Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede türkmen zenany bäbegini penjireden zyňdy. Ol özüne bildirilýän aýyplamany ret edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýede türkmenistanyň raýaty ýaňy doglan bäbegini penjireden zyňdy. Munuň bilen bagly 22 ýaşly zenana “bilkastlaýyndan adam öldürmek” aýyplamasy bildirildi. Şol bir wagtda, Sewara Bahramowa özüne ýöňkelýän etmişi ret edýär.

Türk mediasynyň maglumatyna görä, hadysa 31-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ir sagat 4-ler töweregi Stambulyň Bahçeliewler sebitinde ýüze çykypdyr. Talatpaşa köçesiniň ugrundaky jaýyň penjiresinden ýere atylan torbanyň içinden bäbek tapyldy. Munuň üstüni açan golaýdaky adamlar dessine polisiýa habar berdiler.

Sebite gelen polisiýa ýaňy doglan bäbegi şol binada tämizleýji bolup zähmet çeken, Türkmenistanyň raýaty Sewara Bahramowanyň zyňandygyny anyklady. Maglumata görä, ol çagasy doguldygy dessine ony torba dolap zyňypdyr.

Ýaňy çaga dograndygy sebäpli keselhanada bejergi berlenden soň, Bahramowa sorag üçin ýerli polisiýa edarasyna eltildi. Ol çaganyň ilki öli doglandygyny, şondan soň gorkup, ony zyňandygyny aýdypdyr.

“Men göwrelidigimi bilmeýärdim. Birden agyrlar başlandy. Soňra-da çaga doguldy. Bäbek öli çykdy. Men gorkup, ony torba saldym we aşakda goýup gaýtdym. Aýyplamalary kabul etmeýärin. Men öldürmedim” diýip, türk mediasynda Bahramowanyň soragdaky sözleri getirilýär.

Mundan soň şübheli Bahramowa Bakyrköýdäki adalat edarasyna getirildi. Sud “bilkastlaýyndan adam öldürmek” aýyplamasy boýunça ony tussag astyna almak hökümini çykardy.

Eger-de sud diňlenişiginiň dowamynda onuň günäsi subut edilse, türkmenistanly zenana 9 ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Azatlyga ýerli polisiýa we adalat edaralaryndan Bahramowanyň işi bilen bagly häzirlikçe maglumat almak başartmady. Bu ýagdaý boýunça Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy bilen hem habarlaşyp bolmady.

Azatlyk Bahramowanyň soňky ykbalyny yzarlamagy dowam etdirer.

Soňky ýyllarda Türkiýäniň metbugat serişdelerinde türkmen migrantlarynyň ady bilen çykýan jenaýat habarlary yzygiderli çap edilýär.

Türkmen hökümeti we media serişdeleri ne bu jenaýatlar, ne-de daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada maglumat berip, mesele gozgaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG