Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

17-nji dekabrda Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy. Bu barada hökümetçi "Turkmenportal" neşiri habar berýär.

"Ilat ýazuwy ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolýar" diýip, neşir ýazýar.

27-nji dekabra çenli dowam etjek ilat ýazuwy "Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!" şygary astynda geçirilýär.

Hökümetçi neşir ählihalk çäresiniň esasy wezipesiniň ýurduň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny hem nygtaýar.

"Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär" diýlip, maglumatda aýdylýar.

Öňki ýyllarda ýurduň ilat sanynyň depginli ösýändigini öňe süren türkmen häkimiýetleri 2012-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etmediler.

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň 2019-njy ýyldaky maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adam Türkmenistany terk edipdir.

XS
SM
MD
LG