Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň başlygy, “türkmen halkynyň Milli lideri” yglan edilmeginiň yz ýany, edara-kärhanalarda, kiçi Berdimuhamedowyň portretleri bilen bir hatarda, uly Berdimuhamedowyň hem portretleri asylýar.
Edara-kärhanalar degişli işleri gyssagly ýagdaýda ýerine ýetirmäge borçly edilýärler. Balkan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Balkanabat şäherinde Berdimuhamedowlaryň portretlerini asmak işleriniň bir hepdäniň içinde tamamlanmagy talap edilýär.
Şu günler Balkanabat şäheriniň döwlet edaralary, şol sanda mekdepler, saglyk edaralary, hukuk goraýjy edaralar, “Türkmendemirýollary” agentliginiň ýerli kärhanalary, Balkanabat demirýol menzili, galyberse-de, toý mekanlary we restoranlar portretler boýunça dilden berlen buýrugy ýerine ýetirmäge girişýärler.
Portretler bilen bagly käbir talaplar bar: birinjilik bilen, uly Berdimuhamedowyň portreti kiçi Berdimuhamedowyň portretiniň sag tarapynda bolmaly; ikinjilik bilen, iki portretiň hem göwrümi deň bolmaly, portretleriň biri uly, beýlekisi kiçi bolmaly däl.
Ozallar diňe bir portret satyn almak üçin çykdajy etmeli bolan býujet işgärleri, mundan beýläk, iki portret satyn almak üçin çykdajy etmeli bolýarlar.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bilim işgärleri, mugallymlar mundan beýläk iki portret üçin töleg tölemegiň özlerine agram salýandygyny aýdýarlar.
Mundan ozal, okuwçylardan pul ýygnamak işlerine arakesme beren ýerli mekdep resmileri täze talaplaryň fonunda portretler üçin okuwçylardan pul ýygnamagy makul hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.
Şeýlelikde, balkanly mekdep okuwçylary Berdimuhamedowlaryň portretlerini satyn almak üçin 10-15 manat aralygynda pul çykarmaly bolýarlar.
“Köp wagt bäri portret üçin mekdep okuwçylaryndan pul ýygnalmaýardy. Indi iki portret satyn almagyň mekdep mugallymlaryna agyr düşýändigi sebäpli, mekdep okuwçylaryndan 10-15 manatdan pul ýygnamagy makul görýändiklerini aýdýarlar” diýip, balkanly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda iki ýyl ozal ýatyrylan we iki palataly kanun çykaryjy ulgamyň ýokarky öýüne öwrülen Halk Maslahatyny ýene bir gezek ýatyryp, halkyň özbaşdak ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň täze Halk Maslahatyny gaýtadan döretmegi teklip etdi. Bu teklibiň yz ýany, 10 günüň içinde Türkmenistanyň parlamenti gyssagly ýagdaýda bir palataly ulgama öwrülip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda konstitusion kanun kabul edildi. Şol bir wagtda, Gurbanguly Berdimuhamedowy “türkmen halkynyň milli lideri yglan etmek hakynda” konstitusion kanun kabul edildi.
Bu kanun uly Berdimuhamedowa we onuň maşgala agzalaryna eldegirmesizlik hukugyny berýär. Şeýle-de, bu kanun uly Berdimuhamedowa hem-de onuň maşgala agzalaryna döwlet goragyny üpjün edýär. Galyberse-de, täze konstitusion kanun Gurbanguly Berdimuhamedowa Halk Maslahatyna hemişelik agzalyk hukugyny berýär.
Türkmenistanyň gaýtadan esaslandyrylan Halk Maslahatynyň düzümi döwlet häkimiýetiniň ähli ulgamlaryny – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň ýolbaşçylaryny özünde jemleýär.
Täze üýtgetmelere laýyklykda, Halk Maslahatynyň düzümine Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň prezidenti, Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ýokary kazyýetiň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri we beýlekiler girýär.
Halk Maslahatynyň başlygy Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär.
Täze konstitusion kanuna laýyklykda, eger Halk Maslahatynyň başlygy haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, Halk Maslahatynyň başlygynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň prezidentine geçirilýär. Şol bir wagtda, täze kanunçylyga laýyklykda, eger Türkmenistanyň prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä, öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, prezidentiň ygtyýarlyklary Halk Maslahatynyň başlygyna geçýär.
Türkmenistanda bu wezipeleriň ikisine-de ata we ogul Berdimuhamedowlar eýeçilik edýärler. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen soňky üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň fonunda, şu günler döwlet edara-kärhanalaryndan iki Berdimuhamedowyň ikisiniň-de portretlerini öňe çykarmak talap edilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan intelligensiýa wekilleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen nobatdaky üýtgetmeleri Baş kanunyň we türkmen kanunçylygynyň Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan depelenmegi hökmünde kabul edýändiklerini aýdýarlar.
Intelligensiýa wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky göçümler bilen öz hökümdarlygyny berkidýändigini, mart aýynda prezident yglan edilen oglunyň bolsa, mertebesini peseldýändigini aýdýarlar.
Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan käbir ýerli synçylar Serdar Berdimuhamedowyň prezident yglan edilmeginiň yz ýany geçen döwrüň dowamynda bankomatlardaky nagt ýetmezçiligi we çörek gytçylygy ýaly habarlaryň uly Berdimuhamedowyň prezidentlik döwri bilen deňeşdirilende egsilendigini aýdýarlar. Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär.
“Gurbanguly Berdimuhamedow wezipäni öz oglundan gysganýan ýaly bolup görünýär” diýip, bir ýerli intelligensiýa wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Türkmenistanda prezident wezipesi 2022-nji ýylyň martynda Gurbanguly Berdimuhamedowdan onuň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum