Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti döwlet sapary bilen Hytaýa bardy


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-nji ýanwarda döwlet sapary bilen Hytaýa bardy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmen prezidentiniň 5-6-njy ýanwarda Hytaýa amala aşyrýan ilkinji döwlet saparynyň dowamynda "ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar" diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi çarşenbe güni geçirilen hökümet mejlisine salgylanyp habar berýär. Bilermenler ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy ugrunyň energiýa meselelerine gönükdirilmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Hökümet mejlisiniň dowamynda prezident Berdimuhamedow “taraplaryň tagallalary netijesinde strategiki häsiýete eýe bolan” türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijelidigini aýtdy.

Hytaý Türkmenistanyň iň esasy energiýa müşderisidir. Şol bir wagtda, Türkmenistan Hytaýa geçiriji arkaly iberilýän tebigy gazyň iň esasy üpjünçisi bolup durýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Hytaý meseleleri boýunça bilermeni Rid Stendiş 5-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasy ugrunyň energetika hyzmatdaşlygyna, hususan-da, gaz söwdasyna gönükdirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, bu möhüm sapar, sebäbi bu Serdar [Berdimuhamedowyň] prezident bolaly bäri, Hytaýa amala aşyrýan ilkinji sapary bolup durýar. Ol, elbetde, şu wagta çenli dürli sammitleriň çäklerinde Szi Szinpin bilen ýüzbe-ýüz duşuşdy. Şeýle-de, ol heniz prezident bolmazdan ozal, Hytaýa sapar eden türkmen wekiliýetiniň hatarynda prezidente ýoldaşlyk etdi. Bu sapar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan-da beýläk dowam etdirilmeginiň meýilleşdirilmegi babatynda bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, Hytaý bilen Türkmenistan aradaky gatnaşyklarda agdyklyk edýän esasy faktor energetikadyr, hususan-da tebigy gaz” diýip, Stendiş aýtdy.

Hökümetçi türkmen neşirleriniň Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp, habar bermeklerine görä, geçen 11 aýyň dowamynda Hytaý Türkmenistandan 9,28 milliard dollarlyk tebigy gaz satyn alypdyr. Türkmenistan “A”, “B” we “Ç” şahaly Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi arkaly bu ýurda gaz eksport edýär. Taraplar geçirijiniň “D” şahasyny işe girizmek ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

AÝ/AR-yň Hytaý meseleleri boýunça bilermeni Rid Stendiş
AÝ/AR-yň Hytaý meseleleri boýunça bilermeni Rid Stendiş

Rid Stendiş Azatlyk bilen söhbetdeşlikde türkmen prezidentiniň döwlet saparynyň dowamynda tebigy gazyň bahasy we geçirijiniň “D” şahasy bilen bagly meseleleri gozgamagyna garaşylýandygyny gürrüň berdi.

“Saparda üns berilmeli iň esasy mesele, meniň pikirimçe, türkmenler hytaýlardan käbir meselelerde goldaw islär, özlerine goltgy berilmegini islär. Elbetde, olaryň hatarynda iň esasy mesele “D” şahasynyň işiniň ilerledilmegi bolup durýar. Bu mesele ikitaraplaýyn gepleşiklerde köplenç gün tertibine getirilýär. Şeýle-de, meniň pikirimçe, Türkmenistan gazyň bahasy boýunça gaýtadan ylalaşmaga umyt bildirýär. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň, beýlekiler bilen deňeşdirilende, öz gazyny arzan bahadan satýandygyna ynanylýar. Elbetde, geçirilýän gepleşikler we ylalaşyklar bilen bagly jikme-jiklikler örän seýrek ýagdaýda köpçülige aýan edilýär. Ne türkmen hökümeti, ne-de hytaý hökümeti, şular ýaly meselelerde aç-açanlyk edip bilýär” diýip, bilermen aýtdy.

Ol, muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň tebigy gazyň bazar bahasyny götermäge umyt baglaýandygyny, şeýlelikde döwlet girdejilerini artdyrmagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanyň iň esasy girdeji çeşmesi energetika eksportlary bolup durýar. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylda işe girizildi. Hytaý bilen arada ýola goýlan energiýa hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň gaz eksportlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna mümkinçilik döretdi. Ýöne, Türkmenistanyň ozalky iň esasy gaz müşderisi Russiýa 2016-njy ýylda türkmen gazynyň importyny bes etdi. Munuň yz ýany, Eýran hem Türkmenistandan gaz satyn almagy wagtlaýyn bes etdi.

Russiýa 2019-njy ýylda Türkmenistan bilen aradaky gaz ylalaşygyny öňküler bilen deňeşdirilende ujypsyz möçberde gaýtadan dikelden hem bolsa, Türkmenistan energiýa söwdasy babatda ýene-ýeke-täk alyja, Hytaýa garaşly boldy.

Bu aralykda, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlary Hytaý bilen goranyş ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip başlady.

Hytaý meseleleri boýunça bilermen Rid Stendiş Azatlyk bilen söhbetdeşlikde prezidentiň Hytaý saparynyň dowamynda Owganystanda parahatçylyk we durnuklylyk meselesiniň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýandygyny gürrüň berdi.

“Men iki günlük saparyň dowamynda Owganystandaky ýagdaýlaryň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny çak edýärin. Bu, elbetde, türkmenleri-de, hytaýlary-da gyzyklandyrýar. Hytaý “Talyban” bilen gatnaşyklary sebäpli, Owganystanda öňküsinden has işjeň diplomatik rol oýnaýar. Şonuň üçin, men bu meseläniň gün tertibine getiriljekdigini çaklaýaryn” diýip, Stendiş aýtdy.

Türkmenistan Hytaý bilen 1992-nji ýylyň ýanwarynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG