Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ilatyň arzalaryny kabul edýän topar döredildi. Raýatlaryň hususy jaýlaryny döwlet belligine aldyrmakdaky kösençligi saklanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Adalat ministrliginiň Lebap welaýatyndaky ýerli edarasynda raýatlaryň arza we şikaýatlaryny kabul edýän topar döredildi. Raýatlar bu toparyň häzirlikçe arz-şikaýatlary diňe diňlemek bilen çäklenýändigini aýdýarlar. Bu aralykda, lebaplylaryň hususy jaýlaryny döwlet belligine aldyrmakdaky kösençligi dowam edýär.

"Fewral aýynyň ilkinji günlerinden işläp başlan bu topar adam hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk we onuň berjaý edilişi meselelerine garaýar. Şeýle-de, adamlaryň dürli meseleleri boýunça arz-şikaýatlaryny kabul edýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 17-njy fewralda aýtdy.

Azatlyk bu topar we onuň düzümi hem-de maksady barada resmi kommentariýa almak üçin welaýat häkimligi we adalat bölümi bilen habarlaşmaga çalyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 17-nji fewralda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. Bu toparyň döredilendigi barada resmi metbugatda hem maglumat göze ilmeýär.

Ýagdaýdan habarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, bu topara häzire çenli 20-den gowrak lebaply arza bilen ýüzlendi. Olaryň arzalary adatça häkimligiň bir wekiliniň we kazyýet edarasynyň bir resmisiniň, şeýle-de bir aklawçynyň gatnaşmagynda diňlenýär.

Ýöne arzalary diňlenen lebaplylaryň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda toparyň "göz üçin döredilendigini" aýdyp, onuň işine nägilelik bildirdi.

"Topar raýatlaryň şikaýatlaryny diňläp, aýdylan zatlary ýaşyl reňkdäki kitaba bellige alýar. Olar goşmaça resminama soramaýarlar, arzam diňlenenden bäri iki hepde geçen bolsa-da, habar tutmaýarlar" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanlylaryň ençemesi häkimiýetlere, şol sanda prokuratura, häkimliklere edýän arz-şikaýatlarynyň köplenç oňyn netije tapmaýandygy, ýurtda meseläni diňe para bilen çözüp bolýandygy barada ýyllarboýy aýdyp gelýär.

Adam hukuklarynyň ýagdaýy we korrupsiýa indeksi boýunça halkara hasabatlarda yzdaky orunlary eýeleýän Türkmenistanda häzirki toparyň raýatlaryň arzalaryny kanagatlandyrmakda näderejede netijeli boljakdygy nämälim bolmagynda galýar.

Bu aralykda, çeşmämiz raýatlaryň azyndan 18 sanysynyň ýaşaýan jaýyna "döwletnamany" edinmek üçin arza tabşyrandygyny aýdýar.

"Raýatlaryň biri gapdal goňşusy jaý guranda iki metr özüne degişli territoriýa geçendigi sebäpli 'döwletnama' alyp bilmeýändigini aýtdy. Başga bir raýat guran jaýynyň üstünden ýokary woltly elektrik siminiň geçýändigi sebäpli 'döwletnamanyň' berilmeýändigi barada şikaýat etdi" diýip, çeşmämiz belledi.

Ýer böleginde gurlan ýaşaýyş jaýyna bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin ýer serişdeleri edaralarynyň resminamalary, şol sanda döwletnama, şahadatnama talap edilýär. Bu barada Adalat ministrliginiň gozgalmaýan emläkleri hasaba alyş edarasynyň websaýtynda habar berilýär.

Habarçymyz häzirki wagtda 2010-njy ýyldan ozal gurlan ýaşaýyş jaýlaryna "döwletnamany" almagyň örän kynlaşandygyny, býurokratiki bökdençlikler sebäpli bu prosesiň alty aýa çekip bilýändigini, köp ýaşaýjynyň bolsa ony ençeme ýyl bäri alyp bilmeýändigini aýdýar.

Şol bir wagtda, ol degişli resminamalary taýýarlap berýän döwlet edaralarynyň "ýörite öz adamlaryň bardygyny" we olara 8000-10000 manat aralygynda para beren ýaşaýjylaryň resminamalarynyň iki aýa ýetmän taýýar bolýandygyny hem belleýär.

Geçen ýylyň dekabrynda sebitdäki çeşmelerimiz Adalat ministrliginiň ýerli edarasynda hususy jaýlary döwlet belligine aldyrmak üçin zerur bolan resminamalary düzetmek işlerini “çaltlandyrmakda we aňsatlaşdyrmakda" para soralýandygy barada maglumat beripdiler.

Azatlyk ýurtda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny edinmekde ýa-da bar bolan jaýlaryny resmileşdirmekde ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada yzygiderli habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG