Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-12-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary türkmen metbugatynda iki ýurduň arasyndaky möhüm meňzeşliklere ünsi çekmek synanyşyklary bilen şöhlelendi. Ýöne ýurtlaryň arasyndaky iň möhüm meňzeşlikleriň biri bolan monarhiýa çalymdaş döwlet dolandyryş usuly türkmen mediasynyň teswirlemelerinde agzalmady. Synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň, onuň geçen ýyl prezident wezipesinden çekilendigine garamazdan, Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde ýurduň syýasatynda möhüm täsir güýjüni saklap galýandygynyň nobatdaky alamaty bolandygyny aýdýarlar.
Döwlet mediasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “türkmen halkynyň milli lideri” we Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar amala aşyrandygyny aýdýar. Saparyň dowamynda Berdimuhamedow BEA-niň prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we beýleki ýokary derejeli döwlet resmileri bilen duşuşyklary geçirdi, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan-da beýläk pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşdy.
Iki ýurduň arasynda bilelikde kabul edilen Jarnama laýyklykda, taraplar BAE-niň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary babatynda ylalaşyga geldiler. Şol bir wagtda, taraplar “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek ähtnamasyna gol çekilmegini goldadylar.
Şu wagta çenli dünýädäki we Türkmenistandaky iň iri gaz känleriniň bir bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işlerine esasan hytaý kompaniýalary gatnaşýardy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Brýus Panniýer 14-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hytaýa bergidar galmazlyk üçin, soňky wagtlarda Birleşen Arap Emirliklerinden, galyberse-de köp sanly arap ýurtlaryndan ýakyn geljekde maýadar çekmäge ymtylýandygyny gürrüň berdi.
Panniýere görä, Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary, onuň Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm rol oýnajakdygyna we maliýe meselelerini öz gözegçiliginde saklajakdygyna yşarat edýär.
"[Gurbanguly] Berdimuhamedowyň sapary, onuň häzirki wagtda Türkmenistanyň täzeden üýtgedilip gurlan we giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde ýurduň daşary syýasatyny dolandyrýandygyna yşarat edýär. Kimde-kim soňky üýtgetmeleriň aňladýan manysy bilen gyzyklanýan bolsa, Serdar [Berdimuhamedowyň] ýa-da Gurbanguly [Berdimuhamedowyň] edýän işleri bilen gyzyklanýan bolsa, (edil meniň özüm olar bilen şahsy habarlaşyp görmedim ýöne), bu sapar daşary syýasat we pul meselelerine gezek gelende gepleşikleri we ylalaşyklary geçirýän [jogapkär adamyň] Gurbanguly Berdimuhamedowdygyny görkezýär” diýip, Panniýer aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet mediasy resmi sapar baradaky habarlarynda we teswirlemelerinde gazanylan ylalaşyklaryň detallaryna aralaşman, esasy ünsi Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lider hökmünde dabaralandyrylmagyna we iki ýurduň arasyndaky meňzeşliklere gönükdirdi.
Olaryň käbirleri:
Birleşen Arap Emirlikleri nebit gorlaryna baý, Türkmenistan tebigy gaz gorlaryna baý.
Birleşen Arap Emirliklerinde syýahatçylyk ösdürildi, Türkmenistan “Awaza” syýahatçylyk zolagy bilen syýahatçylygy ösdürmek boýunça tagalla edýär.
Arap dünýäsinde düýelere “Çöl gämisi” diýilýär, türkmenler düýäni “Sähra gämisi” atlandyrýar.
Döwlet metbugaty Berdimuhamedowyň sözlerini sitirläp, araplaryň we türkmenleriň umumy bir “asylly ýörelgesine” salgylanýar. “Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys” diýip, TDH Berdimuhamedowy sitirleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny aýdyp, prezident wezipesini 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirdi. Türkmenistanda ýanwar aýynda Baş kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde gaýtadan esaslandyryldy we Gurbanguly Berdimuhamedow täze guramanyň başlygy wezipesine bellenildi.
Birleşen Arap Emirlikleri absolýut monarhiýa hasaplanýar. Ýurduň ilkinji prezidenti Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan 2004-nji ýylda aradan çykýança ýurdy dolandyrdy. Munuň yz ýany, onuň ogly Halifa bin Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan 2004-2022-nji ýyl aralygynda döwlet başynda boldy. Geçen ýylyň maýynda Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine sapar edip, arap lideriniň ýas çäresine gatnaşdy. 2022-nji ýylyň maýyndan bäri Birleşen Arap Emirliklerini öňki prezidentiň inisi, Birleşen Arap Emirlikleriniň üçünji prezidenti Mohamed bin Zaýed Al Nahaýýan dolandyrýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet dolandyrylyşynda taýpalar möhüm rol oýnaýar.
Türkmen mediasynyň teswirlemelerinde iki ýurduň monarhiýa çalymdaş aýratynlyklary babatdaky meňzeşlikleri agzalmaýar.
Türkmenistan-da, Birleşen Arap Emirlikleri-de resmi taýdan prezident respublikalary hökmünde kabul edilýär.
Döwlet metbugatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabidäki “Şeýh Zaýed” metjidine hem baryp gördi. Türkmen metbugaty bu metjidiň binagärlik aýratynlyklary baradaky maglumatlaryň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde guruljak Baş metjidiň gurluşygynda peýdaly boljakdygyny aýdýar.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary onuň gaýtadan dikeldilen Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde daşary ýurt döwletine eden ilkinji resmi sapary boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum