Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Türkmen maşgalalarynda her sekiz aýaldan bir aýal fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň 26-njy awgustda çap eden hasabaty oňaýsyz maglumatlaryň ýaýradylmagyny elmydama berk çäklendirýän Türkmenistanda maşgaladaky zorlugyň gerimini açyp görkezýär.

“Türkmenistandaky maşgalalarda aýalyň durumy we saglygy” at bilen çap edilen hasabata Türkmenistanda 2020-nji ýylda geçirilen barlaglaryň we pikir soraşyklaryň netijeleri girizilipdir. Türkmenistanyň hökümetiniň maliýe hemaýaty bilen hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen taýýarlanan hasabat türkmen maşgalalarynda aýalyň ornuny, durumyny we olaryň saglyk elýeterliligini seljerýär.

Barlagçylar Türkmenistanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde ýaşaýan üç müň töweregi hojalykda barlag geçirip, her hojalykdaky 18-59 ýaş aralygynda bolan bir aýal bilen gürrüňdeş boldular.

Barlaga gatnaşan aýallaryň 12 göterimi özleriniň maşgalada fiziki zorluga ýa-da jynsy zorluga sezewar bolýandygyny aýdýarlar.

Barlagçylar maşgaladaky fiziki zorlugyň gerimini anyklamak üçin aýallara:

Siziň adamyňyz, haçan-da bolsa bir wagt,

  • Size bir zat zyňdymy, ýa sizi bir zat bilen urdumy?
  • Sizi itekledimi ýa-da siziň saçyňyzdan çekdimi?
  • Sizi ýumruk bilen ýa-da bir predmet bilen urdumy?
  • Sizi depdimi, eliňizi çekdimi ýa-da urdumy?
  • Sizi bogjak ýa-da ýakjak boldumy?
  • Sizi pyçak bilen ýa-da başga ýarag bilen gorkuzdymy ýa-da olary size garşy ulandymy? – diýen soraglary beripdirler

Şeýle-de, barlagçylar türkmen maşgalalarynda jynsy zorlugyň gerimini anyklamak üçin:

Siziň adamyňyz haçan-da bolsa bir wagt:

  • Siz islemeseňiz hem, fiziki güýç ulanyp, sizi jynsy gatnaşyk etmäge zorladymy?
  • Siz onuň hereketlerinden gorkup, onuň bilen jynsy gatnaşyk etmäge mejbur bolduňyzmy?
  • Ol sizi, siziň nukdaýnazaryňyzdan kemsidiji bolan, jynsy herekete mejbur etdimi? – diýen soraglary beripdirler.

Türkmen maşgalalarynda sorag edilen her sekiz aýaldan bir aýal şu soraglaryň haýsy hem bolsa birine ýa-da birnäçesine “hawa” diýip jogap beripdirler.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda adam hukuklaryna, şol sanda aýallaryň hukuklaryna kanun taýdan kepil geçilýändigini gaýtalaýar.

BMG hasabaty dünýäde intim ýoldaş zorlugynyň giň ýaýrandygyny hem-de Bütindünýä saglyk guramasynyň geçiren bargalarynyň dünýäde aýallaryň 35 göteriminiň, her üç aýaldan bir aýalyň, haçan-da bolsa bir wagt intim ýoldaş zorlugyna sezewar bolandygyny açyp görkezýändigini aýdýar.

Şeýle-de, hasabat türkmen maşgalalaryndaky zorlugy Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlarynda hasaba alnan ýagdaýlar bilen deňeşdirýär.

Gyrgyzystanda aýallaryň 26,6 göterimi, Täjigistanda 26,4 göterimi, Gazagystanda 16,5 göterimi, Azerbaýjanda 14 göterimi, Ermenistanda 8 göterimi we Gürjüstanda 6 göterimi öz durmuşynda haçan-da bolsa bir wagt fiziki ýa-da jynsy zorluga sezewar bolandygyny aýdýar.

BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanda 2020-nji ýylyň dowamynda geçiren barlaglarynyň netijelerini 26-njy awgustda çap etdi. Hasabat Türkmenistanda aýal hukuklarynyň kemsidilmeginiň olaryň durmuşda duçar bolýan zorlugynyň has giň ara alnyp maslahatlaşylýan wagtlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary hususan-da aprel aýyndan bäri Türkmenistanda ozaldan gelýän hukuk kemsitmeler, aýal hukuklarynyň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin çäklendirilmegi, şeýle-de aýal-gyzlaryň daşky sypatynyň häkimiýetler tarapyndan gözegçilikde saklanmagy bilen bagly wakalar barada habar berip gelýärler.

Galyberse-de, aýallara garşy jemgyýetde ozaldan gelýän basyşlar hem sosial media ulanyjylary tarapyndan has giň ara alnyp maslahatlaşylmaga başlandy. Awgustyň başlarynda köpçülige ýaýran bir wideoda bir gözellik salonynda bir aýal maşgalany urýan orta ýaşlaryndaky bir erkek adam görkezilýär. Iki minut töweregi dowam eden wideoda erkek adam aýal adamy yzly-yzyna ýençýär, şapbatlaýar, ýumruklaýar we aýagy bilen depýär. Gözellik salonynda on töweregi aýal-gyzyň gözüniň öňünde bolup geçýän zorluga hiç kim goşulyp bilmeýär. Türkmen häkimiýetleriniň bu wideodaky zorluk boýunça derňew işini geçirip-geçirmändikleri mälim däl, ýöne wideodaky zorluk türkmen jemgyýetinde aýallaryň duçar bolýan zorlugyna belli bir derejede şaýatlyk edýär. Bu wideo garaşsyz neşirlerde, sosial ulgamlarda we halkara media serişdelerinde giňden paýlaşyldy.

Ýerli synçylar Türkmenistanda zenan hukuklarynyň diňe bir häkimiýetler tarapyndan däl, eýsem maşgalalarda hem berk çäklendirilýändigini nygtaýarlar we olaryň hereketleriniň jemgyýetiň ýazylmadyk kada-kanunlary bilen galypa salynýandygyny aýdýarlar.

“Köp maşgalada gelin-gyzlaryň islegleri diňlenmeýär. Ilki ene-atalarynyň buýrugy bilen, durmuşa çykandan soňra bolsa ýanýoldaşynyň isleglerine görä ýaşamaly. Hatda olaryň geýim-gejimi, köpçülikde gürlejek sözleri hem gözegçilikde saklanýar” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Raýatlaryň söz we pikir azatlygy häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilýän Türkmenistanda 12 göterimlik maşgala zorlugynyň habar berilmegi iş ýüzündäki hakykaty nä derejede açyp görkezýär? Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň näçe göterimi öz pikir-garaýşyny, başdan geçirýän oňaýsyz tejribelerini jemgyýetden we häkimiýetlerden çekinmezden nä derejede erkin beýan edip bilýär? Bu soraglar, köplere görä, jogapsyz galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG