Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede bikanun türkmen migrantlary saklanýar, deportasiýa edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Türkiýeden türkmen raýatlary üçin wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyny soramagyndan soň, Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmen migrantlaryny ýüze çykarmak tagallalary güýçlendirildi. Mundan başga-da, ele salnan türkmen bikanun migrantlary, ozalky tejribelerden tapawutlylykda, gysga wagtyň içinde öz watanyna deportasiýa edilýär.

Azatlygyň bu ýagdaýlary yzarlaýan Türkiýedäki çeşmesiniň maglumatyna görä, 11-nji sentýabrda bortunda 290 türkmen raýatly uçar Stambulyň aeroportundan Türkmenistana ugrapdyr.

“Uçardaky 290 türkmen raýatynyň 50-den gowragy Stambulyň deportasiýa merkezinden getirildi. Olar ýakynda geçirilen reýdleriň netijesinde saklandylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz 12-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine bellesek, Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek hem-de ýokary bilim almak üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýurtda kanuny esasda 230 müňe golaý türkmenistanly ýaşaýar.

Emma garaşsyz çeşmeler hakyky sanlaryň birnäçe esse köpdügini aýdyp, Türkmen hökümetiniň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny degişli wekilhanalarda täzeläp bermeýändigi we diňe kesgitli pasportlaryň möhletini 2024-nji ýyla çenli uzaldýandygy sebäpli, türkmenleriň köpüsiniň bikanun esasda ýaşaýandygyny belleýärler.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçylary we çeşmeleri ozallar türk polisiýasynyň bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmen migrantlaryň meselesine düşünjelilik bilen çemeleşendigini we olary deportasiýa merkezine ýollaman goýberendigini belläp, häzir ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgändigini nygtadylar.

Çeşmelerimiziň biri geçen ýekşenbe güni Stambulyň aeroportunda deportasiýa edilenleriň biri bilen söhbetdeş bolmagy başarandygyny, şeýle-de türk polisiýasynyň olary ilki aldaw ýoly bilen deportasiýa merkezine ýerleşdirendiklerini belledi.

“Men Stambulyň etraplarynyň birinde hakyna tutulan bir otagda ýaşaýardym. Giçlik köçä çykanymda, ýanyma polisiýa gelip, pasportymy we ýaşaýyş rugsadymy sorady. Men olaryň ikisiniň hem möhletiniň geçendigini, maliýe ýagdaýymyň ýoklugy sebäpli wagtynda uzaldyp bilmändigimi düşündirjek boldum. Ozallar polisiýa ýagdaýyňa düşünip goýberýärdi. Bu gezek polisiýa, meni edara alyp gitmelidigini, şol ýerde meni hasaba alnanyndan soňra goýberjekdigini aýtdy. Men ynandym. Emma meni deportasiýa merkezine ýerleşdirdiler we üç günden soň, in-e, Stambulyň aeroportuna getirip, yzyma ýollaýarlar” diýip, 11-nji sentýabrda Türkmenistana deportasiýa edilen raýat çeşmämize gürrüň berdi.

Ol deportasiýa lagerinde bolanda soňky günlerde saklanan başga-da ýüzlerçe bikanun türkmen migrantyna şaýat bolandygyny, olaryň hem ýakyn günlerde ýörite uçar bilen Türkmenistana ugradylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, söhbetdeşimiz deportasiýa edilýänlerden uçar biledi üçin pul alynmandygyny, emma ýurda dolanyp, hökmany karantinden çykan pursatlary, 30 günüň içinde bahasyny aýdyňlaşdyrmazdan bilet pullarynyň öwezini dolmaly boljakdyklary aýdylypdyr.

Bu maglumat boýunça dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň degişli edaralaryndan, şol sanda Daşary işler ministrliginden we Migrasiýa gullugyndan hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Bellesek, geçen hepdäniň ortasynda hem Türkiýeden deprotasiýa edilen 100-e golaý türkmen raýaty Türkmenistana gaýtarylypdy. Türkmen häkimiýetleri bu çäreleri barada dymsalar-da, Azatlygyň çeşmeleri bu soňky özgerişleriň tomsuň dowamynda ýurduna dolanyp bilmeýän müňlerçe türkmenistanlynyň protestleriniň arasynda, türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden raýatlary üçin wiza düzgünini ornaşdyrmagynyň yzýanyna gabat gelendigine ünsi çekýärler. Türkmenistanlylar Türkiýede bir aý möhlet bilen wizasyz galyp bilýärler.

Emma Azatlyk türkmen raýatlarynyň deport edilmegi bilen Türkmenistanyň häkimiýetleriniň wiza düzgüni ornaşdyrmak haýyşynyň arasynda gönümel baglanyşygyň bardygyny ýa ýoklugyny häzirlikçe tassykladyp bilmedi.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegini sorap, Türkiýe döwletine ýüz tutandygyny mälim edipdi.

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda doly aýdyňlaşdyryjy maglumat bolmasa-da, bu türkmen raýatlarynda iki ýurduň arasyndaky wizasyz syýahat düzgüniniň ýatyrylmak ähtimallygy barada aladalary döretdi.

Şol bir wagtda, resmi türkmen häkimiýetlerinden tapawutlylykda, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen wiza düzgünini ornaşdyrmagyna düşündiriş bermäge synanyşdy.

Rus ilçisi Aleksandr Blohiniň 10-njy sentýabrda TASS gullugyna beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň (onuň öz sözleri bilen aýdylanda) dünýäniň ähli döwletleri bilen wiza režimini saklamagy, şol sanda howpsuzlyk jähtlerinden hem ugur alýar. Ol munuň bilen baglylykda, ‘Türkmenistana düşünýändigini’ aýtdy we bu çäreleriň kömegi bilen serhetden galagoply güýçleriň, birinji nobata terroristleriň geçmeginiň öňüni alýandygyny nygtady.

Bellesek, türkmen häkimiýetleriniň wiza düzgünlerine 'düşünýändigini' aýdýan ilçi Blohiniň ýurdy fewralda Ukraina sebäpsiz çozmagyndan bäri, Russiýa daşarky dünýäden barha üzňeleşdirilýär.

Soňky ýyllarda, hususan-da global koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň syýasy we raýat işjeňligi ýokarlandy. Eklenç aladalary sebäpli Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary öz hökümetleriniň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady problemalara çözgüt tapmaýşyndan nägile bolup, Stambulyň dürli sebitlerinde ençeme protest aksiýalaryny geçirdiler.

Türkmen migrantlarynyň arasyndaky protest hereketiniň işjeňleşmeginiň yzysüre, häkimiýetler Türkiýedäki migrantlary nyşana alyp başladylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG