Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadan, mobilizasiýanyň arasynda, türkmen migrantlary deportasiýa edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Soňky günlerden bäri Russiýada bikanun türkmen migrantlaryny ýüze çykarmak we olary gysga wagtyň içinde yzyna, Türkmenistana deportasiýa etmek çäreleriniň, Azatlygyň bu ýagdaýlara duçar bolan söhbetdeşleriniň belleýşi ýaly, has güýçlendirilene meňzeýär.

Mundan öň, garaşsyz türkmen neşiri Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň arasynda duçar bolýan şowsuzlyklary sebäpli “bölekleýin mobilizasiýany” yglan edeninden soň, türkmen häkimiýetleriniň bu ýurtdaky raýatlaryny, şol sanda zähmet migrantlaryny yzyna dolamak ugrunda çäreleri taýýarlaýandygy barada habar beripdi.

Bellesek, Russiýa mobilizasiýa yglan edilmezinden öň, ýurduň Ýaragly güýçleriniň hataryna çekmek şerti bilen, zähmet migrantlarynyň rus raýatlygyny almak mümkinçiliklerini ýeňilleşdiripdi.

“Men 5-nji oktýabrda [Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty] Kazan şäherinden ugran uçar bilen Türkmenabada geldim. Ýolagçylaryň arasynda FMS (Federal Migrasiýa Gullugy – red.) tarapyndan derportasiýa edilen on töweregi dagy türkmen bardy. Olaryň ençemesi bilen gürrüňdeş bolanymda, olar häzir Russiýanyň dürli künjeklerinde ele salnan bikanun migrantlaryň Kazana getirilýändigini we şol ýerden her reýs bilen azyndan on türkmen migrantynyň Türkmenistana deportasiýa edilýändigini aýtdylar” diýip, mundan iki gün öň Russiýadan dolanan türkmen raýatlarynyň biri 7-nji oktýabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan edip biljek islendik maglumatyň äşgär edilmezligini soran söhbetdeşimiz Kazandaky wagtlaýyn saklanyş merkezinde türkmen raýatlygy bolan ýüzlerçe migrantyň toplanandygyny we olaryň ählisiniň golaýda deportasiýa edilmegine garaşylýandygyny belledi.

“Gürrüňdeş bolanlarymyň biri deportasiýa merkezindäkileriň köpüsiniň, tas 80% töwereginiň ýaş raýatlardygyny, olaryň uly böleginiň bir wagt talyp hökmünde Russiýa gelip, soňy bilen-de, bikanun hem bolsa, Russiýada ýaşamak kararyna gelendiklerini gürrüň berdiler. Bularyň arasynda Nowosibirsk, Ulýanowsk we beýleki şäherlerde ele salnanlar hem bar eken” diýip söhbetdeşimiz nygtady.

Mundan başga-da, ol 5-nji oktýabrda gelen uçarynyň içinde eli gandally iki türkmen raýatynyň hem bolandygyny, uçar gonan dessine, olaryň polisiýa işgärleri tarapyndan näbelli bir ýere äkidilendigine şaýat bolandygyny hem belledi. Olaryň Türkmenistan tarapynyň haýyşy esasynda Russiýada tussag edilen raýatlardygy çaklanylýar.

Adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň hökümeti, Migrasiýa gullugy, galyberse-de habar serişdeleri Russiýada türkmen migrantlarynyň deportasiýa edilmeginiň ýygjamlaşmagy barada asla maglumat ýa düşündiriş bermeýärler, Azatlygyň bu baradaky soraglaryny hem jogapsyz goýýarlar.

Emma garaşsyz neşirlerde çykan habarlardan çen tutulsa, Russiýadaky türkmen migrantlarynyň deportasiýa edilip başlanmagy, Türkmenistanyň hökümeti bilen utgaşykda amal edilýäne çalym edýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 21-nji sentýabrda rus prezidenti Wladimir Putiniň “bölekleýin mobiliziýasiýany” yglan etmeginden soň, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şol günüň özünde Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly maslahatyny geçirip, beýleki meseleler bir hatarda Russiýadaky türkmen raýatlaryny yzyna gaýtarmak çärelerini 10 günüň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrandygy barada habar beripdi.

Neşiriň öz çeşmelerine salgylanyp 23-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, göz öňünde tutulýan beýleki çäreleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlaryna Ukrainadaky uruşda hakyna tutma ýa-da meýletinçi hökmünde gatnaşmagyna hem gadaganlyk girizmek planlary bar.

Azatlyk bu maglumaty häzirlikçe öz çeşmelerine we habarçylaryna tassykladyp bilmedi.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Hronikasy” 6-njy oktýabrda geçirilen Howpsuzlyk geňeşinde prezident Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini “döwrüň talaplaryna laýyklykda” guramak diýen umumy aňlatmany ulanandygyna, emma munuň bilen aslyýetinde Ukrainadaky konflikti göz öňünde tutan bolmagynyň mümkindigine ünsi çekdi. Adatça bolşy ýaly, türkmen metbugaty mejlisde gürrüňi edilen meseleler we kabul edilen kararlar barada jikme-jik maglumat bermedi, Ukrainadaky uruş we onuň ýetirip biljek täsirleriniň maslahat edilip-edilmändigini hem aýdyňlaşdyrmady.

Ozal habar berlişi ýaly, mobilizasiýanyň öňýany, Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly güýçleriniň hataryna çekmek şerti bilen, zähmet migrantlarynyň Russiýanyň raýatlygyny almak mümkinçilikleri ýeňilleşdirilipdi.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin bolsa, 20-nji sentýabrda, bölekleýin mobilizasiýanyň yglan edilmeginiň bir gün öňünden, daşary ýurt raýatlaryny harby gulluga ibermek meselesinde kömek bermek üçin, Russiýanyň Goranmak ministrligine infrastruktura döredilendigini, onuň Saharowo migrasiýa merkezinde ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

22-nji sentýabrda rus prezidentiniň ýanyndaky geňeşiň agzasy Kirill Kabanow Merkezi Aziýa ýurtlaryndan rus raýatlygyny alanyna 10 ýyl dolmadyklary hökmany harby gulluga çekmek barada taslamanyň taýýarlanýandygyny yglan edipdi.

Resmi maglumatlara görä, 2021-nji ýylda 3 müň 628 türkmen rus raýatlygyny aldy, şu ýylyň alty aýynda bu görkeziji 1 müň 549 adama deň boldy. Russiýada 3 müň 775 türkmenistanlynyň ýaşaýyş rugsady bar. Şol bir wagtda, bu ýurtda bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň has köpdügi bellenilýär.

Russiýada yglan edilen bölekleýin mobilisaziýa, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Moskwanyň goşunlarynyň Ukrainada öz öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirip bilmezligi we köp adam, tehnika ýitirmegi bilen düşündirilýär.

Bu aralykda, 4-nji oktýabrda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň Russiýada yglan edilen bölekleýin mobilizasiýanyň bir bölegi hökmünde harby gulluga çagyrylmaýandygyny, bu barada çykan habarlaryň galpdygyny aýdyp beýanat ýaýratdy.

Mundan öň Russiýanyň Özbegistandaky ilçihanasy, Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasy hem Russiýada wagtlaýyn ýaşaýan merkezi aziýalylaryň mobilizasiýanyň çäginde harby gulluga çagyrylyp bilinmejekdigini aýdypdylar.

Mundan başga, gyrgyz we özbek häkimiýetleri öz raýatlarynyň Ukrainadaky harby konflikte gatnaşmagynyň, hakyna tutulan söweşiji bolmagynyň milli kanunçylyk esasynda jenaýatçylyk hasaplanjakdygyny duýduryp, ýörite beýanat çap etdiler.

Sebitiň beýleki ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan Ukrainadaky uruş barada, şol sanda Russiýada, Ukrainada we beýleki ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen türkmenistanlylar barada açyk maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG