Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bilim we polisiýa bölümleriniň resmileri mekdep okuwçylarynyň ene-atalary bilen ýygnaklary geçirip, olara çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmegi berk tabşyrdylar. Olar bu tabşyrygyň sebäbini soňky aýlarda çagalaryň dereksiz ýitmegi we okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigi bilen düşündirdiler.
"Ýygnaklar 21-nji noýabrda şäheriň tas ähli mekdebinde, şol sanda 4-nji, 24-nji, 26-njy mekdeplerinde geçirildi. Ýygnakda çykyş eden resmiler sentýabr aýyndan bäri ýurt boýunça 13 çaganyň dereksiz ýitendigini aýtdylar. Olar häzir munuň organ işgärleri üçin birinji meselä öwrülendigini hem aýtdylar" diýip, ýygnaga gatnaşan türkmenbaşyly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy soňky aýlarda dereksiz ýitýän çagalaryň köpelendigine IMO messenjerinde paýlaşylýan maglumatlaryň hem şaýatlyk edýändigini aýdýar.
Onuň sözlerine görä, oktýabr we noýabr aýlarynda Imo messenjerinde çagasynyň ýitendigi barada maglumat paýlaşýan adamlar köpeldi. Olar ulanyjylardan bu maglumatlary paýlaşmagy haýyş edip, çagalaryny tapmaga kömek etmegi soraýarlar.
Soňky günlerde IMO messenjerinde paýlaşylan bir maglumatda 16 ýaşly oglanyň ýitendigi aýdylyp, ony gören adam bolsa, ondan görkezilen telefon belgisine jaň etmek haýyş edilýär.
"Bu çagalaryň soňky ykbaly köplenç nämälim bolup galýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly bir ýaşaýjy aýtdy.
Ýygnaklarda resmiler sentýabr we noýabr aýlary aralygynda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 45% artandygyny hem aýtdylar. Ýöne olar anyk sanlary aýdyňlaşdyrmadylar.
"15-17 ýaş okuwçy gyzlaryň arasynda gijeki klublarda polisiýa tarapyndan saklanýanlar köpeldi. Olaryň arasynda ten satmak işlerine baş goşmak ýaly jenaýatlar hem artdy" diýip, türkmenbaşyly ene polisiýa işgäriniň sözlerini sitirledi.
Onuň sözlerine görä, ýygnaklarda mugallymlardan hem okuwçylara hemişe göz-gulak bolmak talap edildi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada şäheriň bilim we polisiýa bölümleri bilen habarlaşyp, kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 22-nji noýabrda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.
Türkmen häkimiýetleri täze okuw ýylynyň başlamagynyň yz ýany, sentýabryň ahyrynda okuwçylaryň "ahlak terbiýesine" gözegçiligi güýçlendirip başladylar. Şondan bäri ýurduň dürli sebitlerindäki orta mekdeplerde yzygiderli ýygnaklar geçirilýär. Duşuşygy gurnaýjylar bu ýygnaklary "ahlak aladalary" bilen düşündirmäge synanyşýarlar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri gürrüňi edilýän ýygnaklar hem-de barlaglar barada aç-açan maglumat bermeýärler.
Bu aralykda, mekdep mugallymlarynyň we ene-atalaryň ençemesi mekdeplerde ýygnaklary geçirmek, gelin-gyzlaryň emeli dodak, kirpik, dyrnak meselelerine gözegçiligi güýçlendirmek bilen meseläniň çözülmeýändigini aýdýar.
"Okuwçy gyzlary ten söwdasyny etmäge iterýän esasy sebäpleriň biri ykdysady kynçylyklar, jemgyýetiň gatlaklarynyň arasyndaky uly aratapawut bolup durýar. Olar köplenç başga gyzlaryň geýenini geýmek, iýenini iýmek üçin ten söwdasyna baş goşýar. Olaryň ilkinji hyrydarlary MHM, organ, polisiýa, umuman döwlet işgärleridir. Döwlet ilki şu meseleleri öwrenip çözmelidir" diýip, balkanly mekdep mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum