy. Men iň bolmanynda raýatlygy alaýyn, şondan soň aýrylyşaryn diýen umyt bilen, onuň sütemlerine çydajak boldum” diýip, Gülşat aýdýar.

Aradan esli wagt geçip, raýatlyk üçin dokumentleri tabşyrmak wagty gelende, Gülşadyň äri muny etmekden ýüz öwürýär.

“Ol maňa ‘Bilýärin, sen raýatlygy aldygyň meni taşlarsyň. Şonuň üçin bu niýetiňden umydyň üzäý’ diýip jogap berdi. Men şondan soň, her zadyň hem çeni-çaky bar diýip, ony terk etdim we aýrylyşmak barada arza berdim. Munuň yzy bilen ol maňa dowamly jaň edip, eden etmişlerine ökünýändigini, raýatlygy almaga garşy däldigini’ aýdyp töwella etdi. Men oňa ynanmaýaryn. Bikanun ýaşamaly bolsam-da, indi bu dowzaha dolanmaryn” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Gülşat Türkiýedäki türkmen gelin-gyzlarynyň has hüşgär bolmagy üçin, geljekleri barada howlukmaç karar almazyndan öň ähli ýagdaýlary doly öwrenmegi üçin, öz kyssasy bilen paýlaşandygyny aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň Gülşadyň äri bilen habarlaşyp, maglumat almak synanyşygy netije bermedi. Şol bir wagtda, ol Gülşadyň başdan geçirenleri bilen duş bolýanlar bilen birlikde, türk raýatlary bilen bagtly maşgala gurýan türkmenistanlylaryň hem köpdügini belledi.

Türkiýe, wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyndan ozal, türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alan esasy ugurlarynyň biridi. Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwarynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 müň 90 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Emma habarçylarymyz bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenleriň hem has köpdügini aýdýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, Türkiýe 2021-nji ýylda Zenanlara garşy gazaplylygyň öňüni almak baradaky Stambul konwensiýasyndan çykdy. Bu karar ýurduň hem içinde, hem-de daşynda tankytlara sezewar bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG