Garagum derýasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan geçýän böleginiň akabalarynda emele gelen buzluklaryň eremegi netijesinde Niçka obasyndaky käbir hojalyklaryň mal ýataklaryny suw basdy. Bu aralykda, häkimiýetler sebitde suw joşmalaryna garşy güýçli depginde taýýarlyk işlerini geçirip başladylar. Bu işlere ýörite hünärmenler bilen bir hatarda, welaýatyň býujet işgärleri mejbury çekilýärler. Resmi görnüşde yglan edilmedik adatdan daşary bu çäreler ýokary derejedäki hüşgärlikden we howsala ýagdaýyndan habar berýär.
Türkmenistanda iki hepde gowrak wagt bäri dowam edýän, adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa ýurduň çäginden geçýän Amyderýada we Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Soňky günlerde howanyň esasanam gündizlerine sähel maýlap başlamagy bilen, häkimiýetleriň buzlaryň eräp, suwuň joşmak howpy babatdaky aladalaryny artdyrdy.
Bu aladalaryň arasynda, geçen hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmengalanyň çäginde ýerleşýän “Zähmet” daýhan birleşigine degişli Niçka obasynda 10-dan gowrak hojalygyň mal ýatagyny suw basdy.
"Bu hojalyklar we olaryň mal ýataklary Garagum derýasynyň golaýynda ýerleşýär. Mallaryň zyýan çekenleriniň anyk sanyny bilmeýärin. Ýöne häzirki wagtda ýaş çagaly maşgalalaryň azyndan 30 sanysy obany wagtlaýyn terk edip, golaý etraplardaky dogan-garyndaşlarynyňka gitdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 23-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Köp ýaşaýjy derýanyň buzlary eräp başlasa, onda tutuş obanyň suwuň aşagynda galmak howpunyň bardygyny aýdýar. Olar döwlet tarapyndan hiç hili kömek berilmeýändigini belläp, özleriçe çäre görmäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar.
"Derýanyň golaýyndaky hojalyklar halta satyn alyp, onuň içine çäge guýup, jaýlaryň ýanynda goýýarlar. Suw agmaz ýaly ullakan emeli böwet ýasaýarlar. Oba ýaşaýjylary biri-birine kömek edýärler. Köp hojalyk mundan üç ýyl ozal gelen silde weýran bolan öýlerini ýaňy dikeldipdi" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Häkimiýetler niçkalylara hemaýat etmese-de, geçen hepdäniň ahyrynda daýhan birleşigiň çägindäki "Üçajy" atly ýerde suw joşmalaryna garşy güýçli depginde taýýarlyk işlerini geçirip başladylar.
"Emele gelen buz bölekleri derýanyň akymyny ýuwaş-ýuwaşdan üýtgedýär. Şol akymyň öňüne haltalar, kerpiç önümleri goýulýar. Ýöne akymyň öňüni heniz doly ýapyp bolmady. Uly ýük daşaýan kamazlar gijesi bilen derýanyň gapdalynda işleýärler" diýip, habarçy akymlar doly ýapylmasa, onda köp ýaşaýyş jaýyny we ekerançylyk ýerlerini suw basmak howpunyň abanýandygyny hem aýtdy.
Ýagdaýdan habarly çeşmelerimiz bu ýere welaýatyň ähli künjeginden agyr tehnikalaryň, gum we benzin daşaýjy, tiz kömek ulaglaryň hem iberilendigini aýdýarlar.
Mundan başga-da, bu işlere welaýatyň dürli edara-kärhanalaryndan býujet işgärleri hem mejbury çekilýär. Iki-üç günlük iberilýän işgärleriň arasynda mugallymlar, gaz edaralarynyň we jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri, tehniki we elektrik işgärler bar.
"Müňe golaý býujet işgäri gezekleşip şu ýerde işleýär. Esasanam ýaş oglanlar iberilýär. Olar 'Rawnina' atlandyrylýan çöl meýdanynda dikilen harby çadyrlarda galýarlar. Olar çadyryň içinde ot ýakyp, ýylynyp gün görýärler. Şol bir wagtda, sebite iberilen ýokary derejeli döwlet resmileri daýhan birleşigiň golaýynda ýerleşýän 'Jojukly' myhmanhanasyna ýerleşdirildi" diýip, habarçy aýtdy.
Harby çadyr ýetmedik býujet işgärleri daşarda odun, sazak, ýylgyn ýakyp ýylynyp, gün görýärler. Bu işlere çekilen maryly bir býujet işgäri anonimlik şertinde beren maglumatynda özleriniň haltalary gumdan, çägeden doldurmak işlerini amala edendiklerini gürrüň berdi.
"Her haltanyň içine çäge salyp, konteýnerleriň içine basýarys. Konteýnerler çägeden dolansoň, ony "Komatsu" kysymly buldozer bilen derýanyň joşup, suw agýan ýerine itekleýäris. Emma içi gumly konteýnerleri hem suw itekläp alyp gidýär. Býujet işgärlerine hiç bir ýatyp dynç almaga wagt berilmeýär. Arasynda işden çykarsaňyzam çykaryň diýip gaýdasyň gelýär, ýöne derýanyň golaýyndaky ildeşlerimize abanýan howpy görüp, olaryň kyn gününde taşlap gaýdasyň gelmeýär. Öz-özümizi köşeşdirip, işimizi dowam etdirýäris" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Häkimiýetler bu ýerde alnyp barylýan işleriň halk köpçüligine ýaýramazlygy üçin-de berk çäre görýärler. Sebitde kanun goraýjy edaralaryň işgärleri nobatçylyk çekýärler. Olar bu ýere barýan adamlaryň ählisini sanawa alýarlar we nobatçylyk gutarandan soňra, olaryň mobil telefonlaryny barlaýarlar.
"Işgärlere Üçajyda bolýan hadysalary surata ýa wideo almak, şeýle-de bular barada gürrüň bermek gadagan edildi. Telefonda üýtgeşik surat ýa-da wideo bolsa, olary pozdurýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Mundan başga-da, bozulan tehnikalar gizlin ýollar arkaly welaýat merkezine iberilýär. "Adamlaryň ünsüni çekmezlik üçin, olara döwülen tehnikalary görkezmejek bolýarlar" diýip, býujet işgäri sözüne goşdy.
Häkimiýetler Garagum derýasynyň golaýynda ýerleşýän hojalyklara öýlerini wagtlaýyn terk etmegi hem tabşyrdylar. Ýöne resmiler olary ýaşar ýaly wagtlaýyn jaý bilen üpjün etmediler.
Sebit ýa ýurt resmileri, şeýle-de berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu çäreler barada aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne bular prezident Serdar Berdimuhamedowyň Garagum derýasynda buz gatlagynyň dörändigini, şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezident bu barada 19-njy ýanwarda sebite eden saparynyň çäginde belläp geçipdi.
Ýatlatsak, Garagum derýasynyň kenaryndaky ýaly çäreler Amyderýanyň Lebap welaýatynyň Dargatana etrabyndan geçýän böleginde hem geçirilýär. Geçen hepdäniň penşenbe güni Azatlygyň sebitdäki habarçysy býujet işgärleriniň onlarçasynyň Darganata şäherçesine iberilendigini we olaryň suw joşmalaryna garşy taýýarlyk işlerine gatnaşdyrylýandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum