Prezident pagta ýygymynyň depginini ýene tankytlady. Balkanda býujet işgärleri köpçülikleýin gowaça meýdanlaryna iberilýär
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda pagta ýygymynyň pes derejede alnyp barylýandygyna ýene nägilelik bildirdi. Bu, prezidentiň soňky 10 günüň dowamynda pagta ýygymynyň depginini tankytlamagy bilen bagly ikinji waka boldy. Bu habarlaryň arasynda, Balkan welaýatynyň häkimiýetleri pagta hasylyny ýygnap almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Şu günler welaýatyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärler köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Býujet işgärlerini pagta meýdanlaryna alyp gitmek işlerine jemgyýetçilik awtobuslary çekilýär. Bu aralykda, pagtaçy kärendeçiler bu ýyl sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň günbatar welaýatyndan maglumat berdi.