Türkmenistan bilen Hytaýyň ýanwar-noýabr aýlaryndaky özara söwda dolanyşygy 10 milliard 123 million amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip, “SalamNews” Hytaýyň baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berýär.
Iki ýurduň diňe noýabr aýyndaky özara söwdasy 1 milliard 148 million dollara deň bolupdyr.
Geçen 11 aýda Hytaý Türkmenistana 787 million dollarlyk eksport edipdir. Bu ugurda diňe noýabr aýyndaky görkeziji 96 million amerikan dollaryndan geçýär diýip, habarda aýdylýar.
Bu döwürde Türkmenistanyň Hytaýa eden eksportynyň möçberi 9 milliard 336 million dollara barabar bolup, Aşgabadyň bu ýurda diňe noýabr aýyndaky eksportynyň möçberi pul hasabynda 1 milliard 52 million dollardan gowrak.
Türkmenistanyň Hytaýa edýän eksportynyň esasy bölegini geçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz tutýar. Türkmenistan bu döwürde Hytaýa umumy bahasy 9,28 milliard dollarlyk tebigy gaz iberipdir.
Habarda Hytaýa esasan çig mal satýan Türkmenistanyň bu vurtdan import edýän harytlary anyklaşdyrylmaýar.