Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda gyrgyzystanly aýaly öldürmekde aýyplanýan türkmen raýaty tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistanyň bir raýaty gyrgyzystanly aýalyň bokurdagyny kesip öldürmekde aýyplanyp, tussag edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri habar berýärler.

"Haberler.com" neşiriniň 4-nji martda çap eden habaryna görä, 1-nji martda Ümraniýe etrapçasynda türkmen raýaty halaşýan aýalydygy aýdylýan gyrgyz zenany bokurdagyndan pyçaklaýar.

Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri gyrgyzystanly zenanyň ölendigini anyklaýarlar. Polisiýa wakanyň bolan ýerinden gaçan türkmenistanly şübhelini öýünde tussag etdi diýlip, habarda bellenilýär.

Türk metbugat serişdelerinde şübheliniň we merhumyň atlarynyň we familiýalarynyň diňe baş harplary köpçülige mälim edilýär. Onda türkmen raýatynyň (A.U.) 37 ýaşynda we gyrgyz zenanynyň (A.A.) 41 ýaşyndadygy hem bellenilýär.

Maglumata görä, türkmenistanly şübheli polisiýada soraga çekilenden soň, kazyýete çykaryldy. Bu ýerde ol söýgülisini özüniň öldürmändigini, onuň iki adam tarapyndan öldürilendigini we wakada ulanylan pyçagyň zor bilen özüne berlendigini öňe sürdi.

"Kazy şübheli A.U-nyň "bilkastlaýyn öldürmek" jenaýaty bilen tussag edilmelidigi barada karar çykardy" diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, habarda 24-nji fewralda türkmenistanly raýatyň özüni ýenjendigi barada gyrgyz zenanyň polisiýa ýüz tutandygy we şikaýat arzasyny tabşyrandygy hem bellenilýär. Şonda polisiýa tarapyndan saklanan türkmen raýaty "kazyýet gözegçiligi şerti" bilen boşadylýar.

Azatlyk Radiosy tussag edilen türkmenistanly raýatyň soňky ykbaly, onuň sud işiniň dowam edip etmeýändigi, ýyl kesilip kesilmändigi barada Ümraniýe etrapçasynyň polisiýa bölüminden maglumat almaga synanyşydy. Telefona jogap beren resmi bu barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerine maglumat berip bilmeýändiklerini aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň ýitileşmeginiň arasynda, ýüz müňlerçe türkmen raýaty iş gözläp, daşary ýurtlara çykdy. Türkiýe bu döwletleriň başynda gelip, bu ýurtda 125 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Ýöne synçylar Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sanynyň bu görkezijiden has ýokarydygyna ynanýarlar.

Soňky ýyllarda Türkiýäniň metbugat serişdelerinde türkmen migrantlarynyň ady bilen çykýan jenaýat habarlary yzygiderli çap edilýär.

Synçylaryň käbiriniň pikiriçe, türkmenleriň ýurduň daşynda baş goşýan jenaýatlary, bir tarapdan öz aň-düşünjeleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlar, režimiň halky pulsuz, işsiz we basyşda saklamagy, soň ol ýagdaýdan çykan adamlaryň täze durmuşda özüne orun tapmazlygy bilen baglanyşykly bolup görünýär.

Beýleki tarapdan, soňky döwürde Türkiýede kyn şertlerde ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylaryň köpüsiniň, pandemiýa aladalarynyň arasynda, işlerini ýitirip, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan hiç bir kömek ýa goldaw alyp bilmeýärler.

Bu ýagdaýlar ugruny ýitiren, çykalga gözleýän köp adamyň her hili howply işlere baş goşmagyna, dürli sebäplerden, şol sanda käte öz janlaryna kast edip ölmeklerine hem getirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşýän migrantlar aýdýar.

Türkmen hökümeti we media serişdeleri ne bu jenaýatlar, ne-de daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada maglumat berip, mesele gozgaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG