Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýy saklanyp galýar, Amyderýa goraghanasynyň bir bölegini suw basdy


Adatdan daşary sowuk howa zerarly, Amyderýada buzluklar emele geldi.
Adatdan daşary sowuk howa zerarly, Amyderýada buzluklar emele geldi.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde Amyderýanyň suwunyň joşmak howpuna garşy hüşgärlik ýagdaýy dowam edýär. Derýanyň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly obasyndan geçýän böleginde adatdan daşary ýagdaý saklanyp galýar. Sebitiň administratiw merkeziniň jemagat gulluklarynyň işgärleri suw joşmalaryna garşy derýanyň kenaryny galdyrmak işlerine ýardam bermek üçin Gabakly obasyna ugradylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji ýanwarda sebitde howsala ýagdaýynyň dowam edýändigini, häzirki wagtda esasy ünsüň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Gabakly obasyna gönükdirilýändigini habar berdiler.

Bu ýagdaý Gabakly obasynda derýanyň suwunyň kenardan agmagy bilen esaslandyrylýar. Amyderýa goraghanasynyň Gabakly obasynyň çäklerini öz içine alýan bölegini hem suw basypdyr.

Amyderýa goraghanasynyň Dänew, Darganata we Çärjew etraplarynda ýerleşýän Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri 50 müň gektar töweregi meýdany tutýar.

Şu günler Gabaklyda Amyderýanyň kenaryny götermek işlerine çekilýän jemagat gullugynyň işgärleri içi gum bilen doldurylan haltalar bilen kenary berkitmäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Mundan ozal, geçen hepdäniň ahyrlarynda derýanyň kenaryny berkitmek işlerine agyr tehnikalar, ýük ulaglary we tekerli ekskawatorlar çekildi.

Ýöne suw basan ýerlerde tehnika netije görkezip bilmeýär diýip, jemagat gullugynyň işgärleri aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary 23-nji ýanwarda 200-den gowrak işgäriň ýörite awtobuslarda Türkmenabat şäherinden Gabakly obasyna iberilendigini habar berýärler. Ýöne awtobuslar suw basan sebitlere baryp bilmeýär, jemagat gulluklarynyň işgärleri 6 kilometr töweregi ýoly pyýada geçmeli bolýarlar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 22-nji ýanwarda ýokary wezipeli hökümet resmileriniň, wise-premýerleriň, dikuçarda Gabakly obasyna baryp, adatdan daşary ýagdaý boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşandyklaryny habar berýärler.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky birnäçe hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy aşa sowady. Adatdan daşary sowuk howa zerarly, Amyderýada buzluklar emele geldi. Soňky birnäçe günüň dowamynda howanyň öňküsinden sähel maýlap başlamagy bilen, buzluklar eräp, uly buz bölekleri derýanyň akymynyň ugry bilen aşaklygyna süýşüp başlady.

Derýanyň Kerki şäherinden, Türkmenabat şäherinden geçýän ugry bilen bölünip gaýdan buz bölekleri akabanyň aşaky hanasyna tarap süýşüp, derýanyň Seýdi şäheri bilen Darganata sebitine golaý aralykdaky ýiti öwrüminde üýşüp başlady. Bu ýagdaý häkimiýetleri suw joşmalaryna garşy hüşgärlik derejesini ýokarlandyrmaga iterdi.

Amyderýanyň Merkezi Aziýadaky akabasynyň ugrunda adatça bahar aýlarynda wagtal-wagtal iri suw joşmalary hasaba alynýar. Ýöne soňky birnäçe hepdäniň dowamynda sebite aralaşan sowuk howanyň yz ýany, aýazyň egsilip, derýada emele gelen buzluklaryň eräp başlamagy suw joşmalary bilen bagly howpy güýçlendirdi.

Bu aralykda, Amyderýanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän böleginde suw joşmalaryna garşy hüşgärlik ýagdaýy beýleki käbir sebitlerde hem güýçlendirilýär.

Türkmenabat şäheriniň ilat arasynda “Ýokarky Kerkinka” atlandyrylýan şäherçesinde hem Amyderýanyň suwunyň joşmak howpy bilen bagly howsala ýagdaýy saklanyp galýar.

Azatlygyň habarçylary Türkmenabadyň derýanyň ýakasynda ýerleşýän sebitlerinde agyr tehnikalaryň göze ilýändigini, ýük ulaglarynyň derýanyň kenarlaryna gum daşaýandyklaryny, kenarlary götermek işlerinde ekskawatorlardan peýdalanylýandygyny habar berýärler.

Dünýäde klimatyň üýtgemegi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde soňky birnäçe ýylyň dowamynda güýçli tebigy hadysalar, şol sanda tupanlar we harasatlar hasaba alyndy.

Merkezi Aziýanyň iň uzyn derýasy bolan Amyderýa Türkmenistanyň gündogar çüňküne golaý sebitlerden ýurduň çägine girýär. Suwuň akabasy Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Halaç, Hojambaz we Saýat etraplarynyň ugry bilen akyp, Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň deňinden geçýär we Dänew hem-de Darganata etraplaryna tarap akýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG