Gündogar Gazagystan sebitinde, ýaşaýjylaryň protestleri netijesinde, ýyl başyndan başlap, Sarybulak ýatagyndan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň eksporty bes edildi.
Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna ýerli aktiwistleriň beren maglumatyny Zaýsan etrabynyň ýolbaşçylary hem tassyk etdi.
“Mundan öň häkimlik baglaşylan ylalaşygyň möhletiniň ýylyň ahyrynda gutarjakdygyny we Hytaýa gaz satmagyň bes ediljekdigini aýdypdy. Biz bu pursatdan peýdalanyp, kompaniýa gitdik (“Тарбағатай Мұнай» ” – redaktoryň belligi), olar biziň talaplarymyz bilen ylalaşdylar. Turbalary düzetmek işi bäş-alty sagat dowam etdi. 31-nji dekabr agşamy ol ýere baryp, ir sagat üç töwereginde gaýdyp geldik" diýip, etrabyň ýaşaýjysy Ashat Smagulow gürrüň berdi.
Zaýsanyň ýaşaýjylary mundan öň sebitdäki obalaryň birnäçesinde dowam edýän gaz ýetmezçiligine salgylanyp, Hytaýa gaz iberilmegine garşy birnäçe gezek protest bildirdi.