Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna ýene nägilelik bildirdi. Bu, prezidentiň soňky 10 günüň dowamynda pagta ýygymynyň depginini tankytlamagy bilen bagly ikinji waka boldy. Bu habarlaryň arasynda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerine jemgyýetçilik awtobuslary çekilýär. Bu aralykda, pagtaçy kärendeçiler bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.
Türkmen prezidenti 25-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna we welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurduň ençeme etrabynda pagta ýygymynyň derejesiniň pesdigini aýtdy.
TDH-nyň türkmen liderine salgylanyp beren maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň Kaka, Sarahs, Tejen etraplarynda, Lebap welaýatynyň Döwletli, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda, Mary welaýatynyň Oguzhan, Wekilbazar, Murgap etraplarynda we Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent, Akdepe, Boldumsaz etraplarynda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak işleri pes derejede alnyp barylýar.
25-nji oktýabrda prezidentiň gol çeken karary bilen Agajan Bekmyradow, "işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýlen kesgitleme esasynda, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Azatlyk Bekmyradowyň işden boşadylmagynyň, prezidentiň pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna nägilelik bildirmegi baglanyşyklydygyny ýa däldigini anyklap bilmedi.
Türkmenistanda berk döwlet gözegçiligi astynda saklanýan pagta önümçiligi ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasy özenleriniň biri hasaplanýar.
Bellesek, prezident pagta önümçiligindäki möhüm möwsümi, ýagny pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak işleriniň pes derejede alnyp barylmagyny soňky 10 günüň dowamynda ikinji gezek tankyt etdi. Prezident 16-njy oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk tehnikalary, kabul ediş harmanhanalary, pagta arassalaýjy kärhanalary bökdençsiz işledilmelidir hem diýipdi.
22-nji oktýabrda bolsa prezidentiň kakasy, ýurduň öňki prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häkimleriň iş alyp barşyna nägilelik bildirip, pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy.
Bu habarlaryň arasynda, Balkanyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar.
"Şu gün Balkanabat, Gumdag, Bereket, Serdar we Magtymguly şäherleriniň býujet işgärleri köpçülikleýin pagta alnyp gidilýär. Olaryň arasynda saglyk, bilim, transport pudaklarynyň, jemagat hojalygy müdirliginiň we oba hojalygy tehnika hyzmat bölümleriniň işgärleri bolup, olar köplenç ýatymlaýyn ugradylýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran balkanly býujet işgäri 25-nji oktýabrda aýtdy.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, býujetçiler Serdar we Bereket etraplaryndaky gowaça meýdanlaryna alnyp gidilýärler. Pagta ýygymyna gatnaşmakdan ýüz öwürýän işgärlere, adatça bolşy ýaly, işden kowuljakdygy barada haýbat atylýar.
Býujet işgärleri sebit häkimiýetleriniň bu tagallalary güýçlendirmeginiň sebäbiniň ýurduň häzirki we öňki prezidentleriniň pagta ýygymynyň depginine nägilelik bildirmegi bilen baglanyşyklydygyny hem aýtdylar.
"Geçen hepdäniň başynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we hepdäniň ahyrynda onuň kakasy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylmagyndan nägile boldy. Şondan soňra welaýat häkimi pagta ýygymyny tiz tamamlamak üçin elinde bar bolan işçi güýjüni doly ulanyp başlady. Ol býujet işgärlerine zor bilen bolsa-da, pagta ýygdyrmak barada buýruk berdi" diýip, býujet işgäri aýtdy.
Habarçymyz býujet işgärleriniň mejbury pagta ýygymyna mundan ozal hem çekilendigini, ýöne häzirki ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe bolmandygyny, ýagny edaradaky tas ähli işgärleriň gatnaşdyrylmandygyny hem sözüne goşdy.
Onuň maglumatyna görä, welaýat we etrap hassahanalarynyň saglyk işgärleri hem köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilýär. Häzirki wagtda köp keselhananyň her bölüminde diňe bir lukman we bir şepagat uýasy işleýär.
"Näsaglara seretmekde kynçylyk emele geldi. Bir lukman bilen bir şepagat uýasy näsagalaryň talabyny ödäp bilmeýär" diýip, bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Welaýatyň häkimiýetleri býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerinde jemgyýetçilik awtobuslaryndan peýdalanýarlar. Habarçymyz bu ýagdaý sebäpli şäherlerdäki we etraplardaky jemgyýetçilik awtobuslarynyň köpüsiniň öz gatnawyny togtadandygyny aýdyp, munuň adaty ilatyň transport gatnawynda bökdençlikleri döredýändigini belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden we onuň oba hojalygy hem-de saglygy saklaýyş bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.
Bu çykyşlaryň arasynda, pagtaçy kärendeçiler bu ýyl gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny habar berýärler.
"Etraplaryň gowaça meýdanlarynda pagta tas ýok. Mejbury ýygym bilen, pagta hasylynyň köpelmejekdigi belli zat" diýip, balkanly kärendeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Ýatlatsak, şu ýylyň iýun we iýul aýlarynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde anomal yssy howa şertleri höküm sürdi. Käbir günlerde howanyň temperaturasy 48 gradusa çenli ýokarlandy. Şonda Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary yssy howanyň we ýiti suw ýetmezçiliginiň gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçileri we daýhan hojalyk eýelerini alada goýýandygyny habar berdiler.
Türkmenistanyň häkimiýetleri pagta önümçiliginde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanylýandygyny, şol sanda pagta hasylyny ýygnap almakda döwrebap kombaýnlaryň ulanylýandygyny aýdýarlar.
Ýöne Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini ýa-da olardan ýygym üçin pul toplanylýandygyny awgust aýyndan bäri habar berip gelýärler.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda berk tankyt edýärler. Türkmen hökümeti tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum