Gazagystanly žurnalisti Nazgul Žarbulowa Täjigistan bilen serhetdäki çaknyşyklar netijesinde öýlerini terk etmäge mejbur bolan gyrgyz raýatlary kömek serişdelerini ýygnamak işine başlady.
Bir gije-gündiziň dowamyndan toplanan serişdäniň mukdary bir million teňňe (takmynan 2100 dollar) bolup, bu serişde gyrgyzystanlylara azyk önümlerini we derman satyn almak üçin iberildi.
“Goňşy ýurtda bolup geçýän betbagtçylyga biperwaý garap durmak gaty kyn. Adamlar öýlerini, adaty durmuş, ýaşaýyş şertlerini ýitirenlerinde, olara gyssagly ýagdaýda geýim-eşik, azyk önümleri we derman gerek bolýar. Men olara nähilem bolsa bir goldaw berip bolar diýip oýlandym“ diýip, Žarbulowa aýtdy.
Nazgul Žarbulowanyň sözlerine görä, onuň hasabyna 1 million 656 müň teňňe gelip gowuşdy. Bank çäklendirmeleri sebäpli, günde bir million teňňeden artyk geçirmäge rugsat berilmänsoň, ol Gyrgyzystandaky meýletinçä ilkinji kömek serişdesini iberdi.
"Ysmaýyl, eko-aktiwist we meniň dostum. Ol eýýäm azyk we arassaçylyk enjamlaryny satyn alýar. Soň ol bu zatlary meýletinçileriň baş edarasyna elter“ diýip, Žarbulowa gürrüň berdi.